Möňňürýän ýüzi alamatlandyrýan bu smaýlik (emoji) - 😭, soňky birnäçe ýyl bäri tutuş dünýäde iň meşhur bolan beýleki bir smaýligi - 🤣 (içini tutup gülýän ýüzi) tagtyndan agdarypdyr.
Meşhur The New York Times gazetiniň Google keyboard-yň (Gboard) maglumatlary esasynda ýaňy-ýakynda geçiren seljermesiniň başga-da birnäçe gyzykly netijeleri bar. Geliň, gysgaça ser salalyň.
Gazetiň geçiren seljermesiniň çeşmesi bolup hyzmat eden Gboard-yň maglumat toplumy tutuş dünýä boýunça 665 million sany onlaýn aragatnaşyklarda ulanylan smaýlikleri (emoji) öz içine alýar. Google-yň bu maglumat toplumy dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlaryň özara habarlaşan mahaly ulanan smaýlikleriniň görnüşleri, ýygylygy, we göz öňünde tutýan emosional sebäpleri, gepleşigiň konteksti ýaly dürli mazmunly maglumatlary özünde jemleýär.
GYZYKLY GÖRKEZIJILER
Sanly giňişlikde elýeterli bolan jemi 3600 sany smaýlik bar. Muňa garamazdan, dünýä derejesinde iň köp ulanylan on sany smaýligiň paýy 36%-e deň bolupdyr. Ýagny, milliýonlarça adam, bary-ýogy on sanyjak sanaýmaly smaýligi has köp ulanýar ekeni.
Gazetiň geçiren işiniň netijesine görä, ýurtlar babatda dürli smaýlikler başdaky orunlary eýeläpdir. 😂 (begenç gözýaşly ýüz) - ABŞ, Beýik Britaniýa we Kanadada; 😭 (möňňürýän ýüz) bolsa Günorta Afrika, Indoneziýa we Filippinlerde iň ýörgünli ulanylan smaýlik bolupdyr.
Geçen ýylyň jemleri boýunça, 😭 (möňňürýän ýüz) tutuş dünýäde iň meşhur smaýlik bolup, bu smaýligiň paýy ähli smaýlikleriň arasynda 6%-den gowrak bolupdyr. Bu, möňňürýän ýüz smaýligi köp adam üçin ähli ýagdaýlarda (gülkünç, wejeraçylyk, çuň duýgy, aglamaklyk we ş.m.) ulanyp boljak smaýlige öwrülipdir.
Möňňürýän ýüz smaýliginiň 😭 meşhurlyk gazanmagynyň özüne ýetesi sebäbi bar. Aslynda bu smaýlik çuňňur gynanjy beýan etmäge niýetlenendir. Emma, soňky ýyllarda onlaýn giňişlikde bu smaýlik, biygtyýar gülmekligi; başga biriniň ýerine utanç duýmaklygy; mähir-muhabbeti; geň-taň görmekligi; duýgy (emosional) taýdan çendenaşa agyr ýükli ynsany alamatlandyrýar. Ýagny, düýp manysyndan düýpgöter tapawutly ýagdaýlary beýan edýär. Bu ýagdaý esasanam ýaşlaryň arasynda has ýörgünli ekeni. (Tasin, şeýle dälmi?!)
Gyzykly ýeri, smaýlikleri ulanmak babatda dürli nesilleriň arasyndaky ýüze çykan tapawutlar. Geliň, gysgaça durup geçeliň. Gazet dürli nesilleriň wekilleriniň arasyndaky smaýlik ulanmak babatda meňzeşlikleri we tapawutlyklary ýüze çykarmak maksady bilen, Reddit platformalaryndaky ýetginjekleri; Z, X we Millenial diýilýän nesliň wekillerini öz içine alýan onlaýn jemgyýetleri derňäpdir.
Nesilleriň arasyndaky iň esasy tapawut, begenç göz ýaşly ýüz smaýliginde 😂 ýüze çykypdyr. Bu smaýlik, öz döwründe tutuş dünýäde şeýli bir uly meşhurlyga eýe bolupdy. (Men ýaly orta ýaşlylaryň henizem ýadyndadyr). Britaniýanyň Oksford sözlügi bu smaýligi 2015-nji ýylda “ýylyň sözi” diýip yglan edipdi. Şol wagtdan bäri, on ýyldan gowrak wagt geçendigne garamazdan, bu smaýlik tutuş dünýäde henizem uly meşhurlyga eýedir. Emma, ýetginjekler indi bu smaýligi möwrüdini ötüren hasaplaýar. Olar bu smaýligiň (😂) ýerine gülkünç ýagdaýy beýan etmek üçin ine şu smaýlikleri ulanýarlar: 😭 - möňňürýän ýüz we 💀 - kelleçanak.
ULY WE KIÇI NESLIŇ TAPAWUDY
Gazetiň geçiren seljermesiniň ýeni bir täsin tarapy, smaýlikler babatda yaşuly nesliň we yaşlaryň arasyndaky tapawut. Ýaşlar, esasanam özünden uly nesliň wekilleriniň köp ulanýan smaýliklerini öz aralarynda üýtgedýärler. Haçan-da, täze bir smaýlik, uly nesliň arasynda meşhurlyga eýe bolsa, olar şol smaýligiň aňladýan manysy alaga-da başga bir smaýlik bilen çalyşýalar.
Mysal üçin, ýaşlar özlerinden uly nesliň ulanýan ýüzlük ("sen mamla") smaýliginiň 💯 aňladýan manysyny, ot-ýangyn ("edil o:t ýaly") smaýligi🔥 bilen çalyşypdylar. Şeýle-de ýetginjekler, esasanam X nesliniň halap ulanýan başam barmak ýokary ("örän oňat", "da:ş", "berekella") smaýliginiň 👍 ýerine, sagbolsun manysynda ulanylýan birleşen eller ("kak bäşi" manysynda) smaýligini 🙏 ulanýarlar.
Muňa meňzeş ýagdaýdan ejir çekýän ýene bir smaýlik bar: 🤣 (içiňi tutup gülmek). Bu smaýlik, Google-yň 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça taýýarlan sanawynda henizem ikinji orunda bolmak bilen, onlaýn giňişlikde gülmegiň köne formasynyň häzirem ýörgünlidigni görkezýär. Ýetginjekler bu smaýlige, özleriçe ine şu duýgy alamatlaryny goşdular – ýaňsylama; bir zada çendenaşa ulaltmaklyk; duýgy taýdan näbellilik.
Z we Alpha nesliniň wekilleri synan ýürek smaýliginiň💔 ýerine, sülleren gül smaýligni 🥀 barha has köp ulanmak bilen, bu smaýligi halkara derejesinde meşhur etmegi başardyalar.
Ýene bir mysal, 🗿- moyai smaýligi. Bu smaýlik aslynda Tokýoda ýerleşýän taryhy binany alamatlandyrýar. Emma, bu smaýlik ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda soňky wagtlarda uly meşhurlyga eýe bolup, oňa özleriçe many goşupdyrlar. Alpha we Z nesliniň wekilleri adatça bu moyai smaýligini -🗿 ýaňsylamany (sarkazm); ýüzdäki [öl:üň ýüzi ýaly] duýgysyzlyk alamatyny we “çynyňmy?” diýen äheňde soragy beýan etmek üçin ulanylýar. Soňky ýyllarda bu smaýlik hem sanawda has ýokarky orunlara çykypdyr.
Şeýle-de, gazetiň geçiren işiniň netijesine görä, ýaşuly nesliň wekilleri ýaş nesillere garaňda, şol bir smaýligi köp ýyllaryň dowamynda ulanýandygy, has wepalydygy bellenýär. Ýaşlar bolsa, Internet giňişligindäki ýüze çykýan täze wakalara, trend-lere görä, şeýle-de öz tanyş-bilişleriniň endigine eýerip, köp ulanýan smaýliklerini uly nesle görä has tiz çalyşýandygy anyklanypdyr.
Ine, geçen ýylyň jemleri boýunça ilkinji onluga girýän, iň meşhur smaýlikler (şol sanda 2024-nji ýyldaky orunlary hem görkezilen):

(Çeşme: The New York Times gazeti)
SMAÝLIKLER BARADA KELAM AGYZ
Haçan-da adamlar ýüzbe-ýüz däl-de, Internet üsti bilen onlaýn habarlaşan mahaly, duýgylary, şol wagtky ahwalaty harplar-sözler bilen doly beýan edip bolmaýar. Ine, smaýlikler (emoji) hut şu maksat bilen onlaýn aragatnaşykda giňden ulanylýar.
Ýaponiýaly dizaýner Şigetaka Kurita, smaýlikleriň “atasy” hasaplanýar. Ol geçen asyryň aýagyna Ýaponiýanyň öňdebaryjy öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy üçin ilkinji bolup, jemi 176 sany smaýligi ýasaýar. 2010-njy ýyldan başlap, ykjam, akylly telefonlaryň tutuş dünýäde giňden ýaýrap başlamagy netijesinde, smaýlikler tutuş dünýä ýaýrap, giňden ulanylyp başlanýar. Ilki bilen ykjam telefon aragatnaşygy arkaly, soň bolsa, dürli sosial mediýa platformalary arkaly smaýlikler aragatnaşygyň aýrylmaz bölegne öwrüldi.
Bu günki gün biziň her birimiz üçin smaýlikler ýönekeý, adaty, zada öwrüldi. Biz olary her gezek onlaýn giňişlik arkaly bir zat ýazan wagtymyz ulanýarys. Ýogsam, ýazan ýazgymyzyň; postumyzyň; jogabymyzyň bir zady kem ýaly duýýarys.
A siz haýsy smaýligi iň köp ulanýaňyz?!
😭 möňňürýän ýüzmi?!...
😂 begenç gözýaşly ýüzmi?!...
🤣 içini tutup gülýän ýüzmi?!...
Ýa-da başga bir smaýlikmi?! 🤔 [awtoryň ýüzi edil şu pursat, ine şeýleräk]...
Ýazgyň aşagyndaky teswirlerde pikir alyşalyň. Baş üstüne.
***Bu makala ýazylanda ine şu çeşmeleriň maglumatlaryna salgylanyldy: The New York Times gazeti, Oksford sözlügi, Google-yň degişli maglumat toplumy (Gboard).
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen, The New York Times gazetiniň çap eden maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...