Gara toý köýnegi kimsäni arwah ýaly gorkuzsa, kimsä batyrgaý hem owadan bolup görünip, başga birine bolsa özboluşly hem-de stilly (jaýdar) bolup görünmegi mümkin.

Menem Baýram.Jm agzañ gyzyklanmasy hemde bugünki Beýýannama agzanyñ paýlaşan "Black to Black" makalasyndan ylhamlanyp "Gara toý köýnegi" baradaky gyzykly maglumatlaryñ gözlegine çykdym.)

Gara reñkidäki toý köynege dizaýnerleriň pikirini sorasaňyz, olara beýle saýlaw hyrssyz, geň ýa-da adaty däl bolup görünmeýär. Moda taryhynda gije reňkindäki lybasy toýy üçin saýlap alan meşhur gelinler hem bolupdy. Muña mysal edip geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Pariždäki rus modasynyň «Ardans» öýüniň eýesi, baronessa Kassandra Akkurti toý lybasy hökmünde gara-goňur tilki derisi bilen bezelen tümlük reňkli köýnegi hödürläpdiler. Onuň öz pikirine görä hem, gara köýnek — üçinji gezek durmuşa çykýan gelinleriň saýlawy bolup biljegini nygtaýar. Ikinji toý üçin bolsa bägül reňkli (şetdaly) öwüşgünli kôýnekler has islegli bolupdyr. Birinji toý üçin bolsa hemmämiziñ bilýänimiz adaty AK reňkdäki köýnekler hödürlenipdir.

Russiýada bu pikire uýulmandyr, sebäbi gara reňk negatiw we ýas bilen baglanyşdyrylýanlygy üçin känbir gara reñkli toý köýnegi geýmegi makul bilinmän ýöne gara reňkiň başga assosiasialary (baglanyşyklary) hem bar — bu jady hem-de syrlylykdyr diýen düşúnjänem ōñe iterlipdir. Käbir adamlar gara köýnegiň negatiwi özüne çekmän, gaýtam ony yza serpikdirýändigine, onuň täzeden döreýşiň we zenanyň täze roly aňly-düşünjeli kabul etmeginiň nyşanydygyna ynanýarlar. Täze düşünje, täze roly islän, bütin dünýä ady belli zenan Merilin Monro hem gara, tümlük reñkli toý köýnegini geýdi.

Merilin Monro öz durmuşyndaky ikinji toýy üçin (beýsbolçy Jo DiMajio bilen) gara köýnegi iň adaty dükandan bary-ýogy 250 dollara satyn alypdy. 1999-njy ýylda amerikaly hususy kolleksioner bu taryhy lybasy 33 500 dollar töläp, satyn alyp özi eýelemegi başardy. Meşhurlardan ýenede biri amerikan aktrisasy

Sara Jessika Parker hem gara reñki saýlapdy.

Sara Jessika Parker hem toýunda şeýle batyrgaý, özboluşly, ünsçekiji reňkdäki köýnekde bolmagy isledi.

Gara köýnek — we onuñ plýus taraplary

Ak köýnek çalt hapalanýar, uzyn gara köýnekde bolsa köçede arkaýyn gezip, pyýada fotosessiýadan lezzet alyp bolýar. Gara reňk çekiji we gelini syratly görkezýär. Ýenede bir has höwes edilýän tarapy, özüni adaty däl, başgalardan tapawutly görkezmek.

Gara köýnek — we minuslary.

Gara reňk hemme kişä gelşip duranok. Ol gözüň aşagyndaky garalygy, düýrtükleri,ýüzüñdäki gasynlary we artykmaç kölegeleri ýüze çykarýar, şonuň üçin makiaźy diňe bir ökde däl eýsem ünsli edilmelidir.

Gara gelinlikli gelin baradaky düşünjä

häzirki zaman toý köýnekleriniñ, meşhur modasynyň düýbüni tutujylarynyñ biri bolan dizaýner Wera Wong, eger gelin garamtyl lybas geýse, onuň batyrgaý we döredijilikli (kreatiw) gelin boljakdygyna ynanýar, sebäbi ol yrym-hyýallara garşy çykdy.

Birnäçe internet çeşmelerden toplanan:

Toplan hem terjime eden: #Mawy.