@Mary aga ýatlatdy,sagbolsun. Şu goşgy şanly Garaşsyzlygymyz hakynda ýazylan ilkinji goşgy "Garaşsyz". A.Atabaýewiň galamyna degişli. Ýatan ýeri ýagty bolsun.

🌿

Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,

Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.

Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde

Türkmenistan—ata mekan Garaşsyz!

🌿

Dünýäň kartasyna türkmeniň ýurdy

Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn.

Daglaryň arslany, çölleriň gurdy —

Türkmen, bu gün gadym ýurduň

Garaşsyz!

🌿

Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,

Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn.

Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,

Türkmenistan — ata ýurdum Garaşsyz!

🌿

BOLMADY.

🕊

Çöwrüp geýäýmeseň indi dünýäni,

Düzüw ýüz-ä geýer ýaly bolmady.

Bir gidäýseň umyt bilen ýaýdanman,

Soň öwrülip geler ýaly bolmady.

🕊

Deňizler-ä galkdy, joşdy derýalar,

Kimler saga, kimler sola barýarlar,

Aglasaň gülýäler, gülseň urýarlar,

Aglar ýaly, güler ýaly bolmady.

🕊

Dünýäň özem aljyraýar şu günler,

Kine doly, kitüw doly göwünler,

Şeýlebir çiglidip, çigen düwünler,

Çapaýmasaň çözer ýaly bolmady.

🕊

Derdimiz kän haýsy birin aýdaýyn,

Dünýä! Senkiden-ä kyn men ýagdaýym,

Seni munda goýup gidip arkaýyn,

Umyt bilen öler ýaly bolmady.

🕊

Atamyrat ATABAÝEW

Türkmenistanyň halk ýazyjysy