Dostumyň ejesem, edil meniň ejem ýaly biçak merdana, gaýduwsyz, edermen, hiç bir kynçylyga epilmejek, döwülmejek, ýagşy-ýaman hiç närsäň öňünde jinnekçe-de ýan bermejek adam.
Ol eger-de çagalary üçin gerek bolsa ýanyp duran oda-da sagynman özüni urmaga her deminde, her pursatda mydam taýýar aýal.
Olaryň ulusy heniz on sekizem ýaşamanka, dostumyň kakasy bilen on-on iki ýaşly körpe jigisi ulag heläkçiliginde pajygaly ýagdaýda aradan çykypdyr.
Şondan soň dostumyň ejesi çagalarynyň hatyrasyna öz hasratynam, ejizliginem, ýalňyzlygynam, syrkawlygynam... düýrläp aýagastyna dykmagy başaran ynsan.
Ol entek hiç haýsy öýerilip-çykarylmadyk üç ogul üç gyzy, oba ýerinde, kösençli ikimüňünjileriň holtumyndan aldyrman-ýoldurman sogrup alypdyr.
Ol öz çagalaryny şol ýetde-gütde zamanada, neşekeşlik belasyndan ýaňa ýagysy öz içinden döräp aňkasy aşan jemagatyň arasynda-da hiç kesiňkiden kem etmän ekläp-saklap, öýli-işikli edip, indem arkaýynlyga çykmagy başaran ene!
(“Dile geldi, bile geldi” aýdaýyn: dostumyň ejesi bilen bolup geçen gülküli waka hakda-ha “Durmuşy dynnymjyklar” hekaýalar toplumyna girizilen “Linoleum” atly hekaýamda, dostumyň durmuşynda bolup geçen pajygaly hadysa barada-da “Dört närse” atly hekaýamda ýazypdym).
Dostumam, ejesiniň, kakasynyň terbiýesini alan kişi.
Şolaryň ganam onuň ganynda.
Şolaryň zannynyň belli bir bölegem onuň zannynda.
Şonuň üçin olam durmuşyň köp jygba-jyg hadysalaryna döz gelip, kän-kän ýerde ejizlemän, henize bu güne çenli ençeme ýamanlygyňam, öz nebsiniňem öňünde dogumly durup, edenli ýaşap gelýär.
Ýöne şol sapar iki bolup Aşgabat şäherindäki öňki “Demirýol hassahanasy” diýilýän hassahana baranymyzda, ol ejesiniň gury çöpe dönen horja eline damjalaýyn sanjym iňňesi dürtülgi, ýatyş sekisinde deramatsyz ýatyşyna gözi düşdi-de, biygtyýar bozuldy.
Kyrk üç ýaşyndaky, çagalary ýetişiberen pyýada gözüni ýaşardyp, biygtyýar hamsygyp, müzzerip dur.
Şonda-da ejesi ýatan ýerinden oňa alaryldy.
Özem aşgazanasty mäziň düwnüginden ýaňa ezilip-gurap ýeke gysym bolup galan, birje owuçlyk göwrelije.
Şujagaz müjülje göwrejiginde-de nireden munça güýç-gaýrat tapýar?!
Hudaý bilsin.
Şol bolup ýatyşyna-da, birdenkä merdemsilenen ses bilen ogluna käýýemäge başlady:
-Nädip dursuň-a, han ogul?! Näme, men seni: “Şunuň ýaly lellim, nalajedeýin bol!” diýip, terbiýeledimmi? Munuň şumjaran bolup durşuny, gyz! Gyýw! Utanmadyň nätdiň?! Meniň-ä oglum, dynnym ýalyjagam gynanýan zadym ýok şumat! Allajan öz beren amanat janyny hut şu muntda ýatanja ýerimden butnatman alsa-da, birjigem gaşymy çytman ýa-da wälemen! Gaýta: “Me, Ýaradan Rebbim! Oňaraýdyň şun-a! Amanadyňy sag-aman yzyna alaweri! Ýogsa ýygnaryňa, ojagaz neressejigimiň ýanyna baryp, şojagazymy bagryma basaryma garaşa-garaşa halysalla ýadabam gitdim men-ä!” diýjegim hakdyr. Şeýdibem muny yzyna – Hak Eýesine uzatmaga tapba-taýýarjak ýatandyryn. Siz gaýta, nirde bir suw-sil izzerişen bolup... Hamana bu zatlar ilde ýok zat ýaly... Onsoňam, gyz,-diýip dostumyň ejesi, özüne zor salyp, başyny ýassykdan çala galdyrdy:-siz meni köşeşdirmeli weli, halys ulalyp-oňalman geçenler! Şu halyma-da ýene men sizi höre-köşelemeli bolýan-a! Nä, men başagaýyň, şu wagt başga derdi-gaýgysy ýokdur öýdýäňizmi?!
Dostumyň ejesi oňa şeýdip igendi-igendi-de, bolanja ysgynam gitdimi nämemi, birsellem dymyp ýatdy. Soňam pessaý hümürdäp, üstüne goşdy:
-Gaýta, gowy dälmi, bahymrak kakaň bilen jigiňe gowuşsam... Şu geçen ýyllaň içinde olary göresim gele-gele, ýüregim sykylyp, gurady gitd-ä halys...
...Şundan soň menem durup bilmedim.
Geplemäge ýagdaýym ýok.
Ýüzugra bejeriş otagyndan çykdym-da, dälizde eýläk-beýläk ibirt-zibirt gatnaýan şepagat uýajyklaryndan ýüzümi gizläp, elýuwar otaga haýdadym...
Mert ene...
...edil meniň ejem ýaly, soňky demine çenli enelik borjuna tutuş emer-damary, iki dünýäsi, ähli özi bilen... başbitin berlen...
© S.Ataýew. Ejem. Ýatlamalar we hekaýalar ýygyndysy. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.