Gadymy hristian kitaplarynyň birinde “Ozalbaşda Söz bardy. Söz Hudaýdyr” diýen aňlatmany okapdym. Sözüň güýjüne, hyzmatyna kesilen ýokary we göwnejaý bahany özünde jemleýändigi üçin şu iki jümle hakydamda galypdyr. Elbetde, bu ýerde biziň gündelik durmuşda ulanýan adaty gepleşik sözümizden has tapawutly Söz barada, Hudaý barada gürrüň edilýär. Meniň gürrüňim edebiýat barada, Sözüň çeper eserdäki güýji barada.

Edebi eseriň ylmy işlerden, publisistik makalalardan tapawutly taraplarynyň biri onuň obrazlarda ýaşaýanlygy. Obrazsyz edebiýat bolmaýar. Çeper eserde obrazyň baş planda goýulmagyny özüm-ä hemişe derwaýys hasaplaýaryn. Durmuş pelsepesi, pikir, ideýa obrazlaryň üsti bilen berlende eser eser derejesine göterilýär. Pikir we ideýa obrazlardan getirilip çykarylanda çyn edebiýat döreýär diýen düşünjä eýerýärin. Obraz döretmek üçin bolsa sözüň güýjüne daýanmak zerur.

“Görogluda” bir epizod bardyr. Eposyň “Kyrk müňler” şahasynda Hüňkar şa agyr goşun bilen Çardagly Çandybiliň kybla tarapyna gelip düşýär. Üç dileginiň bardygyny, şolary bitirse, il bolup, ýurduna gaýtjakdygyny Görogla ýetirmek üçin Hüňkar şa hat ýazyp, möhür basyp, üç adamy ilçi iberýär. “Göroglynyň” 1958-nji ýyldaky neşiriniň 360-361-nji sahypalarynda şeýle setirleri okaýarys:

“Ilçiler haty getirip berdiler, haty okap, bulara çaý-çilim berip, “özüm bararyn” diýip, ilçileri gaýtardy. Bular gaýdansoň, Görogly aýtdy:

– How, ýigitler, Hüňkaryň näme dilejegini bilýäňizmi?

– Biz-ä bilmedik, Görogly.

– Siz bilmeseňiz, men bilýän, ol bitirer ýaly zat dilemez, eýeriň gürlügini dilär – diýip, Görogly Gyratyny münüp, Hüňkaryň ýanyna gaýdyberdi.”

Milli gahrymanyň soňky sözlerine üns beriň. “Hüňkar bitirer ýaly zat dilemez, eýeriň gürlügini dilär” diýýär. Lek-lek goşuna baş bolup, şonça sülsat bilen agyr ýoly söküp geçen Hüňkaryň ýönekeý bir eýeriň gürlügi üçin gelmejekdigi-hä belli zat. Onsoňam eýeriň gürlügi küje, bitirip bolmajak dileg küje! Şeýle seretseň, bu ýerde logiki baglanyşyk hem ýok ýaly bolup görünýär. Diýmek, Göroglynyň eýeriň gürlügi diýen sözi göçme manyda ulanýandygyna ünsi çekmek gerek.

Eýsem, gürlük näme? 1962-nji ýylda neşir edilen “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügine” seredýäris:

“Gürlük – gaňňanyň ýan agaçlaryny birleşdirýän egri agaç”.

Görnüşi ýaly, bu ýerde eşege salynýan gaňňanyň gürlügine düşündiriş berlipdir. Eposda bolsa eýeriň gürlügi barada aýdylýar. Eýeriň atçylyk esbabydygy hemmelere mälim zat. Onuň gürlügem, edil gaňňadaky ýaly wezipäni ýerine ýetirýär, eýerde oturanyň otyrýeriniň jaýlaşykly ýerleşmegini üpjün edýär. Şeýlelikde biz Göroglynyň sözündäki eýeriň gürlügine göçme manyda, has sypaýylaşdyryp aýdylanda, ar-namys, mertebe manysynda düşünmeli.

Eposy okap otyrkaň hakykatdan hem Hüňkar şanyň hele-müçük dileg bilen gelmändigi aýan bolýar:

– Tagsyr, dileg diýeniň aňry başy gara kelle bolar, kellämi äkeldim, gerek bolsa gulluk.

– Görogly beg, bitirseň, keramatly düýrme gylyjyňy ber, Agaýunus diýen perizadyňy ber, Leke şanyň gyzy Gülruhy ber. Elli ýylky zekadyňy ötdük, atyňam aljakdyk, at özüňe mynasyp eken, ony saňa bagyş etdik.

Ynha, Hüňkaryň dilegi! Ol Göroglynyň namysyna tokunýar. Dogup-döräli bäri ar-namysa gezek gelende hiç bir işden gaýtmaýan milli gahryman Hüňkaryň dilegine başgaça düşünip hem biljek däl. Başgaça düşünse, ondan Görogly boljakmy?

 

Sentýabr, 1993 ý, Aşgabat.

Kakamyrat ATAÝEW. "Mozaika" kitabyndan.