Adamyň ýaradylyşyna oturyp-oturyp geň galýaryn. Allatagala adamyň gursagyna GÖWÜN salyp, «Adamlary ummasyz maksatlara, arzuwlara atar, goý, olar şol arzuw-maksatlaryna doly ýetip bilmän dünýäden ylgap geçip gitsinler» diýen bolmaly. Öňümizde şeýle bir arzuw-maksat baýlygy bar, aňrysyna hiç ýeter ýaly däl.
Garyp arzuwçyl bolar eken. Ýeter-ýetmezçilik arzuwyňy köpeldýär. Käte işim kän, arzuw edere wagtym ýok diýýärler. Meniňki tersine, şeýle bir arzuwlar basýar, şol arzuwlardan ýaňa iş edere wagt ýok.
Biler bolsaň, şu güne çenli bergisiz ýaşan günüm ýok diýen ýaly. Şol bergiler elimi-aýagymy, döredijiligimi duşaklap durlar.
L.Tolstoý «Döretmek üçin tyl gerek» diýipdir. Mende, ana, şol tyl ýok. Şeýle bolansoň dumly-duşumdan ýakymly-u-ýakymsyz hüjümler bolup dur. Çagalaryň birine «Montana» gerek, beýlekisine «Adedas». Olaryň her biriniň bahasam müň manatdan aşak däl. Dişi gädikje körpäm biz dördünji gatda ýaşaýarys, birinji gat magazin. Magaziniň öňem durşuna söwdagär, mekgejöwen bilen garpyzyň satylýandygyny gelip buşlar. Alyp bermez diýip pikirem edýän däldir. Sen ogluňa mekgejöwen bilen garpyzy köp iýmegiň zyýanlydygyny düşündirjek bolarsyň...
Onsoňam, biziň köp wagtymyz bihuda geçip dur. Garyplyk sanja öwrülip, böwrüňden dürtse, resmilikler böwenjik deýin wagtymyza doýman-dolman talaň salýar.
«Türkmenistan kommunisti» žurnalynda işlän ýyllarymy ýatlaýaryn. Sagat dokuza işe barardyk. Altyda hem işden gaýdardyk. Günuzyn işde işsiz oturmaly. Edaranyň bir aýlyk işini dört-bäş günüň içinde aňryýany bilen bitirip bolýardy. Aýyň galan günlerini diňe ýüz elli manat aýlygyň hatyrasy üçin oturmaly. Özem hiç iş etmän oturmaly. Nähili aýylganç jeza. Ömrümiziň gül ýaly wagtyny şeýdip boş oturyp geçiripdiris. Edarada döredijilik bilen-ä meşgul bolar ýaly däl. Beýleki bölümdäkiler hem işsiz bolansoň, seniň ýanyňa warsaky hantama bolup gelerler. Şeýle boş geçen günler bir däl, iki däl, eý-ho, ýatlasam, ýüregime dowul düşýär.
Edarada, elbetde, ertirden agşama çenli işlemeli. Işläbem ýörler. Ýöne iş ýogam bolsa, aýlygyň hatyrasy üçin hiç ýerik çykman boş oturmaga mejbur etmegi gurluşymyzyň rehimsizligi hasaplaýaryn.
Häzire çenli döreden eserlerimiň ömrüme hem mümkinçiligime görä has azdygyny açyk bilýärin. Ynansaň, dünýäni unudyp şeýle bir işläsim, ýazasym gelýär. Wah, hiç bolmanda üç-dört aýlap ähli aladalarymy allowarra taşlap bir işlesedim!..
Men indi iki-üç ýyl bäri ýeke setirem ýazamok diýsemem boljak. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, päsgelçilik ýüplerinden sypyp, nirädir bir ýerik işlemäge gidesim gelýär.
...Men bir zada göz ýetirdim: zehinlileriň galabasy jemgyýetde zehinine görä hormatlanmaýar, olaryň küýi-köçesi öz meşgullanýan ugry bilen bolansoň, köplenç, sadalaç görünýärler.
Zehine biraz garyplaryňky beýle däl: olar kim bilen nähili gürleşmelidigini, baran ýerlerinde özlerini nähili alyp barsa hormatyň uly boljakdygyny gowy bilýärler. Bilip, köplenç, kaşaň kürsüleri eýeläp, zehinlileriň üstünden ýolbaşçylyk edýärler. Mysal üçin aýtsam, zehinli alym Ahmet Bekmyradowa bitiren hyzmatyna görä hormat-gadyr goýmadylar. Bir elde iki garpyzyň götertmejekdigi baradaky pähim, megerem, zehinliler babatda dörän bolsun gerek.
Möjeklerde şeýle kanun bar: gowşaklary möjekler ýok edýärler, diňe daýawlary ýaşamaly. Bizde onuň ýaly däl, gowşaklar nähilidir bir ýol bilen düşewüntlije wezipäni eýelemegi başarýarlar, şeýdibem zehinlileriň, ruhy hem fiziki taýdan sagdynlaryň üstünden agalyk sürýärler.
Möjekler etmişini boýun alýarlar, adam bendesi her hili pesliklere gidibem bolsa, öz etmişini boýun almaýar. Möjekleriň şu kanuny hakda eşidenimde «Möjek kanuny» powestini ýazmak pikiri döredi.
1992ý.
Osman agaň degişmelerinden
Öň zaman birini bulamak ýaladybermeli edip ýenjip, üstesine-de süýräp patyşanyň huzuryna eltip:
— Şu özüne Hudaý diýýär — diýip ýamanlapdyrlar. Patyşa:
— Sen Hudaýmy? — diýip, gazap bilen ondan sorapdyr. Ýenjilen birneme özüni dürsäp:
— Wah, meniň adym Hudaýberdi-le, ýöne yzyny aýtdyrmadylar-da... — diýen.
Atamyrat Atabaý hemişe içen mahaly men geniý diýip öwüner eken. Bir gije onuň ýüreginden tutanynda: «Eý, Allajan, geniý men däl, geniý gaýraky jaýda ýaşaýar» diýip, Nobatgulyň öýüňi görkezipdir
Osman ÖDÄÝEW

Teswirler (7)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň