Ezizim, meň üçin şygyr ýazsana

Ony özüň oka gözlerme garap.

Tämiz arzuwlarňa başymy goýup,

Gideýin owadan dünýäňe tarap.

 

Hyýallarym sessizlige boýun däl,

Goýdy sabyr-takatymy elimde.

Şeýle bir söýesim, ýaşasym gelýär,

Inçe duýgularyň dömýän ýerinde.

 

Oka, bakyşlarym bölmesin ünsüň,

Şygyr – tende janym, derde dermanym.

Bize şaýat gijäň gözleri gülsün,

Şygyrly ykbalyň ýokdur armany!

 

Gozgama meň üçin ýyldyzy, Aýy,

Ýer ber ýüregiňden, bir özüňki saý.

Gerek däl panynyň köşgi-eýwany,

Razy, kalpdan ýetse dyz eperlik paý.

          KIM BIZ

 

Ne söýgüli bolduk bagry badaşan

Ne-de bir dost bolduk, hyýallary bir.

Jandan ýakynlygyň, ýatdan daşlygyň

Sebäbin tapmadym

Aýtsana kim biz?

 

Özgermedi hiç zat öňki-öňkülik

Güneş dogýar sensiz geçmejek günde.

«Şu iň soňky» diýip goýan nokadym

Täze şygryň düýbün tutýar köňülde.

 

Bir ömüre çökder gelen söýgimiz

Goýdy meni bärde, seň paýyň aňry.

Şondan soňra ne-hä birigip bilýäs

Ýaşap hem bilmeýäs, özbaşdak aýry.

 

Daşlaşdygyň saýy artýar ezýetim

Golaý gelseň, çür depämde gözýetim…

 

Gurbanjemal Annakowa