Gepiň tümmek ýeri – gülkünç ekeni. Eşekden ýykylmak. Esasanam daş-töweregiňde şol pursat adam bar bolsa. Bäh, bu wakadan bäri laýyk otuz ýyl wagt geçipdir, hiç neneň däl. Hawa, ilkinji gezek eşegi münüp gören günüm, eşekden ýykylypdym. Töweregimdäki özüm ýaly ýaş oglangyklar jyk-jyk edip gülüşdiler. Olara tomaşa boldum. Ine, şeýdip menem eşekden ýykylyp gören ýaş oglanlaryň kerwenine goşuldym...
Bu waka togsan altyň tomsunda boldy. Tomusky dynç alyşda, daýzamlaryň ýaşaýan obasyna gezmäge gidip, bir aý töweregi hezil edip wagt geçiripdim. Daýzamlaryň goňşysy Weli agaň meniň bilen deň-duş ogly bilen tiz wagtda dostlaşdyk. Çagyl düşelen, tozanly köçede günuzyn çilik, para, pagsadan ojuk-bujyk ýasap, gapak-gapak ýaly oýunlary oýnap, ýakyn şepe bolduk. Ol oglanjygyň ady Allaş. Günlerden bir gün ol meni, “ertir obaň gaýrasynda meýdana mal bakmaga gidýän, gel senem, hezil bolar” diýip meni çagyrdy. Ikirlenjiňlenmän “bor” diýdim.
Ertesi güni men, Allaş, daýzamyň uly ogly Myrat we obaň özümiz ýaly üç-dört sany oglanlary bilen bilelikde öňümize ýigrimä golaý göleli sygry sürüp, mal bakylýan meýdana tarap ugradyk. Oglanlaryň biriniň çopan iti “Ýolbarsam” biziň aramyza goşuldy. Ýanymyzda mele myssyk çörek, gurt, suw, köke we bir sygym orsuň daşy sygyrly suratly süýjüsi. Kellelerimizde şyrdak; papak ("kepga"); käbirlemizde bolsa, gazetden ýasalan baş gaby. Käbir oglanjyklaryň elinde, ullakan taldan ýasaýan çopan taýagy. Içimiz gysmaz ýaly oýnamaga – kart, para we bir kise “funtik” (şol döwürdäki satylýan sakgyçlaryň içinden çykýan ýüzünde maşynyň; belli futbolçy we kinoartistleriň suraty ýerleşdirlen kagyzyň ady) hem aldyk...
Obadan bir sagat çemesi uzaklykdaky öri meýdana bardyk, düşledik. Mallary meýdana kowduk. Paýtagtdan baran ýeke özüm bolansoň, meni üýşüp eşege mündürdiler. Meň üçin geň, tolgundyryjy ýagdaý. Eşegiň eýeriniň üstünde ýyryş-ýyryş edip, töweregime garanjaklap otyryn. Oglanlaryň biri elindäki taýagny uzadyp, “al, ine şuny eşegiň böwrüne dürtseň, ýöräp başlar, ýadan wagtyň aýt, eşegi saklap, seni düşüreris”...
Taýagy elime alyp, eşegiň böwrüne dürten badyma, janawer dessine ýöräp başlady. Açyk meýdanda eşek üstünde otyran men, hamala dagyň gerşine çykan ýaly, tolgunyp otyryn. Bir salymdan, ýaňky Allaş ylgap gelip, eşegiň syrtyna bir şarpyk urdy welin, eşek janawer zähresi ýarylyp, başyny maňa bakan aýlap, aňňyrdy welin gorkujyma “waýý” diýip eşekden ýere ýykyldym... Üsti-başym tozan, agzym-burnym ot-çöp, oglanlar ala-wakyrdy...
BUZ ÝALY DÜÝE ÇAL (ÖZEM HER GÜN)
Daýzamlaryň goňşusy köşekli düýe saklaýan ekeni. Eşekden ýykylamsoň, düýäň üstüne münmäge, erkegem bolsam, milt edip bilmedim (hakykaty aýdaýyn). Ýöne, her gün öýlän, jaýyň gün düşmeýän otagynda, ullakan toýun küýzede basyrlyp goýlan, buz ýaly düýe çaly hezil edip içdim. Tä gaýdýançam, gün sypdyrman hezil edip her gün düýe çal içdim...
TAPJANYŇ EŞRETI (DÜÝBÜNDEN BAŞGAÇA)
Obanyň eşretli taraplarynyň biri, esasanam tomsuna gijelerine tapjanda ýatmak, üýşüp gümür-ýamyr etmek, telewizora tomaşa etmek...
Agaçdan ýasalan daýzamlaryň tapjanynda gijelerine tümlükde, asmandaky ýyldyzlary synlap, ýorganynyň aşagyndan ýuwaşlyk bilen ýanymda ýatan oglanjyklary dürtüp, gyjyklap hezil etdim. Daň säherde öwüsýän sergin şemal; gygyrýan horoz; baglardaky guşlaryň saýraýşy; goýun-geçi, sygyr, itiň sesi; meýdana barýan traktorlaryň warryldysy tapjanda gözümi owkalap, ukydan oýanmaga howlukmaýan meniň üçin özboluşly owaz, ýatlamalar ummany...
ARY ÇAKDY (YZLY-YZYNA IKI GEZEK)
Aslynda belaň körügi özümde – boýun alýan. Bir gün daýzamyň ogly Myrat meni mal ýataklarynyň çetindäki ary ketegi görkezmäge alyp gitdi. Elime çöp berip, “erkek bolsaň, ary ketegi gorjala hany” diýdi. Bu sözi eşiden men, edil tow berlen ýaly, gaýta-gaýta elimdäki çöpi ary ketege dürtdüm. Myrat bada-bat ökjäni göterip, gaçmak bilen boldy. A men bolsa, aryny ýakyndan görjek bolup garaşyp durkam, ýeňsäm awap gitdi. Sary ary çakan ekeni. Ylgap gaçmaga çalyşdym. Daýzamlaryň öýüne girýänçäm, ary elimden ikinji gezek çakyp ýetişdi. Ketegne çöp dürtene, arylar şeýdip gaýtawul beräýýär. Ine, erkek bolmagyň (!) şeýleräk gyzykly ýerleräm bar. Myrat ýere ýatyp meň halyma gülýär, men bolsa “wäääk, agyraýşyny, hany bir zat çalaly, beýdip gülüp ýatma-da kömek et” diýýän. Onuň piňine-de däl. Onýança, nahar bişirip duran daýzam gelip, meni aryň çakanyny bildi. Suwa, hamyr edilende goşulýan ak külkäni (natriý gidrokarbonaty, NaHCO3) garyp, ary çakan ýerlerine çaldy. Agyrysyny bada-bat aldy, ary cakan ýeri çişmedem. Ýaňky eden etmişimiň maňa bolan ýekeje peýdasy – ary çakanda, näme çalyp, em etmelidigni öwrendim. (Wi, birem ary ketegi gorjamaly däldigne göz ýetirdim).
TASDAN ÝATDAN ÇYKÝARDY: PIŞIJEK
Daýzamlaryň howlusynda ýaşaýan kiçijek pişijegi baran günümden başlap, tä yzyma gaýdýançam, her gün iş edindim. Janawer menden bezgek boldy. Her gün kowalap, tutup, mynçgalap, guýrugyndan tutup ýere urup oýnadym. Gemrilen süňk bilen aldap – elime alyp dört aýagyndan ýokaryk bakan galdyryp, baş aşak ýere taşlaýardym.
Näme üçin?!...
“Pişik hemişe dört aýagynyň üstüne düşýär” sözüniň dogrylygny gözüm bilen görmek üçin. Pişijegiň men gaýdamsoň jany aram tapandygny arkaýyn aýdyp biljek. Hawa, siz – okyjyň eýýäm maňa, “beh, kiçi wagtyň nähili garagol, bet, gepe düşmez çaga ekeniňaý, haýwan janawere-de gün bermeýän ekeniň” diýip içiňizi hümledýäniňizi (edil eşitmesemem) aňýan.
Hut, şol sebäpli, beýleki eden betliklerimi (aslynda ýatlamalarymy diýmelidim) aýtmakdan, edil häzirlikçe saklanýan. Belki ertir, belki birigün, juda bolmasa ýakyn günlerde ýazyp, size ýetirerin. Hökman. Hawa, bu ýatlamalary edil ömürboýy aýtman saklanyp bilmejekdigmi aýdaýyn.
Häzirlikçe, hoş wagtyňyz! [ýylgyryş bilen aýtdym]
Sag-salamat galyň!
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda, gabsaň arasyndan çalaja öwüsýän şemalyň, iş stolymda duran ýaňja demlenen gyzgyn kofäniň özboluşly ysynyň arasynda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...