Uçarlar, zawodlar we düwmä ýalňyş basýan biz hakda

Şu günler Donald Normanyň "Ýönekeý zatlaryň dizaýny" (Don Norman – The Design of everyday things) kitabyny okap ýörün. Kitap gutaryp barýar, men bolsa her sahypada "bäh, dogry aýdýaň-aý" diýip kelle yralap otyryn. Gapdalymdan geçýän adam meni telefon bilen gepleşýändir öýdýän bolup biler.

Kitabyň esasy pikiri gaty ýönekeý: eger sen bir zady ulanyp bilmeýän bolsaň, köplenç günä sende däl.

Bir sekunt. Bu jümläni ýene bir gezek okaň. Rahatlandyňyzmy? Men-ä rahatlandym.

Gapy meselesi

Norman şeýle bir meşhur mysal getirýär welin, dizaýnerler ony "Norman gapysy" diýip atlandyrypdyr.

Gapa ýetip barýarsyň. Tutawajy bar. Diýmek - çekmeli. Çekýärsiň. Açylanok. Itýärsiň - açylýar. Ýokarda bolsa kiçijik ýazgy: "Özüňden".

Ine, şol pursat. Töweregiňe bir seredýärsiň - gören barmyka? Soň özüňe gaharyň gelýär. "Men nähili akmak."

Ýok, dost. Sen akmak däl. Ýazgy ýelmemeli bolýan gapy - eýýäm şowsuz gapy. Sebäbi gowy dizaýn düşündiriş talap etmeýär. Tutawaç görseň - çekesiň gelýär. Tekiz demir plastinka görseň - itesiň gelýär. Gutardy. Instruksiýa gerek däl.

Ýöne biz näme edýäris? Gapa tutawaç dakýarys, soň gapdalyna "ITMELI" diýip ýazýarys.

Gaz plitasy hem şol tema

Öýüňizdäki plitany göz öňüne getiriň. Dört sany otjagaz. Dört sany düwme, hatar bolup duran.

Haýsy düwme haýsy otjagazy ýakýar?

Bilýän we bilemok. Öýde ýedi ýyl ýaşap, häzir hem käwagt çaýnegi goýanymda ilki ýalňyş düwmäni öwürýän. Soň "bä, bu däl eken" diýip beýlekisine geçýän.

Norman muny mapping - ýagny dolandyryş bilen netijäniň arasyndaky baglanyşyk diýip atlandyrýar. Dört düwmäni dört otjagazyň özi ýaly ýerleşdirseň (kwadrat görnüşde), hiç kim hiç haçan ýalňyşmaz. Bahasy - nol manat. Ýöne kim edýär? Az adam.

Biz bolsa ýedi ýyllap ýalňyş düwmä basyp, her gezek özümizi günäkärläp ýaşaberýäris.

Indi degişme gutarýar

Gapyny ýalňyş itseň - utanýarsyň. Çaýy ýalňyş otjagazda gaýnatsaň - on minut ýitirýärsiň.

A indi şol bir logikany uçaryň kabinasyna geçiriň.

Ýa-da zawodyň dolandyryş paneline. Ol ýerde ýüzlerçe düwme, onlarça indikator bar. Ählisi meňzeş. Hemmesi ýanyp-öçüp dur, gyzyl, sary, ýaşyl, ýene gyzyl. Älemgoşar. Diskoteka.

Şolaryň arasynda biri "ähli zat gowy" diýýär. Beýlekisi bolsa "30 sekundyň içinde bir zat etmeseň, harasat gopar" diýýär.

Tapyň.

"Adam faktory" diýen jady söz

Heläkçilik bolandan soň näme bolýar? Komissiýa ýygnanýar, derňew geçirilýär, netije çykarylýar:

"Adam faktory."

Terjime edeliň: "Ulgamy üýtgetmek gymmat düşýär, şonuň üçin operatory günäkärledik."

Sebäbi bir adamy işden çykarmak - bir günlük iş. Tutuş paneli täzeden taslamak - iki ýyllyk iş we uly býujet. Haýsysyny saýlarsyň başlyk?

Ýöne şol operatoryň ýerinde sen bolan bolsaň näme? Ol gije 13-nji sagadyny işläp otyr. Öýünde çagasy keselläpdi. Aýaly pul ýetenok diýip iňňirdeýär. Panelde 200 sany meňzeş düwme bar. Ol adam.

Adam robot däl (haçan-da bolsa muny kabul etmeli)

Adam ýadaýar. Ünsi sowulýar. Gaýgy edýär. Iki zady bir wagtda ýatda saklamaga çalşanda birini ýitirýär.

Ýöne ondan näme talap edilýär? 100% takyklyk. Her gün. Ömürboýy.

Adam müň gezek dogry düwmä basýar. Müň bir-inji gezek - ýadaw, ýüki agyr, beýnisi doly pursatda - ýalňyş basýar.

Gowy dizaýn şol müň bir-inji gezegi göz öňünde tutýar. Erbet dizaýn bolsa "adam ünsli bolmalydy" diýýär.

Meni ruhlandyrýan zat

Dizaýn adamy şol gowşak pursadynda tutup biler. Ýalňyşmaga ýol bermezligi başarar. Ýalňyşsaň hem, "dur, çyndanam şeýtjekmi?" diýip sorap biler.

Bu - düwmäniň reňkini owadan etmek däl. Bu - adam janyny halas etmek.

Norman özi hem bu pikirleri önümçiliklere ornaşdyrmaga synanyşypdyr. Köp gezek ret edilipdir. Sebäbi ýokarda aýdyşym ýaly - bir adamy jezalandyrmak arzan düşýän eken.

Ýöne synanyşmakdan ölen ýok.

Jemläp aýtsam

Indiki gezek bir zady "ýalňyş" ulananyňyzda - düwmäni tapyp bilmeseňiz, gapyny ters itseňiz, programmada haýsy düwmä basmalydygyňyzy bilmeseňiz - özüňizi sögüp başlamazdan öň bir sorag beriň:

Belki-de günäkär men däldirin?

Köp halatda jogap - hawa.

Galanynda bolsa... hawa, gaz plitasy hakda men entek hem ynanamok welin, ony taslan adam öýünde çaý içýän däldir.