Ýollaň uzaklygy ýadatdy meni,
Indi bir: "Ýeriňden gal!" diýmesene!
Gülli şygrystany küýsetdi maňa,
Maýdalyma gitjek, "Bol!" diýmesene!
Guşlaň orkestrinde bir sesim bardyr,
Beýikligim bardyr, pesimem bardyr,
Bulutly asmana höwesim bardyr,
"Ýeriň ýüzem ajap, gül" diýmesene!
Argyn aýaklarym suwa çümdürsem,
Ýüregimiň arzuwyn hergiz öldürmen,
Arşa ýetmen, ilim göge galdyrman,
"Ilki seň özüň bir gal! " diýmesene!
...Ýaşajak keýpine, Aý-Güni söýüp,
Şu mekanlar gözel,
Şu ýerler beýik,
Gülli-gülälekli sähramy goýup,
"Aňyrda jennet bar, gel!" diýmesene!
@Suraý Babanyýazowa

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.