Makalanyň adyny depressiw başlanyma üns bermäň, üns çekeýin diýýärin.
Käte gije ýatyp bilmän, şu soragy özüme berýärin. Jogabyny bilýärin. Ýöne boýun almak agyr gelip durda.
Sanlara şeýle diýýär: öýlenen erkekleriň bäşden üçi aýalyndan başga biri bilen gatnaşykda bolandygyny boýun alýar. Heniz nikalaşmadyk ýaş çatynjalaň arasynda bu san has-da köp. (çeşme soramaň, bir ýerde okapdym)
Ikilik şeýle bir adaty zada öwrüldi. Ony eşidenimizde indi geňem galmaýarys. Kellämizi ýaýkaýarys, uludan dem alýyp, ýoly dowam edýäris.
Bir ýakyn joram maňa şeýle diýdi: "Men indi erkeklere ynanmagy goýdum. Indi men başga zada seredýärin – ýagny puly bir barmyka. Haçan-da puly bolanda, aýralyk bir ýeil geçsin."
Ol muny gülüp aýtdy, degişip aýtdy welin. Ýöne gözlerniň iç gülenok.
Men ol oglandan soradym
Geçen gün söwda merkezinde ýaşlygymdaky bir oglana duşdum. Maňa ikilik edipdi, şondan soň ýollarymyz aýry boldy.
Ikimiz hem indi sowukganly gürleşer ýaly ýaşa ýetdik. Şonuň üçin ýyllar boýy içimde göterip ýören soragymy berdim.
"Sen näme üçin beýtdiň?"
Egnini gysyp. "Bilmedim. Edip bildim-dä" diýäýdi.
Şol iki söz. Men şol ýerde aňk-taňk boldum.
Men bolsa ýyllar özümi sorag astyna aldypdym. Ýeterlik owadan bolmadymmykam? Ýeterlik mähirli bolmadymmykam? Bir gün oňa gödek jogap berendirin, belki şol sebäp bolandyr...
Ýok. Hiç zat sebäp bolmandyr.
Şol gyz ýöne şol ýerdedi. Ol muny edip biljekdigine, hiç zadyň bolmajakdygyna göz ýetirdi. Etdi. Hatda meýilleşdirip hem etmedi. Ynjalyksyz hem bolmady. Ýöne gapy açyk, ol bolsa girdi.
Öýe gelip aglamadym. Aglaýan wagtlarym yzda galdy. Ýöne içimde daş sallanyp galdy.
Diňe ol däl eken
Gyzyklanyp, ikilik edendigini bilýän birnäçe tanşymdan soradym. Jogaplar meňzeşdi:
"Ýagdaý aňsatdy."
"Tutulsam-da, hiç zat bolmajakdygyny bilýärdim."
"Onuň meni bagyşlajakdygyny bilýärdim."
Bir tanşym bolsa hasam göni aýtdy: "Sypyp bilerinmikäm diýip barlap gördüm. Sypdym. Özümi ýeňil duýdum."
Özüni ýeňil duýupdyr.
Bir aýalyň dünýäsi ýykylýar, ol bolsa özüni ýeňil duýýar.
Iň agyr ýeri
Ikilik gören aýal ondan soňky ýyllaryny özüni kämilleşdirmäne sarp edýär.
Aýnanyň öňünde durup, ýüzüni öwrenýär. Köne suratlaryna seredýär. Her gepleşigi başyndan geçirýär. "Şol gün beýle diýmeli däldim" diýýär. "Birneme horlanmalydym" diýýär. "Has sabyrly bolmalydym" diýýär.
Ol günäkär gözleýär. Tapýar, özüni. Ýöne ähli aýallaryň adyndan gürlämokdyryn.
Sen iň kämil aýal bol. Ol ýene-de ederdi. Sen iň mähirli, iň düşünjeli ýoldaş bol. Sypyp bilerin öýtse, ol ýene-de ederdi.
Öňüni almak biziň elimizde däl
Biz ömrümizi ikilikden gorananjak bolup ýaşaýarys. Kämil bolmaga çalyşýarys. Hemişe elýeterli bolmaga. Hemişe owadan görünmäne. Hemişe düşünjeli bolmana.
Hemme zady dogry edýäris. Soň ýene şol zat gaýtalanýar. Biz bolsa ýene özümizi aýyplaýarys.
Bir tanyş aýal ýigidiniň öňki söýgülisinden onuň hemişe şeýle edýändigini eşitdi. Ol özüni bütinleý üýtgetdi. Hemişe bezendi. Hemişe ýanynda boldy. Oňa başga birine seretmäge sebäp galdyrmady.
Ol ýene-de etdi.
Sebäbi "ýeterlik gowy bolmak" bu ýerde asla meseläni çözenok.
Başga bir joram ýigidiniň telefonyny barlap başlady. Nirededigini yzarlady. Her sagadyny bilmäge çalyşdy. Mümkinçiligi ýok etjek boldy.
Şeýdibem özüni ýadatdy. Söýgüsini güman bilen çalyşdy. Erkek bolsa islänsoň, ikilik etmek ýoluny tapýar.
Erkegi saklaýan ýeke-täk zat - onuň öz wyždany. Ol bolsa seniň eliňde däl.
"Gatnaşygymyzda problema bardy"
...diýip şol özümizi aldap ýörüs.
Eger problema bar bolsa, ol ikiňize-de degişlidir. Şol bir dawalar. Şol bir ýadawlyk. Şol bir sowuklyk.
Onda näme üçin sen etmediň?
Sen gijeler oýa galyp düzetmegiň ýoluny gözläpdiň. Ol bolsa teselli gözläp başga gapydan çykdy.
Hemmämiziň gatnaşyklarymyzda kynçylyk bolýar. Emma hemmeler ikilik etmeýär. Käbiri gürleşmegi saýlaýar. Käbiri düzetmegi. Käbiri bolsa dogrusyny aýdyp gitmegi.
Bagtsyz bolsaň - gidip bolýar. Kyn bolsa - gürleşip bolýar. Ol bularyň hiç birini saýlamady. Sebäbi ikilik etmek has aňsat.
Jemgyýet hem hasap soramaýar
Tutulan meşhur adamlara serediň. Birki aý gözden ýitýärler. Belki birje ötünç soraýarlar. Soň hiç zat bolmadyk ýaly dolanýarlar.
Işi ýerinde. Puly ýerinde. Hormaty ýerinde.
Käbiri hatda "ýalňyşyndan sapak alan adam" hökmünde has hem söýülip başlaýar.
Hakyky netije ýok bolansoň, dowam edýär. Şeýle ýönekeý. Bolany.
Indi bolsa saňa
Eger saňa ikilik eden bolsalar, özüňi aýyplamagy bes et.
"Men nirede ýalňyşdym?" diýip gözlemegi goý. Sebäbi sen ýalňyşmadyň.
Ol etdi, sebäbi edip bildi. Sebäbi bagyşlanjakdygyny bilýär. Sebäbi hiç kim ondan hasap soramady.
Men özümi ýyllar ýitirip düzetjek boldum. Şol ýyllary yzyna getirip bolmaýar. Şonuň üçin aýdýaryn: ömrüňi öz eliňde bolmadyk zada sarp etme. Kellede agyrtma. Mugt berilmeli wepalylygy gazanjak bolup ýaşama.
Eger ýüregiň rahatlanar ýaly bir jogap gerek bolsa, ine ol:
Ol muny etdi, sebäbi edip bildi.
Başga düşündiriş ýok. Bolmaz hem. Netije çykarmak üçin bolsa şu ýeterlik.
Eden bolsada jähennem, çagalar üçin maşgalaňy ýykma. Oglanlar, sizede degişli. Şu makalany asyl oglanam ýazyp bilerdi, “näme üçin aýallar ikilik etýär” diýip. Şol sebäpli her kimiň wyždany özünde. Ýüregimdäkini aýtdym, bolany.
Sag oturuň.

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...