Internetdäki gazak gazetleriniň arhiwinde 1919-njy ýylyň gazet sanlary bar. Şolarda bir gyzyň galyňyna 37 öküziň tölenendigini, ýene-de bir 14 ýaşly gyzyň galyňyna 100 sany alaşa bilen 100 sanam goýun geçirilendigini ýazýarlar. 14 ýaşly gyzjagazyň satylmagyna-ha ynanýan. Sebäbi enemiň gyz jigisi Keýik daýzam pahyr, takmynan geçen asyryň otuzynjy ýyllarynyň başynda, özüni durmuşa çykaran günleri, yzyndan gelnalyjy edilip kejebeli düýe gelende, çetki kepbelerinde gurjakgoş oýnap oturyşyna, oýna başbitin gyzygyp, gelnalyjysynyň gelendiginem aňşyrman galandygyny, munuň üçinem öweý ejesiniň (öz ejesi ol çagaka ýogalypdyr), özüne gaharlanyp, çümmükläp-çümmükläp, haýdadyp, aljyradyp kürtedir gelin lybasyna bolşuna görä dolaşdyryp, çolaşdyryp basyrandygyny gürrüň bererdi.

(Öz enem, men-ä däl, hatda menden uly uýamdyr agam dünýä inmänkä, baryp-ha 1969-njy ýylda ýogalandygy zerarly, Keýik daýzam bende biziň öz enemiz ýalydy. Zabundy, gaharjaňdy, şol bolşuna-da näme üçindir, ala-böle bizi eý göregendi. Dogrusy näme üçinem däl-le. Ejemi gowy görensoň, sylansoň, ony özüne gyz, gelin, gyz jigi, jora, hemsyrdaş tutunansoň, ejeme bolan ähli mähirli garaýyşyny ol görgüli bize-de ýaýýardy).
Keýik daýzam özüniň durmuşa çykarylan şol mahallary özüniň näçe ýaşyndadygynam anyk aýdyp bilmezdi. Pahyr: “ýa 13, ýa 14 bolmaly” diýip gümansyradardy. Şeýle gögelekä durmuşa çykarylansoňam Keýik daýzamyň başky dogran çagalarynyň köpüsi durmandyr. Soň urşa ýakyn ýylda bolsa uluja ogly bilen adamsy garahassalykdan ýogalypdyr. Elinde-de Keýmir körüň ogly Aýnazaryň ady dakylan oglanjyk ýoldaşyndan nyşan galypdyr. Keýik daýzam Keýmir körüň göni şejeresi boýunça gaýdýan neberelerine gelin bolup gelendigi sebäpli, onuň öýem şol tiräniň ýerleşýän syýrgynyndady (Akdaşaýak obasynyň Keýmir kör köçesi).
“Dile geldi, bile geldi” aýdaýyn, çakym çak bolsa, Keýik daýzam pahyryň: “garahassalyk” diýýäni holera bolmaly. Sebäbi öz ýakynlarynyň ganly içgeçme (dizenteriýa) zerarly halys tapdan düşüp, kösenip ýatyşlaryny gürrüň berende, onuň aýdyp berýän alamatlary holeranyň simptomlaryna çalymdaş.
Ýöne ol döwürde kolhoz işiniň gündelik hökmany ýerine ýetiriläýmeli ölçegi (“normy”) oba adamlaryndan gaty zabun talap edilipdir. Eger-de günde işe çykmasaň, ölmez-ödi owkat paýyňa-ha (paýogyň) bir ýok welin, “ýykgynçy, halk duşmany” diýlip, sähelçe ýerde gümlama ugradylýanlaram az bolmandyr. Şonuň üçinem heniz doly ýigrimem ýaşamadyk Keýik daýzam pahyr gündelik iş borjuny (normasyny) ýerine ýetirmäge çytraşyp, hasratdan ýaňa çöpejanbitdi gowurdak bolup galanam bolsa, daň atandan gün ýaşýança kolhoz meýdanynda işlär eken. Sebäbi: “Öleniň yzynda ölüp dynyp bolýamy? Elimde-de ýekeje bäbejigim Aýnazar jan bar-a. Gara bokurdakdan bir zatlar ötürmeseň onam emdirer ýaly ýelniňde süýt bolmasa nätjek, ýelni kesilmiş...” diýip Keýik daýzam pahyr, özüne mahsus garry käýinjeňligine garyp-gatyp zeýrenerdi.

Gije işden öýüne gaýdyp barýarka-da, görgüli gam-gussasyny ýüregine sygdyryp bilmän, garaňkyda gonamçylyga sowlup, hem-ä ogly neressäniň, hemem äriniň gabyrlaryny gezekli-gezegine gujaklap-bagyrtlap, aglaý-aglaý içini gowzadar ekeni. Soň ol pahyr özüniň şol wagtky bolşuna haýranlar galyp: “Bäh, men ýelni kesilen, şol wagt öwlüýädäki ölülerdenem, garaňkylykdanam, entäp ýören it-guş, şagal-tilkidenem eýmenmelidirem öýtmändirin, gyz...” diýip özüne geň galardy.

Ýene ýaşajyk gyzjagazlaryň şol döwürler äre berlip goýberilmegi bilen baglylykda Keýik daýzam gürrüň bererdi. Onuň durmuşa çykyp gelen öýüne goňşulykda, bir syýrgynda ýeke ogly bilen ýaşaýan bir görgüli göhert ýaly daýaw ogluny eýdip-beýdip öýeripdir. Ýöne galyňyny eýgermändigi sebäpli özüniň özi ýaly garybrak aýaldoganynyň 12 ýaşy ýaňy dolan gyzyny gelin edinipdir. Ogly ýarymsähneräk, üstesine-de ämertden gelen bir daýaw, garaçoça pyýada bolandygy üçinem onuň arryjakdan mürrüjek gelinjigini maýyrmagyndan eýmenip, nika gyýlandan soňam gelni birneme ese-boýa galýança ony goraglap, öz düşeginde ýanap ýatyryp, ogluna oňa golaýlamaga rugsat bermändir.

Bu-da kellesine eşek depen pisint zaňňar matlabyna ýetjek bolup, ejesiniň ýok wagtyny peýläp dert-azarmyş. Emma ejesem özi äre gelende ejizligi zerarly hunaba baryny ýuwdan biçäre, çüteje gelinjiginiň goragynda ýaman sak durup, göhert ogluna maksadyna ýetmäge hiç maý bermeýärmiş.
Ine günlerde bir günem ämert pyýadanyň halys turşusy depesine urup, sabyr käsesi dolandyr-da, gündiziň günortany ol sende ýok mende ejesiniň gözüniň alnynda ýaňky çagasypat gelnini goltugyna gysypdyr-da, zut eňipdir obanyň gaýrasyndaky çägelik-ýylgynlyga tarap. Onsoň ol zaňňar-a ertekilerdäki gara döwüň gyz alyp gaçyşy ýaly, gelnini goltugynda göterip, höküdikläp ylgap barýarmyş, ejesi görgülem:

-Taşla ony, ýerçeken! Äkitme! Degme! Öldürersiň!-diýip galmagallap, ýegdekläp onuň yzyndan galman golundaky hasasy bilen oglunyň ýagyrnysyna ýençýärmiş. Sylaça ýaly horajyk gelin çaga-da agzy ýaşmakly bolansoň ýaňky ämerdiň penjesinde jyňkynam çykaryp bilmän, ýaşmak astyndan gözüni petredýärmiş. “Özem çaga, nämäniň nämedigine-de düşünmeýänini ýüzünden okap oturmaly” diýerdi Keýik daýzam pahyr...
...Soňam şojagaz çagajyk gelin, göwresi ejiz bolandygy sebäpli dogrup bilmän, iki gün kösenip, ýaş üstünden ýogalypdyr...
Garaz... edrençlik-dä...
“Munam ýylgyran bolup kabul edeýin-laý...” diýip, hemişeki edähetiňe eýerjek bolup, ölüp ýatanyňda-da güler ýaly dynnymça yşnajygam ýok-da bi zatlar-da...
...Umuman, bu gürrüňiň başynda aýtmakçy bolanym başga-başga zada syrygyp gitdi. Galyň meselesine ünsi çekjek boldum. Şol wagtky 37 öküzdir-sygryň bahasy şu mahalam eslije bolýar. Şu günler bazarda takmynan 200-220 kg çykjak uly malyň bahasy ortaça 20-22 müň manat. Indi 20 müň manatdan biriniň bahasyny ursak, 37 mal bolýar: 740 müň manat. Oba ýerlerinde şu günki günler salynýan ortagürp galyňyň bahasy takmynan 170-250 müň manat. Diýmek şol döwürler gyzyň galyňy häzirkiden üç esseräk çökder bolýan ekeni.

Ýöne galyň meselesi halkyň maddy hal-ýagdaýyna bagly. Halkyň güni azda-kände gowulaşdygy derrew galyň bilen mal etiniň bahasy galyp ugraýar. “Halkda pul köpelse gyz bilen goýnuň nyrhy galýar” diýilmeýärmi? Şol bolýar. Geçen asyryň togsanynjy ýyllaryň ahyrynda, iki müňünji ýyllaryňam başynda neşekeşlik zerarly öz çagalaryna garşy garpyşa-garpyşa halys aňkasy aşan halkyň galyň galdyryp, gyzy terezä mündürmäge ýagdaýy galmandy. Ýöne şonda-da gyzyň galyňy, goýun hasabynda ölçeseň ortaça 35-40 goýun çemesi bardy.
Heh.
Kelpeňräk deňdeş oglanlarymyzyň biri şol döwürler öýleneniniň yz ýany öýüne çaý içmäge barsaň, ýarymserhoş sammyldy bilen: “Bahasyna kyrk goýun berip edinen goýunjygymda, bi...” diýip gelnine kilçeren bolardy.
Türkmeniňem aýtmadyk zady ýok.
“Deň etmän duş etmez”, “Är-aýalyň topragy bir ýerden alnarmyş” diýleni, gelni ol süwümsiz deňdeşimiziň bu ýuwan-ýelmik degişmesine gaty görmekden geçen, “ýyrş” eder gidäýerdi.
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Sekizinji kitap. – Aşgabat, 2025. Golýazma hukugynda.

Teswirler (18)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...