Güýzüň ortaky aýy. Daşarda sergin howa bar. Agşamara. Çalaja şemal öwüsýär. Detroit şäheriniň merkezinde ýerleşýän, dünýäde uly meşhurlyk gazanan reper (rep aýdymçysy) Eminemiň “Ejemiň spagettisi” (Mom’s Spaghetti) atly restoranyna geldim. Eminemiň bu restoranynda diňe spagetti satylýar. Menýuda bary-ýogy spagettiň alty görnüşi bar. (Biz o tagama aş diýýäris; italýanlar spagetti; hytaýlylar nudl. Ýaponlar bolsa, şol aşa çorba goşup, ramen diýýär).
Restoranyň işgärine Spaghetti Bolognese sargyt edip, oturylýan ýerine geçdim. Bäş minut çemesi wagt geçip-geçmänkä, sargyt eden naharymy getirdiler. Spagettini juda süýji edip bişiripdirler. Restoranyň aşpezi kimem bolsa, oňa göwnüm ýetdi. (Tagamy maňa öň Italiýada iýen spagettimi ýatlatdy.)
Agşamlyk iýenimden soň, restoranyň ýokarky gatynda ýerleşýän ýörite dükana bardym. Bu dükanda Eminemiň aýdym albomlary; plakatlary (uly göwrümli surat); onuň goly goýlan dürli önümler; reperiň aýdymlaryndan sözler ýerleşdirlen egin-eşikler we başgaplary satylýar ekeni. Dükanyň ortarasyndaky uly ekranda bolsa, yzy üzülmän Eminemiň wideo klipleri görkezilip dur.

Awtoryň belligi: Restoranyň ikinji gatyndaky dükanda ýerleşdirlen, Eminemiň wideo klibini görkezýän uly ekran. (suraty düşüren: Beýannama)
Dükanyň satyjysy meni mylakatly garşylady. Oňa, Eminem bu restorana gelýärmi, diýip soradym. Ol maňa Eminem-iň düýn bu ýere gelendigni aýtdy. Bir gün öň baran bolsam, Eminemi ikinji gezek görjek ekenim. (Birinji gezek Eminemi, birnäçe ýyl owal beren konsertinde iň öňdäki hatarda tomaşa edipdim.)
Dükany aýlanyp, öz halan zatlarymy satyn aldym. Şeýle-de Eminemiň aýdymlaryny men ýaly söýüp diňleýän käbir ýakyn dostlaryma bu dükandan ýadygärlik sowgat aldym.

Awtoryň belligi: Restoranyň ikinji gatyndaky dükanda Eminemiň suraty we ady ýerleşdirlen egin-eşikler. (suraty düşüren: Beýannama)
Eminem "Mom's Spaghetti" restoranyny 2002-nji ýylda çykaran “Lose yourself” aýdymyndaky “His palms are sweaty/ Knees weak, arms are heavy/ There's vomit on his sweater already/ Mom's spaghetti” sözlerinden ylham alyp, 2021-nji ýylda açypdyr. (Maňa bolsa, restoran açylandan bir ýyl soň baryp, spagetti iýmek nesip etdi.). Eminem soň bu restorany Nýu Ýork, Los Anjeles we Er-Riyad şäherlerinde hem açypdyr.
Eminemi (hakyky ady: Marshall Bruce Mathers III) dünýäde tanamaýan ýok. Ol repi dünýädäki millionlarça adama söýdürip, diňletmegi başardy. Meň pikirimçe Eminem, repiň taryhynda Tupac-dan (2pac) soňky ikinji orundaky, ady rowaýata öwrülen reper. Eminem rep sungatynda düýpli yz goýan ýyldyz. Onuň “Lose yourself”, “Stan”, “Without me”, “Mockingbird”, “Rap God” ýaly meşhur hitlerini diňläp görmedik megerem ýokdur. Eminem 2013-nji ýylda çykaran “Rap God” atly aýdymy bilen Ginnesiň Rekordlar kitabyna-da (“iň köp söz bolan hit aýdym”) girdi. Bu aýdymyň iň depginli 15 sekuntlyk böleginde Eminem sekuntda 6.46 söz (jemi 97 söz) aýdýar. Eminem, soň çykaran “Godzilla” aýdymynda, sekuntda 7.5 söz aýdyp, öz öňki rekordyny täzeledi.
Türkmen rep sungaty diýlende ilki ady agzalýan Azat Orazow Eminemiň meşhur “Without me” aýdymyna türkmen dilinde söz ýazyp, “Suw sep” ady bilen ýerine ýetiripdi. Ildeşlerimizden Azat Orazyň aýdan bu aýdymyny eşidip görmedik megerem ýokdur.
DETROIT ŞÄHERI BARADA KELAM AGYZ
Detroit şäheri ABŞ-yň awtoulag senagatynyň merkezi hasaplanýar. Bu şäherde dünýäde meşhur bolan Ford, GM (General Motors) we Stellantis (Chrysler) kompaniýalarynyň awtoulag önümçiligi boýunça uly zawodlary ýerleşýär. (Men bu şäherde ýerleşýän Forduň awtoulag muzeýine-de aýlanyp gördüm, emma bu barada, geljekde başga bir ýazgyda gürrüň ederis).
Eminem meşhur “8 mile” aýdymyny Detroit şäheriniň iň esasy köçeleriniň biri bolan “8 Mile Road” atly şaýolyndan ylham alyp ýazypdyr. Eminem bu aýdymynda öz çagalyk döwri barada-da gürrüň berýär. Detroit şäherindäki “8 Mile Road” şaýoly, şäheriň ýaşaýjylary üçin juda ähmiýetlidir. Sebäbi, bu şaýol şäheriň günortasy bilen onuň demigazyny bölýän uly ýoldur.

Awtoryň belligi: Detroitiň meşhur "8 Mile Road" şaýoly. (suraty düşüren: Beýannama)
Detroitiň “8 Mile” şaýoly şäheriň aglaba ilatyny (78%) düzýän gara tenlileriň ýaşaýan günorta bölegini; has gurply, ak tenlileriň ýaşaýan demirgazy bilen bölýär. Eminem bu “8 mile” aýdymynyň üsti bilen şäher ilatynyň arasynda medeni we jemgyýetçilik bölünşige-de degip geçýär. Ýagny, “8 mile” şaýoly çeper we psihologiki çägi aňladýar.
Bu aralykda, Detroit şäheri Amerikanyň iň segregirlenen şäheridir. Segregirlenen diýmeklik ilatyň teniniň reňkine görä bölünendigni aňladýar. Ýagny, Detroitiň ilaty teniniň reňkine görä, aýry etraplarda (ýerlerde) ýaşaýar. Detroitte gara tenliler garalar bilen, ak tenliler bolsa ak tenlileriň arasynda ýaşaýar.
Şeýle-de, Detroit şäheriniň bir geografiki aýratynlygy bar. Ýagny, şäheriniň çäginden geçýän Detroit kanaly, ABŞ bilen Kanadanyň serhedi hasaplanýar. Detroit şäherinde kanalyň kenaryndan, kanalyň garşy tarapynda, Kanadada ýerleşýän binalary uzakdan synlamak mümkinçiligi bar.

Awtoryň belligi: Detroit kanalynyň garşysynda, uzakdan görünýän, Kanadanyň çägine degişli binalar. (suraty düşüren: Beýannama)
Eger ýoluňyz düşüp Detroite barsaňyz, Eminemiň meşhur “Mom’s Spaghetti” restoranyna hökman baryp görüň. Restoranda taýýarlanýan lezzetli spagettiň tagamyny halarsyňyz.
Bu gezekki ýazgymy Eminemiň meşhur “Without me” (“Mensiz”) atly aýdymynyň sözlerinden bir bölek bilen jemlemegi makul bildim.
Kim yzyna geldi, biljek bol?! Kim gaýtadan geldi?!
Şeýdi* dolanyp geldi, git-de dostuňa aýt.
...
Men aždarha döretdim,
Sebäbi hiç kimiň indi Marşaly** göresi gelenok,
Olar Şeýdini* görmek isleýär, men bolsa hiç kim,
Bolýa, eger siz Şeýdini* isleseňiz, alyň onda size...
Iňlis dilindäki sözleri:
Guess who’s back, back again?
Shady* is back, tell a friend…
...
I’ve created a monster,
‘Cause nobody wants to see Marshall** no more,
They want Shady*, I’m chopped liver,
Well, if you want Shady*, this is what I’ll give ya…
*Şeýdi = Shady = Slim Shady - Eminemiň öz-özüne dakan ady. Aýdymlarynda özüniň garaňky, hiç kimiň bilmeýän taraplary barada gürrüň açanda bu ady ulanýar. (awtoryň belligi).
*Marşal = Marshall – Eminemiň hakyky ady. (awtoryň belligi).
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (15)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...