Gafur Gulam

(1903–1966)

Gafur Gulam (özbekçe: G‘afur G‘ulom, doly ady Gafur Gulamow) – meşhur özbek şahyry, ýazyjysy, dramaturgy we terjimeçisi. Ol XX asyr özbek edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri bolup, esasan, çuňňur mazmunly goşgulary, durmuşyň hakykatyny açyp görkezýän hekaýalary we ýiti degişmä ýugrulan eserleri bilen tanalýar.

Gafur Gulam 1903-nji ýylyň 10-njy maýynda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki Gurghontegi (Qo‘rg‘ontegi) obasynda dünýä inýär. Ol ýaşlygyndan durmuşyň kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Dokuz ýaşynda kakasyndan, on bäş ýaşynda bolsa ejesinden jyda düşýär. Ene-atasyndan ir mahrum bolan ýaş Gafur maşgalasynyň eklenjine kömek etmek üçin dürli işlerde zähmet çekmeli bolýar. Ol küýzegärlik, demirçilik we çaphanada harp ýygmak ýaly işler bilen meşgullanýar.

Geljekki ýazyjy ilki medresede, soňra rus mekdebinde bilim alýar. Mugallym taýýarlaýyş okuwlaryny tamamlandan soň, 1919-njy ýylda «Çolpan» mekdebinde, 1924-nji ýylda bolsa «Haýat» mekdebinde mugallymçylyk edýär. 1926-njy ýyldan başlap çagalar öýünde terbiýeçi we ýolbaşçy bolup işleýär. Soňra dürli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda zähmet çekip, žurnalistika we edebi döredijilik bilen meşgullanyp başlaýar.

Gafur Gulamyň ilkinji goşgulary 1923-nji ýyldan başlap metbugatda çap edilýär. 1931-nji ýylda neşir edilen «Dinamo» we 1932-nji ýylda çap edilen «Janly aýdymlar» («Tirik qo‘shiqlar») atly goşgular ýygyndylary onuň döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. Ol şygyrlarynda zähmeti, durmuşy, watana bolan söýgini, ynsanperwerligi we döwrüň jemgyýetçilik meselelerini beýan edýär.

Ýazyjynyň iň meşhur eserleriniň biri «Şum bola» atly powestidir. 1936-njy ýylda döredilen bu eserde XX asyryň başlaryndaky Daşkent durmuşynyň keşbi, kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan, emma ugurtapyjylygy we degişgenligi bilen tapawutlanýan Korawoý atly çaganyň başdan geçirmeleri suratlandyrylýar. Eseriň esasy aýratynlygy onuň şadyýan äheňinde, ýiti satirasynda we halk durmuşyny janly şekillendirmegindedir. Powestiň esasynda 1977-nji ýylda şol bir at bilen çeper film hem surata düşürilýär. «Şum bola» şu günlere çenli özbek edebiýatynyň meşhur eserleriniň biri bolmagynda galýar.

Gafur Gulamyň «Netay» (1932), «Direlen jeset» («Tirilgan murda», 1935), «Ýadgar» (1936) ýaly powestleri hem onuň döredijiliginde aýratyn orun tutýar. «Ogry oglum» (teswirler.com-da terjimesi bar )(«Mening o‘g‘rigina bolam», 1965) atly hekaýasy bolsa ýazyjynyň ynsan häsiýetlerini, mähir-şepagaty we durmuş hakykatyny çeper beýan etmekdäki ussatlygyny görkezýär.

Ikinji jahan urşy ýyllarynda Gafur Gulamyň döredijiliginde watançylyk, parahatçylyk, ynsanperwerlik we adamlaryň ykbalyna bolan alada esasy orun eýeleýär. Onuň «Sen ýetim dälsiň» («Sen yetim emassan», 1942) atly goşgusy uruş döwründe ene-atasyndan jyda düşen çagalara bagyşlanypdyr. Bu eser şahyryň iň meşhur goşgularynyň birine öwrülýär. «Söýgi» («Sog‘inish»), «Wagt» («Vaqt») ýaly goşgulary hem özbek şygryýetiniň görnükli eserleriniň hatarynda durýar.

Gafur Gulam diňe bir şahyr we ýazyjy bolman, eýsem, zehinli terjimeçi hem bolupdyr. Ol dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini özbek diline terjime edipdir. Şekspiriň «Otello», «Korol Lir» ýaly meşhur eserleriniň özbek okyjylaryna ýetirilmegine uly goşant goşupdyr. Şeýle hem rus edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň eserlerini terjime edipdir.

1943-nji ýylda Gafur Gulam Özbegistan Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzalygyna saýlanýar. Ol edebi döredijilik bilen birlikde ylmy we edebiýat öwreniş işleri bilen hem meşgullanýar.

Baýraklary we sylaglary

  • 1946-njy ýylda «Gündogardan gelýärin» atly goşgular ýygyndysy üçin II derejeli Stalin baýragyna mynasyp bolýar.

  • 1963-nji ýylda «Özbegistan SSR-niň halk şahyry» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.

  • 1970-nji ýylda, aradan çykandan soň, «Wagt» atly goşgusy üçin Lenin baýragy bilen sylaglanýar.

  • 2000-nji ýylda «Buyuk xizmatlari uchun» ordeni bilen sylaglanýar.

Gafur Gulam 1966-njy ýylyň 10-njy iýulynda Daşkent şäherinde aradan çykýar. Ol özbek edebiýatynda şygyrýet, kyssa we terjimeçilik ugurlarynda baý miras galdyran, halkyň durmuşyny we ruhy dünýäsini çeper beýan etmegi başaran görnükli söz ussady hökmünde ýatda saklanýar.

#internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.