Oraz Ýagmyrow, Hemra Şirow, Esen Nazar dagyny uniwersiteti gutaran badyna harby gulluga alýarlar. Krasnowodskiden goşun gullugyna barýanlary parom bilen Bakuwa ugradýarlar. Açyk deňze çykýarlaram weli, turýar bir tupan, gopýar bir harasat. Bu waka hakda ýazyjy Oraz Ýagmyr şeýle gürrüň berýär: «Kim kaýutada gaýtaryp ýatyr, kim çarpaýanyň söýesini gujaklap, Gaýtarmyş ata ýalbaryp ýatyr, paromdaky ýedi-sekiz ýüz sany geljekki soldatyň haly-harap. Bir seretsem, Esen Nazar kaýutanyň poluna odeýalyny düşenip, bir zatlar ýazyp ýatyr. Ýakyn baryp seretsem: «Çaýkan deňiz, joş ur deňiz...» diýip goşgy ýazýar...».

Garasaý, dünýä global problemalar hakda gürrüň gozgalsa-da, gulagyny ýapyrýar. Üns bermedikden bolýar.

Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy.