GALATA DIŇI
6-njy İýun 1973 ý
Gözüň gamaşdyrýan tomus gününde.
Jahan aýdyň, öňküsinden gözeldi,
Ol gün bir ynsanyň jany üzüldi,
Özün atdy ho:l Galata diňinden.
Oklady özüni birdem oýlaman,
Ömrüň baharynda derde boguldy.
Umytlary bilen kül bolan ynsan,
Meniň oglumdy...
Gözleri uçgunly, ýaşajyk Wedat,
İçinde barlyga söýgüsi doly.
Gitse gelmez ýola atlanypdy çalt,
Ýykyldy boşluga gutardy ýoly.
Güneş ýitdi, tümlük örtdi ýer ýüzün,
Wagt durdy,
sagatlaň dili döwüldi.
Galata diňinden heläklän özün
Meniň oglumdy...
Säher açylypdyr güller alawdan,
Her günki deý çykdy şatlanyp öýden.
Ýürek ýangynyny görkezmän kimsä,
Kararly...
Tümlüge ýöredi assa.
Uçutda bisabyr garaşýar ajal,
Ysgynsyz Umydy çekýär ýeňinden.
Bir pyýala kofe, ajyja konýak,
Soňky ýol...
Ahyrky islegi şoldy.
Biri özün atdy Galata diňinden,
Ana şol biri hem meniň oglumdy...
Çagajykka gujagyma alardym,
Hüwdüler aýdardym, ýat köşegim, ýat.
"Huwwa balam, huwwa balam, huwwa huw",
İndi bir ömürlik uklapdy Wedat.
6-njy İýun 1973 ý
...Galata diňinde
agyr pajyga:
Bir adam ölümiň gujagna düşdi,
Bigadyr ynsanlaň geçip jeminden,
Goşunsyz söweşde bolupdy wepat.
İndi başga hüwdi aýdýaryn oňa:
"Oýan oglum oýan, oýanaý Wedat"...
© Ümit Yaşar OĞUZCAN
Terjime eden: Süleýman Tekäýew
GALATA KULESİ
6 Haziran 1973
Pırıl pırıl bir yaz günüydü
Aydınlıktı, güzeldi dünya
Bir adam düştü o gün
Galata Kulesi’nden
Kendini bir anda bıraktı boşluğa
Ömrünün baharında
Bütün umutlarıyla birlikte
Paramparça oldu
Bir adam benim oğlumdu...
Gencecikti Vedat
Işıl ışıldı gözleri
İçi
Bütün insanlar için sevgiyle doluydu
Çıktı apansız o dönülmez yolculuğa
Kendini bir anda bıraktı boşluğa
Söndü güneş, karardı yeryüzü bütün
Zaman durdu
Bir adam düştü Galata
Kulesi’nden
Bu adam benim oğlumdu
“Açarken ufkunda güller alevden”
Çıktı, her günkü gibi gülerek evden
Kimseye belli etmedi içindeki yangını
Yürüdü, kendinden emin
Sonsuzluğa doğru
Galata Kulesi’nde bekliyordu ecel
Bir fincan kahve, bir kadeh konyak
Ölüm yolcusunun son arzusu buydu
Bir adam düştü Galata
Kulesi’nden
Bu adam benim oğlumdu
Küçüktü bir zaman
Kucağıma alır ninniler söylerdim ona
“Uyu oğlum, uyu oğlum, ninni”
Bir daha uyanmamak üzere
uyudu Vedat
6 Haziran 1973
Galata Kulesi’nden bir adam
attı kendini
Bu nankör insanlara
Bu kalleş dünyaya inat
Şimdi yine bir ninni söylüyorum ona
“Uyan oğlum, uyan oğlum,
uyan Vedat”...
Ümit Yaşar OĞUZCAN

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...