Käwagt bir eseriň iň ýönekeý sahypasy hem okyjynyň ýüreginde ömürbaky galýar. Onda beýik söweşler, taryhy wakalar ýa-da adatdan daşary gahrymanlar bolmanam biler. Diňe bir enäň aladasy, mähirli sözi, perzendiniň bagty üçin edýän aladalary beýan edilendir. Emma hut şol ýönekeý durmuş pursatlarynda adamzat üçin iň uly gymmatlyklaryň gizlenýändigini görkezmegi başaran ýazyjylaryň biri özbek edebiýatynyň görnükli wekili O‘tkir Hoshimowdyr.
O‘tkir Hoshimow 1941-nji ýylyň 5-nji awgustynda Daşkent şäheriniň Do‘mbirobod obasynda dünýä inýär. Onuň çagalyk ýyllary Beýik Watançylyk urşunyň we uruşdan soňky kynçylyklaryň döwrüne gabat gelýär. Maşgalanyň maddy ýagdaýy o diýen gowy däldi. Şonuň üçin ol mekdebi tamamlandan soň hem işlemeli, şol bir wagtyň özünde bilimini dowam etdirmeli bolýar.
1958-nji ýylda orta mekdebi tamamlan O‘tkir Daşkent döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetine okuwa girýär. Ol ilki agşamky, soňra gündizki bölümde okap, 1964-nji ýylda ýokary okuwy tamamlaýar. Talyplyk ýyllarynda «Temiryo‘lchi» gazetinde işläp başlaýar. Soňra «Toshkent haqiqati» we «Toshkent oqshomi» gazetlerinde dürli wezipelerde zähmet çekýär. Şeýlelikde, onuň žurnalistika bilen başlan döredijilik ýoly kem-kemden uly edebiýata tarap ugrukýar.
Ýazyjynyň ilkinji kitaby 1962-nji ýylda «Po‘lat chavandoz» ady bilen çap edildi. 1963-nji ýylda neşir edilen «Cho‘l havosi» bolsa onuň ilkinji uly göwrümli çeper eseri bolýar. Bu eser ýaş ýazyjynyň edebiýat äleminde tanalmagyna ýol açýar. Hatda öz döwrüniň meşhur ýazyjysy Abdulla Qahhoram onuň döredijiligine üns beripdir we ilkinji eseriniň çeperçilik aýratynlyklaryna ýokary baha berdir.
O‘tkir Hoshimow diňe bir romanlary bilen däl, eýsem durmuş hakykatyny inçelik bilen açyp görkezýän hekaýalary bilenem okyjylaryň söýgüsini gazanýar. «Urushning so‘nggi qurboni», «Muhabbat», «Yanga», «Dehqonning bir kuni» ýaly hekaýalarynda adaty adamlaryň durmuşyny, olaryň aladalaryny, ruhy dünýäsini we käte agyr synaglara sezewar bolýan ykballaryny suratlandyrýar. Ýazyjynyň esasy aýratynlygy wakalary çylşyrymlaşdyrman, ýönekeý durmuş pursatlarynyň üsti bilen çuňňur pikirleri okyja ýetirmegindedi.
1982-nji ýylda çap edilen «Dunyoning ishlari» powesti onuň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär. Bu eseriň özeninde ene mähribanlygy, perzent bilen ene arasyndaky mukaddes baglanyşyk durýar. Ýazyjy enäniň gündelik durmuşdaky aladasyny, çagasyna bolan söýgüsini, käte hiç kimiň üns bermeýän kiçijik hereketlerini şeýle bir täsirli beýan edýär welin, okyjy öz ejesini ýatlaman oňup bilmeýär. Eseriň aýratynlygam şunda: onda diňe bir ýazyjynyň ejesi däl, eýsem ähli eneleriň keşbi janlanýar. «Dunyoning ishlari» häzirki güne çenli özbek edebiýatynyň iň täsirli eserleriniň biri hasaplanýar.
1986-njy ýylda neşir edilen «Ikki eshik orasi» romany O‘tkir Hoshimowyň iň uly döredijilik üstünlikleriniň biri bolýar. Eserde uruş ýyllarynyň we uruşdan soňky döwrüň kynçylyklary, adamlaryň başdan geçiren jebir-jepalary, wepalylyk, ynsanperwerlik hem-de ahlak gymmatlyklary giňden suratlandyrylýar. Wakalaryň dürli gahrymanlaryň nukdaýnazaryndan beýan edilmegi esere aýratyn çuňluk berýär. Bu roman üçin ýazyjy 1986-njy ýylda Hamza adyndaky Özbegistan SSR Döwlet baýragyna mynasyp bolýar.
O‘tkir Hoshimow dramaturgiýa we publisistika ugurlarynda hem işledi. «Xazon bo‘lgan bahor», «Inson sadoqati», «To‘ylar muborak» ýaly sahna eserlerini ýazdy. «Daftar hoshiyasidagi bitiklar» atly kitabynda bolsa dürli durmuş wakalaryndan, adam häsiýetlerinden we şahsy synlamalaryndan dörän gysga, manyly pikirlerini jemledi. Bu kitap onuň diňe kyssaçy hökmünde däl, eýsem durmuş hakynda çuňňur oýlanýan pikir eýesi hökmünde hem aýratynlygyny açyp görkezýär.
1991-nji ýylda oňa «Özbegistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at berilýär. 1996-njy ýylda «Mehnat shuhrati», 2001-nji ýylda bolsa «Buyuk xizmatlari uchun» ordenleri bilen sylaglanýar.
O‘tkir Hoshimow 2013-nji ýylyň 24-nji maýynda Daşkent şäherinde 71 ýaşynda aradan çykýar. Emma onuň eserleri okyjylaryň arasynda ýaşamagyny dowam etdirýär. Sebäbi ol diňe bir öz döwrüniň wakalaryny ýazmady, eýsem her bir adamyň durmuşynda duş gelýän söýgi, mähir, wepalylyk, ökünç we ynsan mertebesi ýaly baky gymmatlyklary çeper beýan etdi.
#internet maglumatlary esasynda taýýarlandy

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň