Garaşmak...
"Dekabra düşjek ýaly toýumyz"
Diýenimde duýýan gaharlanýanyň.
Diňe şol güýmeýär pikir-oýumyz
Ýogsa, öňümizde baharlaň bary.
A sen noýabry belläniň aýan
Bagtly günlermize bolmaga şärik.
Heniz hakykata geçmedik hyýal
Misli gara ýere oklanan şänik.
Bitaý köwüş kimin ters bolýar maňa
Adaty durmuşyň adaty röwşi.
Tüýs wagtynda gözli-başly bolmaga
Obaň gyzlarynyň tolgunyp ýörşi.
Işdeş gyzlar azalyp dur bir-birden,
Eýýäm öýme bilen boldular jora.
Seret, noýabram gidýär bu ýerden
(Ikimizi ahmyrlardan kim gorar?)
Bagtyna alňasap juwan çagynda
Betbagtlyk ýüküni ýüklenen kändir.
Söýüp-söýlüp ýörkäk yşkyň bagynda
Garaşmak çakyň deý çökderem däldir?!
Basym dekabram alarys myhman,
Gowsy, keçjal ykbal bilen hümürdeş!
Ýyly günler gelmez aýazdan dynman
Belki, mart boljakdyr bize höwürdeş?
@Belki
14.11.2026 ý.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň