Essalamualeýkum,kofe söýüjiler. Bu gün sizi Latte we beýleki kofelar bilen tanyşdyryp geçmekçi.(Bilýän bolmagyňyz mümkin,bilmeýänler üçin ýazdym)

Latte üçin:

1) Ilki bilen1 shot espresso alýas.(espresso suwy az ajy kofe)

• 2) Osaň gara tamper bilen portafilteriň içindäki kofeni tekizläp, berkleşdirýoss.(Bu esasan gyzgyn suwuň kofeň içinden deň geçip gowy espresso çykmagy üçin edilýä)

• 3) Täze kofeni ýerleşdirmekden ozal "Flash" düwmä basýas. (Köne kofedan galyndylar galan bolsa arassalanýa)

• 4) Kofeni çekýäs. Latte üçin üçünji suratdaky düwmelerden 40-a basýas. Latte — az mukdarda espresso we köp mukdarda süýt bilen taýýarlanylýandygy üçin 40 ml espresso çekýäs.

• 5) Bug taýajygy bilen süýdümizi gaýnatýas.

• 6) Siziň Latte'ňyz taýýar.

Americano - gara kofe. Taýýarlajak bolsaňyz üçünji suratdaky düwmelerden 60-a basýaňyz.(Sebäbi Americano latte ýaly ýumşak içimlik kofe däl,erkek oglanlar içýä köplenç. Erkekk ýaly diýilýän gyzlaram içýä. Menä latteni-de özüni içip bilemok caramel goşup süýjedip içäýmesem ) We çekilen kofeni gyzgyn gaýnak suwuň üstüne guýmaly. Tersine kofeň üstüne gyzgyn gaýnak suw goýsaňyzam bolýa. Americano'ň Latte'dan esasy tapawudy 60 ml çekilýä we süýt bilen däl-de gyzgyn gaýnak suw bilen taýýarlanýa.

Cappucino - bulam espresso we süýt bilen taýýarlanýar.Ýöne süýdi gaýnadanda latte bilen deňeşdirilende has köp köpürjükledýäňiz. Latte-den tapawudy üstünde galyň köpükli gatlagy bolmagynda.

Flat white - kofe bilen süýt goşulmagy arkaly taýýarlanylýa. Latte-den tapawudy Flat white-da kofeň tagamy has güýçli duýulýa. Flat white taýýarlamak üçin üçünji suratdaky düwmeden 60-a basyp kofe çekýäňiz we süýdi kän köpürjekletmän diňe gaýnadyp üstüne guýýaňyz. Şeýlelikde kofeň tagamy güýçli duýulýan Flat white'ňyz taýýar.

İrden paýlaşjakdym,ýazýançam günortan boldy😅 Düşnükli bolandyr diýip umyt edýärin.Başga-da kofe görnüşleri kän part2 edip paýlaşarn,isleseňiz.