Arada @Didar aga “Gören kinolaryň barada syn ýazýaň, okan kitaplaryň barada-da syn ýaz, okamagy gyzyklandyrar” diýipdi.

Haýsy barada ýazsam gowy bolarka diýip kän pikirem etmedim, sebäbi 2021-nji ýylda okan Joşua Foeriň “Eýnşteýn Aýda gezelenç edýär” kitaby kelläme geldi. Syn ýazmakçy däl, kitap näme hakda, näme öwrendim, agzap geçeýin.

Geliň bir ýagdaýy göz öňüne getireliň.

Markede gitmekçi bolup dursuňyz.

Gapydan çykyp barýarkaňyz yzyňyzdan gelniňiz: “Ýumurtga-da al! Sogan gutarypdyr! Çaý hem al!” diýip ýatladyp galýar.

Siz bolsa “Bolýa, bolýa” diýip baş atyp gaýdyberýäňiz.

Markede barýaňyz. Çaýy aldyňyz. Soganam sebede atdyňyz. Ýumurtga welin asla ýadyňyza düşmedi.

Tanyşmy ýagdaý?

Onda şu makalany soňuna çenli okaň. Söz berýärin: soňky setire ýetýänçäňiz otuzdan gowrak harydyň sanawyny kagyzsyz, yzly-yzyna, hatda tersine-de sanap bilersiňiz. Gudrat-mudrat gerek däl. Diňe bir kiçijik usul (tär).

Ýöne ilki kitap barada gyzykly gürrüň.


Ýadyň hem olimpiadasy bar

Dünýäde “ýat sporty” diýen zat bar. Hawa, sport. Çempionatlar geçirilýär, rekordlar goýulýar, medallar paýlanýar. Dünýä ýat çempionaty 1991-nji ýyldan bäri geçirilýär. (USA memory Championship)

Onda näme ýatlaýarlar? Uzyn-uzyn sanlary, adamlaryň ýüzlerini we atlaryny, goşgulary... Ýöne iň meşhur ýaryş “tiz kartlar”.

Size gatyşdyrylan 52 kartlyk desse berilýär. Siz ony ýatlamaly. Soň başga bir dessäni edil şol tertipde düzmeli.

Ýaryşdan bir pursat
Ýaryşdan bir pursat

Siz muny näçe wagtda ederdiňiz?

Kitaby okaýan wagtym barlap gördüm, ýarym sagatda-da ilkinji onusyny bulaşdyrardym.

2006-njy ýylda amerikaly žurnalist Joşua Foer bu dessäni 1 minut 40 sekuntda ýatlap, ABŞ-nyň rekordyny goýdy. Şol ýyl ABŞ-nyň ýat çempiony-da boldy.

Indiki rekord näçe diýsene?

12,74 sekunt.

Muny mongol ýigidi Şijir-Erdene Bat-Enh goýdy. On iki sekunt! Biz telefonymyzyň gulpuny açýançak ol bütin dessäni ýatlapdyr.

Ýene bir mongol, Munhşur Narmandah, 30 minutda 1092 karty yzly-yzyna ýatlapdyr. Ýigrimi bir desse! Gözüňizi açyp-ýumýançaňyz, kart dükany boşaýar.

Mongollar näme iýip-içýär? Biz hem çölüň-düzüň adamy ahyryn, bizde näme kem?

Iň gyzykly ýeri şu: bu adamlar dogabitdi geniý däl eken. Olaryň ýady siziňkiden we meniňkiden üýtgeşik däl.

Ynanaňzok? Onda Foeriň gürrüňini diňläň.


Tomaşaçy çempion boldy

Joşua Foer 2005-nji ýylda bu ýaryşa diňe makala ýazmak üçin barypdyr. Gyrada oturyp, depderine ýöne bellikler edip otyrypdyr.

Şol ýerde ol iňlis ýat ussady Ed Kuk bilen tanyşýar. Ed oňa beýle ýady her kimiň türgenleşip edinip biljekdigini aýdýar. Gizlin zehin gerek däl, diňe usul we yhlas gerek.

Foer ynanmandyr. Ýöne synap görüpdir.

Bir ýyl türgenleşipdir. Her gün azda-kände. Indiki ýyl bolsa şol ýaryşa tomaşaçy bolup däl-de, gatnaşyjy bolup gelipdir. Gelipdir, ýeňipdir.

Joşua Foer ýeňiş gazanan pursady
Joşua Foer ýeňiş gazanan pursady

“Göz gorkak, el batyr” diýleni-dä.


Kitap barada azajyk

Foer bu ýoly “Eýnşteýn Aýda gezelenç edýär” diýen kitabynda beýan edipdir. Asyl ady “Moonwalking with Einstein”, 2011-nji ýylda çykypdyr. Rusça “Эйнштейн гуляет по Луне” diýip tapyp bilersiňiz.

Kitabyň ady geň görünýär. Aslynda adynyň özi hem ýat usuly. Foer kartlary ýatlanda her karta gülkünç surat berýän eken. Eýnşteýniň Aýda Maýkl Jekson ýaly “aý ýöreýşi” edip ýöreýşi hem şol suratlaryň biri. Şeýle samsyk surat ýatdan aňsat çykmaýar.

Kitap “10 günde geniý bol” ýaly maslahat kitaby däl. Ol üç zady bir ýere jemleýär: žurnalistiň öz başdan geçirmesini, ýadyň taryhyny we alymlaryň ýat barada aýdýanlaryny.

Taryh bölümi has gyzykly. Mundan 2500 ýyl öň grek şahyry Simonid bir toýda goşgy okapdyr-da, daşaryk çykypdyr. Şol pursat jaý ýykylypdyr. Içindäkileriň ählisi heläk bolupdyr. Jesetleri tanar ýaly däl eken. Simonid bolsa gözüni ýumup, kimiň nirede oturanyny bir-bir ýadyna salypdyr. Hossarlar öz garyndaşlaryny şeýdip tapypdyrlar.

Ine, şondan soň “ýat köşgi” diýen usul döräpdir. Ýagny öz aňyňda köşk gurýaň. Şerlok Holms muňa “Чертоги разума” diýýär. Rim oratorlary uzyn çykyşlaryny kagyzsyz şu usul bilen ýatlapdyrlar. Kitap çap edilmezden öň adamyň ýady kitaphana eken.

Alymlar ýat çempionlarynyň beýnisini barlagdan geçiripdirler. Hiç hili üýtgeşiklik tapmandyrlar. Ýeke tapawut bar eken: ýatlanlarynda olar beýniniň ýer-ýurt ýatda saklaýan bölegini işledýän ekenler. Şu bir jümläniň aňyrsynda bütin usul ýatyr. Häzir oňa geçeris.

Kitapda ýüzümi ýylgyrdan ýeri-de bar. Çempion bolandan soň Foer dostlary bilen agşamlyga maşynly gidipdir. Agşamlykdan soň bolsa metro bilen öýüne gaýdypdyr. Maşyny ýadyndan çykyp, şol ýerde galypdyr.

“Ädik ussa ädiksiz” diýleni-dä.

Kemçilikleri hem bar. Käbir bölümleri uzaldylan ýaly. Kartlary ýatlamagyň tehniki ulgamlary barada okanyňyzda sabyr gerek bolar. Ýöne umuman kitap ýeňil okalýar, gülkünç we peýdaly. Okap bolan badyma öz ýadymy synap görmek isledim.

Indi siz hem synap görüň.


Usul: ýat köşgi

Eliňize şeýle sanaw berdiler diýeli:

ýumurtga,

sogan,

şokolad,

şampun,

çörek,

limon,

diş pastasy,

pomidor,

kofe,

towuk,

peýnir,

salfetka,

banan,

makaron,

bal,

un,

ukrop,

sabyn,

süýt,

gatyk,

kartoşka,

tüwi,

ösümlik ýagy,

sarymsak,

kir ýuwujy poroşok,

alma,

hyýar,

şeker,

nohut,

sary ýag,

çaý,

duz,

käşir.

Otuz üç zat. Bir gezek okaň-da, telefonyňyzy ýapyň.

Näçesi ýadyňyzda galdy? Bäş? Ýedi?

Indi şeýle ediň.

1. Gowy bilýän ýeriňizi saýlaň. Öz öýüňiz iň gowusy. Ýagny gözüňizi ýumup islän otagyňyza baryp bilýän ýeriňiz öýüňiz.

2. Hemişe bir ugur bilen ýöräň. Derwezeden ýa-da gapydan giriň, soň koridor, myhman otagy, aşhana, wanna, ýatylýan otag. Tertibi hiç üýtgetmäň.

3. Her duralga 2–3 haryt goýuň. Ýöne olary adaty ýagdaýda goýmaň. Samsyk, gülkünç, ulaldylan, hereket edýän surat bilen goýuň. Ýat adaty zatlary halamaýar. Geçen dynç güni günortan näme iýeniňizi ýadyňyzdamy? Ýok. Emma toýda kimiň ýykylanyny on ýyl geçse-de ýadyňyzdan çykýan däldir.

Gideliň onda. Gözüňizi ýumuň, haýal okaň, öz öýüňizi we ondaky zatlary göz öňüne getiriň, her hereketi göz öňüne getiriň.

Derwezäň agzy. Derwezäňiziň agzynda adam boýy ullakan ýumurtga dur. Sizi garşylaýar. Gözünden ýaş akýar, sebäbi elinde sogan arçap dur. Ýaşyny şokolad bilen süpürýär, ýüzi-gözi şokolad bolup gidipdir.

Aýakgap tekjesi. Aýakgaplaryňyzyň içi şampundan doly, köpürjik daşyna dökülýär. Aýakgabyňyzyň deregine iki sany tamdyr çöregi goýlupdyr. Çöregiň üstünde limon oturyp, size turşy ýüz bilen seredýär.

Koridordaky aýna. Aýna seretseňiz, ýüzüňiz diş pastasy bilen ap-ak bolupdyr, edil Aýaz baba ýaly. Aýnadan pomidor atylyp çykyp, maňlaýyňyza “şarp!” edip degýär. Aýnanyň aňyrsynda bir käse kofe size el bulap dur.

Myhman otagyndaky diwan. Diwanda bir towuk aýagyny aýagynyň üstüne atyp otyr. Peýnir iýýär. Agzyny salfetka bilen edil başlyk ýaly nepislik bilen süpürýär.

Telewizor. Habarlary banan okaýar. Saçynyň ýerine makaron sallanyp dur. Telewizoryň aşagyndan bal akyp, poluňyza ýaýrap barýar. Aýagyňyz ýelmeşýär.

Penjire. Perdäňiz unly bolup ap-ak bolupdyr. Şemal öwüsse, un tozan bolup otaga dolýar. Penjire tekjesinde gülüň ýerine ukrop ösüp otyr. Uly bir sabyn bolsa öz-özünden aýnany sürtüp ýuwýar.

Sowadyjy. Gapysyny açan badyňyza süýt şaglap üstüňize akýar. Içinde bolsa kartoşkalar gatyk dolduran wannada hezil edip ýuwunýarlar.

Gaz plita. Gazanda tüwi gaýnap, däneleri popkorn ýaly partlap, potologa uçýar. Ösümlik ýagy gazandan fontan bolup atylýar. Sarymsak gazanyň gapagynda burnuny tutup otyr, öz ysyndan özi bizar bolupdyr.

Rakowina. Rakowina kir ýuwujy poroşokdan doly, köpürjik potologa ýetýär. Köpürjikde hyýar gaýyk bolup ýüzýär. Gaýykda iki alma kürek çekýär.

Wanna. Wanna suw däl, şeker bilen doly, edil deňiz kenaryndaky çäge ýaly. Nohutlar şol çägede top oýnaýarlar. Wannanyň gyrasynda sary ýag gün şöhlesinde ýatyp, ýuwaşja eräp barýar.

Ýatylýan otag. Ýassygyňyzyň içi çaý bilen doldurylypdyr, ýatsaňyz ýakymly çaý ysy gelýär. Potologdan gar ýerine duz ýagýar. Ýorganyňyzyň aşagynda bolsa käşir hor-hor edip uklap ýatyr.

Boldy.


Indi barlap göreliň

Telefony ýene-de ýapyň. Ýokardaky ýazylanlara-da seretmäň.

Gözüňizi ýumuň-da, derwezäňizden giriň. Ol ýerde kim dur? Ýumurtga. Elinde näme bar? Sogan. Ýaşyny näme bilen süpürýär?

Ýuwaş-ýuwaşdan öýüňizi aýlanyň. Her duralgada saklanyň, “görüň”.

Näçesini tapdyňyz? Ýigrimi bäş? Otuz? Otuz üç?

Indi has gyzyklysy: ýatylýan otagdan başlap, yzyňyza ýöräň. Käşir, duz, çaý, sary ýag... Sanaw tersine-de çykýar. Sebäbi siz sözleri däl, ýoly ýatlaýarsyňyz.

Näme üçin işleýär? Sebäbi biziň beýnimiz müňlerçe ýyl bäri sanawy däl, ýer-ýurdy ýatlamaga öwrenişipdir. Ata-babalarymyz guýynyň, çeşmäniň, ýaýlanyň ýerini kagyzsyz bilipdirler. Ýoly ýalňyşan çarwa, çopan ýaşap bilmändir. Biz bolsa şol gadymy “programmany” bazar sanawyny ýatlamak üçin ulandyk.

Ertir hem barlap görüň. Haryt ýadyňyzda galar diýip pikir edýärin. Indiki gezek ol “ýat köşdäki” öýüňizdäki harytlary aýyryp, täzeleri goýuň. Bu bir haryt sanawyny ýatlamak däl, goşgy we beýleki zatlary ýatlamakda hem kömek edýär.


Häzir telefon hemme zady biziň ýerimize ýatda saklaýar. Doganymyzyň nomerini, dostumyzyň doglan gününi, hatda öýe barýan ýoly hem. Rahat, elbetde. Ýöne Foeriň kitabyny okap, men öz ýadymyň gör, nähili derejede işsiz ýatandygyna haýran galdym.

Kitaby tapyp okaň. Ýeri gelse, ilki şu usuly öz öýüňizde synap görüň.

Soň bolsa teswirlerde ýazyň: otuz üç zadyň näçesini ýatladyňyz?

Men-ä otuz bir. Sarymsak bilen salfetkany ýitirdim. Olar ýeterlik samsyk bolmandyr öýdýän.