“...Ol meniň elýetmezimdi...
Emma ol maňa düşünmedi...
Ýa-da men düşündirip bilmedim...
Äý, bu dünýä her kime bir hili açylýar-da...
Hernä Hudaýym, oňa ökünmek nesip etmäwersin...
Özüm bolsa...
...hiç...
...ýürek bolsa söýgi tapylar...”

                                                    (Biriniň gürrüňinden)

 

…Hemmesi düýş ýaly bolup galdy.

Çagalyk, mekdep ýyllary, on dört-on bäş ýaşynyň gelmegi bilen bedeninde peýda bolan üýtgeşiklikler zerarly dörän täze-täze duýgular, olaryň duýulmadyk lezzeti, näbelliligi, nätanyşdygy, ilkinji söýgüdir öýdülip pikir edilen, pikir edilip-edilibem şol onlarça gezek tutaşan, her gezegem lapykeç bolnan badyna ýatdan çykarylýan höwesleri uly bir zadyň derejesinde eltilen  günler…

Barysy hakykat bolman, alasarmyk düýşde görlen mysaly…

Sawçylaryň öýlerine gelendäki ýüreginiň tolgunmasy.

Ýigit bilen görüşmegi.

Onuň sypaýylygyna maýyl bolup, durmuşa çykmaga razy bolmagy.

Onsoň garaşylyp-garaşylyp ahyrsoňy ýetilen toý…

 

***

 

...Hatda şol zatlaram Ýyldyz üçin hiç oýanyp bolmaýan düýş ýaly bolup dur.

Hamana, ine nika gyýlyp, guşak çözdürilýär.

Soň, gapdalyna üýşen gyz-gelinler öz gürrüňleridir, bir-birine oklaýan degişmelerine başagaý.

Ol bolsa, aljyraňňy oýlaryna berlip, içki tolgunmasyny basyp ýatyrmaga dyrjaşyp, gyzaryp-galpyldap oturyşyna, olary eşidýärem, eşidenogam.

Hatda, ine şu, ýaşyl gelin kürtesiniň astynda basyrynyp, uz ýaşynyp oturan gelnem özi däl ýaly.

Ol edil, “Ýyldyz” atly, hem-ä örän tanyş, hemem juda nätanyş bir gyzyň durmuşa çykarylyşyny.

Gelin bolşuny.

Ýat ýere ilkinji gezek düşüp, bigäne adamlary birinji sapar görüp ýadyrgaýşyny...

...Özi başyndan geçirýän dek, hiç kimiň gözüne görünmeýän sudur-salgyma dönüp kesesinden synlaýan ýalydy.

 

***

 

...Ýyldyz bu mahal özüniň gelin bolup oturandygyna, başynda şol bir wagtlar kiçijik, gulpajygyny tasadyp ýören  gyzjagaz wagty arzuw edilen, ýetip bolmajak ýaly görnen, şaý-sepleri şaňňyrdaýan gelin kürtesiniň atylandygyna hiç ynanyp bilmeýär.

Onsoňam, näme üçindir, şol wagtlar, möngözli gyzjagaza bagtyň aňyrbaşy bolup görnen, başga gelinlerde heziller edilip gözigidijilik bilen, çaganyň günäsiz bahyllygy bilen synlanan owadan gelin kürtesi, oňa şol garaşýan begenjini eger-eger bermeýär.

Bu belki, Ýyldyzyň aşa tolgunýanlygyndandyr.

Ýa-da belki, näbelli, täze durmuşyň, ýaňy bir bosagasyndan ätläp, entek töre geçip bilmän, aljyraňňy halda, öz duýgularyndan ugur-utga tapman oturandygy ücindir…

 

***

 

...Ýyldyz duýgularyna düşünmeýär.

Ol düşünerden biçak aljyraňňy.

Öte tolgunýar.

Elbetde, bu mahal ýaňy gelin bolan gyzyň kalbynda nähilidir bir gussa goşundyly şatlyk duýgusy bar.

Ýöne bu duýgy, begençmi, razylykmy, ahmyrly bagtyýarlykmy…

Ol bilenok.

Tolgunmadan ýaňa Ýyldyz başyndaky kürtesiniň agramynam duýmaýar.

Kürte ýeňiljek.

Ýogsa daşyndan görseň, agyr bejergili, işmeklenen kürtäniň ep-eslije agramy bolaýjak ýaly…

 

***

 

...Ýyldyzyň daşyny gallap oturan gyz-gelinler bir-birine gezek bermän: “a gyz-da, a gyz” bolşup, degşip-gulşüp jaýy göçüräýek bolýarlar.

Olaryň hemmesiniňem keýpiniň kökdügi zaňňyrdap duran seslerinden bildirýär.

Ýaňyja sowlup märekesi dagan toýuň heýjanly täsiri entek gyz-gelinleriň  süňňünden çykmadyk.

Ine, ýene az salymdan toýuň täsiri ýitişip ugrar. Onsoň toýuň abraýly sowulmagy üçin, birki günläp ýarym ukuly, ne rahat oturyp, ne ine-gana iýlip-içilip, iki ýaňa ylgaşlap edilen hyzmatyň argynlygy bedenleri doldurar-da, heýjaneleklikden ýaňa dartylyp durandygy üçin ýadawlygy  duýmaýan göwreleri gowşadar we uky bilen bürüp başlar…

Emma häzir welin, neşäniň täsirine barabar toýuň täsiri öz güýjini ýitirmändi.

Şonuň üçinem gyz-gelinler  nagyşlary ýaldyraýan kürtäniň aşagynda sülmüräp oturan Ýyldyzyň gapdalynda çaý başynyň mesawy söhbetini edýärler.

Olaryň gürrüňlerine üňs bermeýän Ýyldyz bolsa gabagyny  galdyrmaga-da utanyp, şol bir oturşyny üýtgetmän, ýüzüni aşak salyp, ýygrylyp otyr.

 

***

 

...Ol çen bilen wagty biljek bolýar.

Guşak çözdürilende Ýyldyz kimdir biriniň goňras erkeksi ses bilen: “Sagad-a ýaňy iki bolup, on minut geçendir” diýip, beýleki biriniň soragyna jogap berenini eşidipdi.

Emma Ýyldyzyň göwnüne bolmasa, ondan bäri tutuş bir bakylyk geçen ýaly.

Birden-birdenem wagt asla gymyldaman, guşak çözdürilip, öýe salnaly bäri, döwlen sagadyň diline meňzeş, doňup galana çalym edýär.

Özüne gysmyljyrap oturan on dört ýaşlaryndaky gyzdan bolsa: “wagt näçe bolduka?” diýip sorabermäge, töweregindäki gelinler eşider öýdüp, öler ýaly ejap edýär.

 Dogrusy, diňe şol gyzyň ýeke özi bolsa utanybam durmazdy.

Sebäbi Ýyldyz onuň indi öz baldyzy, Saparyň gyz jigisi Aýşatdygyny bilýär.

Wah, ýöne şu gelinler bar-da.

Olaryň her haýsam bir zat pikir eder.

Biri: “agsama howlugýar-ow, görgüljik” diýer.

Ýene biri başga gep tapar.

Üçünjisi bolsa özüçe: “Niräňe gyssanýaň, asy:ra! Barybir, şol gujak senden gaçyp gitmez” diýen bolup, hem-ä awuly, hemem keýpihon käýinen bolar.

“Sapar” diýlende ýadyna düşdi.

 

***

 

...Ýyldyz Saparyň ýüz-keşbini ýadyna saljak bolup çytraşdy.

Emma basarmady.

Saparyň  adyndan başga hiç zat onuň ýadyna düşmedi.

Diňe Saparyň “Sapar” ady bilen, onuň özüne sypaýy ýigit bolup görnendigi ýadynda galypdyr eken.

Ol Saparyň suratyny däl-de, özüni ýekeje gezek duşuşanlarynda görüpdi. Onda-da az salymdan soň, känbir düzüwli gepleşmän hoşlaşypdylar.

Olaryň şol duşuşyklarynyň bar dowamlylygy ýarym sagada-da ýetmändi.

Bu gün bolsa gelnalyjy ulagda otyrkalaram, oba arçynynyň jaýynda nika şertnamasyna gol çekýärkälerem, Magtymguly atamyzyň ýadygärligine gül goýýarkalaram, soň guşak çözdürilende-de, Ýyldyz ýeke gezegem gabagyny galdyryp, şu gije baş-başa-da jan-jana boluşmaly äriniň ýüzüne seredip bilmändi…

 

***

 

...Birdenkä gep-gürrüň tapba kesildi.

Ýyldyz daşynyň gugaryp galandygyny diňe şu wagt duýdy.

Ol gyzlaryň nädip, haçan çykanynam duýman galypdyr.

Saparyň ýeňňeleriniň biri, egninden çalaja sypalap – köşeşdirdimi, nesihat berdimi – onam eşitmändir.

Hatda saçak ýazylyp, onuň üstüne dürli-dümen üýşürilenini-de aňşyrmandyr…

A belki aňşyrsa aňşyrandyram, görse-görendirem, ýöne tolgunçdyr, howsaladan ýaňa dynnym üns beren däldir.

Bu bolup geçýän zatlardan Ýyldyz garaňkynyň düşendigini çaklady.

Gyzyň bedenine howsalaly galpyldy aralaşdy.

Näme üçindir titräp başlady.

Gorkumy, howsalamy, näbelli bir zadyň işiginde duranlygy üçin bilesigejilik duýgysymy…

Garaz, bir topar üýtgeşik duýgulardan garym-gatym bolan, gyzlaryň ömründe ýeke gezek duýýan duýgusy Ýyldyzy aýaklarynyň dyrnaklaryndan saçlarynyň  ujuna çenli doldurdy…

 

***

 

...Öňler, gögeleje owlajyga çalymdaş mahaly, şol syrly matal bolup görünýän gapynyň aňyrsynda, ýigit bilen gelniň arasynda nämeler bolup geçýändigi Ýyldyzda ägirt uly gyzyklanma döredýärdi.

Her gezegem agşam düşüp, kürtäniň aşagynda sülmüräp oturan gelniň ýanyndan gitmeli bolanynda Ýyldyz gapydan çykyp barýarka, gelnedir, ýaş çatynjalaryň otagyna höwesden doly ummasyz bilesigelijilik bilen seredip galýardy.

Ine, indi bolsa Ýyldyzyň özi şol höwesdir bilesigelijilikden doly nazar oklanýan, tapmaça deý otagyň içinde, ýetginjek gyz gözlerini höwes bilen özünde az wagtlyk örkleýän owadan gelin kürtesiniň aşagynda sülmüreýän gelin bolup otyr.

Ýöne näme üçindir Ýyldyzyň aňynda bu wagt hiç hili höwes ýok…

Dogrusy, höwes ýogam däl.

Ýöne bedeniň, damarynda gaýnap duran ýaş ganyň gyzgyn höwesini aljyraňňy aň duýmaýarmy nämemi...

Entek üýtgeşik bir kynçylygy-da, kynçylykdan soň şeýlebir ajaýyp bolup görünýän şatlygy-da duýup görmedik gögele gyz aňy, özüniň elden-aýakdan çykaryp barýan tolgunjyna gümrady.

 

***

 

...Birdenkä, hiç hili sebäp-bahan ýok ýerinden, Ýyldyzyň aljyraňňy, ugur-utgasyz, bir-birine gabat gelmeýän pikirleri gaýyp boldy.

Olaryň deregine-de oslagsyz, üstünden üç-dört ýyl geçen wakanyň bolany-bolmanam gümürtik ham-hyýala öwrülip giden ýatlamasy peýda boldy.

Bu kakabaş hakydanyň işi.

Ol ýene-de bir gezek düýbünden gerekmejek ýerinde özüniň bedene-de, aňa-da, eger-walla boýun egmeýändigini görkezýärdi.

Hakyda müdümilik wepadar, göwre bilen aňa bolsa hemişelik dönük gözlerem,  gabaklaryny sallap, nepis halynyň göllerinde şol geçip giden gurbanlygy görýärler…

 

***

 

...Äpet hiňňildik asmana ýetäýjek bolup bat alýar.

Hiňňildigiň üstündäki üç gyzyň köýnegine çolaşýan bezzat şemal, öz ýyndamlygyna guwanýan mysaly, ýuka köýnekleri baýdak edip birsalym pasyrdadýar-da, öz ugruna geçip gidýär.

Göz açyp-ýumasy salymdan bolsa ýene-de dolanyp, öňki hereketlerini gaýtalaýar.

Hiňňildigiň üstündäki gyzlar – Ýyldyz bilen iki jorasy.

Olardan başga hiňňildikde ýene bir oglanam bar.

Ol Ýyldyzyň öňünde dur.

Ýyldyzyň joralarynyň gorkup ugrandygy mese-mälim bildirýär.

Hiňňildik her sapar bat bilen belende galanda olaryň ýüzleri duw-ak bolýar.

Olar eýýäm bat almalaryny  goýupdylar.

Ýyldyz bilen ol oglan bolsa gyzlaryň: “besdir-le” diýişmelerine-de, hiňňildigiň urganlarynyň halparýandygyna-da, aşakdakylaryň nägileden gaharly gygyryşmalaryna-da üns bermän, has beter bat almaklaryny dowam edýärler.

Ýyldyz her gezek hiňňildik hol ýokaryk göterilip, birdenem aşak  gaýdanda, gursagynda gyjyklamaly, süýjümtik sorulmadyr tutuş durkuny gaplap alýan, ümmülmez şatlygy syzýar.

Oglanyň düşnüksizlikden doly, birhili agras, dynnym ýalyjagam oýunsyz garaýan gözleri, Ýyldyzyň keşbini, bakyşyny, elleri bilen urgany gysymlaýşyny…

...Umuman her bir zadyny nebsewürlik bilen synlaýarlar.

Onuň gözleri içiňi deşip gelýän bihaýa.

Olar birhili Ýyldyzyň her bir oý-pikirini, duýgusyny bilip durana meňzeýär.

Ýyldyz bu oglanyň bu bakyşyny birjik-de halanok.

Onuň näme üçin beýle seredýändigine-de düşünenok.

Ýöne şol bakyşyň özüne ýüpsüz örklenip duran şujagaz gysgajyk pursatlaryň gutararynam ol näme üçindir islemeýär...

Entek özüni bileli bäri oňa hiç kim beýle seredibem görmändi...

Hiç kim…

 

***

 

...Gapyň aňyrsynda eşidilen gykylyk-gowur, gülki sesleri Ýyldyzy serine dolady.

Onýança otagyň gapysy şarkyldap açyldy.

Ýagşyja içgilidikleri mese-mälim ýigitler, Sapary “hangöter” edip otaga saldylar-da, Ýyldyzyň ýanynda oturtdylar.

Saparyň agzyndanam aragyň çalaja ysy gelýär.

Meger, hemmäň edähetine eýerip, batyrlyk üçin azajyk ýelmändir.

Otagyň içini aragyň-çilimiň ysy tutdy.

Bu yslar häli gyzlaryň otaga gaýgyrman sepen atyrynyň ysynam basdy.

Ýoldaşlary kän eglenmediler.

Her haýsy Saparyň egnine kakyp bir zat diýişdirler-de, otagdan çykyp başladylar:

-Seret, Sapar jan, asgynlaýmagyn!

-Gelnejemiz Akdaşaýakdandyr. Akdaşaýagyň gyzlaram perigatançly bolansoňlar, ýaman dogumly bolýandyrlar. Birden uzak gije daşarda köw-söwläp, tüňçede çaý gaýnadyp ýörmeli bolaýma!

-Biz-ä ýöredik welin, “Sapar jandygyňy” unydaýmagyn-how!

 

***

 

...Ýoldaşlary çykyp gidensoň Sapar, Ýyldyzyň ýanyndan turdy.

Dürli-dümen şerbetlije çüýşeler, gowurlan bagyr-öýken goýlan saçagyň başyna geçdi.

Aýbogdaşyny gurup, eýemsiräp oturdy:

-Indi näme otyrsyň?! Geç-dä saçagyň başyna! – diýende Saparyň sesiniň  äheniňde  hemleli hojaýynsyramak eşidildi.

Saparyň bolşundan, onuň juwanlyk ýelgini bilen çille mes kükreýän aňynda: “Aýaly başdan”, “Gamşy gowşak tutsaň el gyýar” diýene meňzeş, akylly-akylly adamlaryň aýdyp öten nakylly sözleriniň hyň berýäni aňşyrdýar.

Agzyndan bildirer-bildirmez ysjagazy gelýän zährimar bolsa oňa hasam beleň berýän bolmaly.

Onsoňam, meger olam, özüniň ýigit ýöwselliginiň, aljyraňňy tolgunmasynyň üstüni gaharly batyrsyramak bilen basyrjak bolýan bolmagam mümkin…

 

***

 

...Arakdyr çilimiň ysyny alan badyna, ertirden bäri duz datmadyk, üstesine-de uzakly günläp kürtä gabalyp oturan Ýyldyzyň ýüregi bulandy.

Hälden bedenini dolduryp duran üýtgeşik tolgunma-da, öz-özünden nirädir bir ýere sumat bolup başlady.

Onuň ornuna bolsa lapykeçlik aralaşdy.

Saparyň çakylygy Ýyldyzyň içine bükgüldi saldy.

Turup saçagyň başyna geçmägä-hä utanýar.

Gymyldaman oturmaga-da Sapardan çekinýär.

Iki oduň arasynda galan Ýyldyz, näme etjegini  bilmän, bir gozganjyrady-da kürtesini has aşak çümrüp otyryberdi.

Gelniniň diýenini etmänine Saparyň arakdyr deň-duşlarynyň gyjalatyndan meçew alan aňy jaslap gitdi:

-Näme-eý; eşideňokmy? – diýip, Sapar azgyrylanda Ýyldyz ziňkildäp gitdi.

Titräp oturşyna Ýyldyz nädip turup saçagyň başyna geçenini-de duýmady.

Ýöne ol ýerinden turanda-da kalbynda hälki tolgunçly duýgularyň az-owlak düşnügi bardy. Emma iki ädim ädip, saçagyň başynda aşak çökende welin, eýýäm onuň kalbynda ýaş gelniň şol süýji duýgusyndan nam-nyşan galmady.

Oňa derek haňlap ýatan boşluk emele geldi…

 

***

 

...Saçagyň başynda Ýyldyz öňküsindenem beter bir gysym sygaýjaga dönüp, ýygrylyp oturdy.

Özi çörek döwnen Sapar bolsa nany saçagyň üstünde goýdy-da:

-Başyňdakyny aýyr-da! Näme, sergä gelendirin öýdýäňmi?-diýip eýemsek hüňürdedi.

Emma Ýyldyz ýene-de ony eşitmeýän ýaly boldy.

Muňa bolmajysy bolan Sapar gahar bilen nahar iýilýän çarşagy eline aldy-da, ýatan ýerinden zöwwe dikelip, gaharly haşşyldady:

-Aýyr diýdimmi, aýyr! Näme, diňlemejek bolýarmyň? Bol çalt özüňem, çörege ýapyş! Bu ýerde seniň näziňi çekjek adam ýok…

Ýyldyz birdenkä hopukdy.

Saparyň bolşuna özüni gark bolup barýan ýaly duýdy.

Dünýäsi daralyp, otagyň dört diwary üstüne gaýdan dek bolan Ýyldyz, tasdanam möňňürýärdi.

Zordan özüne basalyk berip, kürtesini aýyrdy-da, epläp gapdalynda goýdy.

Soňam şu gün bişirilendigi bildirip duran ýumşak çöregiň gyrasyndan birkje çümmük döwündi.

Emma mele-myssyk nan çümmügini agzyna salsa-da saldam welin, ýüregini gaplan çykgynsyzlykdan ýaňa, birje dişlem pamyk çöregem onuň bokurdagyna tegek boldy.

Çeýneý-çeýneý zordanjyk ýuwudaýdy.

 

***

 

...Özüne hernäçe basalyk berjek bolsa-da, Ýyldyzyň ýüregi howlap alyp barýar.

Onuň bu mahal tasap daşary çykasy gelýär.

Soňam bir wagtlar garagolja gyzjagazka edişi ýaly, gollaryny ganat ýaly ýaýyp, güýjüniň ýetdiginden ylgap, öýlerine, ejesi-kakasynyň, jigileriniň ýanyna gitmegiň telwasynda jigeri lowlaýar.

Bu otag ony gysyp – gowurýar.

Mynjyradyp barýar.

Howlaýan ýürek, lowlaýan ýürek, bikarar ýürek... diňe Ýyldyzyň göwresine ýa bu darajyk, körmüş ýagtyly otaga däl, eýsem garaňkylyga gaplanan giň jahana syganok.

Daralyp-daralyp oýmaga dönen ýaş kükrekde iki-baka urnup, pelesaň kakýar.

Ýagtylyk gözleýär.

Ýagtylyga çykmak üçin petige dönen gursagy, urunyplar ýaraýjak bolýar…

 

***

 

...Sapar bolsa howlukman çöregini iýip boldy-da, töwir galdyrdy.

Ýerinden turup, Ýyldyza gözüniň gyýtagynam aýlaman, otagdan çykyp gitdi.

Ol çykan badyna, Ýyldyz halasgär kürtesini demirdon geýen dek atyndy-da, burça bakdy.

Kürtäni atynansoň ýaş gelniň göwrümi azajyk giňän ýaly boldy.

Ýüreginiň howlamasam birneme kiparlady.

Söýlüp, ägirt uly arzuwlar bilen, ýagşy niýetlere beslenip tikilen gelin kürtesiniň ýeňiljek agramydyr, lowurdap duran nagyşlary göýä öz bikesine täsinden gözü görünmezek hemaýat berip, näzik ýürekden lapykeç boşlugy, gorkyny kowýan ýalydy…

 

***

 

...Az salymdan otaga Saparyň ýeňňesi girdi.

Gülümjireýän gelin otaga girip, ilk-ä, saçagyň üstüni ýygnaşdyrdy.

Soňam alňasaman töre düşek atdy. Üstüne ýorgan bilen iki sany ýassyk oklady.

Birdenem bir zat ýadyna düşüp, düşegiň üstüne täzeje, akja düşekdaşy ýazdy.

Soňra ýygrylyp oturan Ýyldyzyň egnine kakyp, bir zatlar diýişdirdi-de, otagdan çykdy.

Emma Ýyldyz şu günden şeýle eltisi bolan gelniň näme diýendigine düşünmedem.

 

***

 

...Sapar otaga girip çyrany öçürenden soň bolsa Ýyldyzy şeýlebir galpyldy gaplap aldy welin, ol edil ýöne elini-aýagyny ýitirip barýana dönäýdi.

Ýyldyzyň ähli ysgyn-deramaty gidip, başy aýlanyp ugrady.

Haçan-da Sapar ýeňsesinden gelip özüne ýapyşanda bolsa Ýyldyz tas zyňlyp honda düşüpdi.

Emma mejalsyzlygy zerarly ýerindenem gymyldap bilmedi.

Onuň essi aýylara golaýlady.

Otagy dolduryp duran tümlügiň içinde gözüne otly halkalar görnüp başlady.

Olar barha köpeldiler.

Sepleşip tutuş otagy gaplap aldylar.

-Eşikleriňi çykar!-diýip, Sapar gulagynyň agzynda endirewük pyşyrdanda dili äňine ýelmeşen Ýyldyz näme üçindir ysgynsyz: “Ýok, ýok!” diýdi-de, sandyraýan elleri bilen kürtesiniň çetlerinden pugta ýapyşdy.

 Gany depesine uran Saparyň maslahatçylaryň haýsynyňdyr diýen: “Diýeniňi etmejek bolsa näzini çekmegin-how! Ugruna kowsaň, soň depäňe çykaýar!” diýen sözleri kellesine geldi.

Ol ajaýyp kürtäni diňe ajaýyplygyna gahar edýän ýaly, silkip Ýyldyzyň başyndan sypyrdy-da, eliniň tersi bilen garaňky otagyň bir burçuna zyňdy.

Soňam deramatsyzlygy sebäpli, hatda ibaly garşylygam görkezip bilmeýän Ýyldyzyň goşaryndan şatyrdadyp tutdy.

Gara güýjüne daýanyp, sandyraýan göwräni halynyň üstünden süýräp diýen ýaly düşege eltdi.

Ýyldyz ýerinden turjak boldam welin, Sapar gelnini arkan basdy…

 

***

 

...Hiç zadam bolmady.

Ýerem goduklamady.

Asmanam ýere inmedi.

Ýyldyrym çakyp, gögem gürlemedi...

Hiç zat bolmady.

Diňe şunuň ýaly adaty durmuşy ýagdaýda, kimiňdir biriniň öz elýetmezi, hiç zada deňäp bolmajak mukaddesligi hasaplap ýören hazynasy, ýyldyz süýnen ýaly şeýle aňsatlyk bilen tüm gijäniň garaňkylygyna siňip gitdi.

...Nätjek?

Bu dünýe her kime birhili açylýar-da.

Bu ýerde-de üýtgeşik bir geň galyp oturasy zat hem ýok…

 

***

 

…Az salymdan öýlenen ýigdiň ukuly myşlamasy eşidilip ugrady…

Ýyldyzyň ýaňyja, ýeke pursat mundan ozalkysyndanam tanalmaz ýaly özgeren kalby boşap galypdy.

Göwnüne bolmasa, misli sähel wagtyň içinde şeýle tükeniksiz biparhlyk bilen ýok edilene dönen Ýyldyz, eýýäm adamsy bolan kişiniň oýanaýmagyndan çekinip, esli salym doňan ýaly bolup ýatdy.

Aňyrsoňy özüne zor salyp, başyny galdyrdy.

Sowuk aýazda galan ýaly saňňyldap, ýerinden turdy.

Garaňkyň içinde sermeläp, zyňyşdyrylan geýimleriň arasyndan özüniňkileri tapyp geýdi.

Otagyň garaňky burçunda köne esgi ýaly bulam-delem bolup ýatan kürtesinem tapyp, başyna atyndy. Iň garaňky künje geçip, çugutdyryp, bir gysym bolup ýygryldy.

Kürtesiniň gyralary bilen ýüzüni ýapdy...

 

***

 

...Jümle–jahan edil otagyň içi ýaly garaňky.

Penjirelere galyň tutular tutulanlygy zerarly garaňky asmanyň ýyldyzlaram görnenok.

Ýarygijäniň bolandygyny aýdyşyp gygyrýan horazlaryň sesinden başga hiç zat gijäniň ümsümligini bozmaýar.

Otagyň içinde çuw-ýalaňaç ýatan adamyň teni akjaryp, buldurap görünýär.

Äpet dünýäniň ýarsy, edil dünýeden bihabar Sapar ýaly uklap ýatyr.

Ýyldyzyň gözlerine welin, uky gelmeýär…

 

***

 

…Gyz arzuwlary.

Arzylanyp ýetilen gelin hökmündde özüňi görmek.

Süýji durmuş hakdaky süýji umytlar.

Söýgi hakda, söýlüp-söýüp, bir-biriňi sylap, är-aýal bolmak hakynda edilen lezzetli pikirler…

Bularyň barysy özüniň aglaýanyny-da duýmaýan gelniň gözlerinden hünibirýan dökülýär.

 

***

 

...Şol hiňňildik bolsa barha bat alýar.

Hiňňildigiň üstündäki oglanam ýuwaşlyk bilen Ýyldyzyň elleriniň üstünden eli bilen gysymlaýar-da, gözlerine şol bihaýa ýöne islegli garaýyşy bilen bakyp durşuna:

-Ýyldyz! Men seni gowy görýän!-diýip pyşyrdaýar.

Ýyldyz bolsa siltenip elini oglanyň elinden sypdyrýar-da:

-Samsyk! Sen kime, näme diýýäniňi bir bilýäňmi?!-diýip, ýüzüni aşak salýar.

Hiňňildikden düşenlerinde ýene-de ikisiniň nazary kaklyşýar…

Oglan oňa ýene-de şol öňküsi ýaly bihaýa seredýär…

 

***

 

...Ýyldyz indi düşündi.

Şol bakyş bihaýa däl.

Yzaly.

Ýyldyz aglaýar...

Näme üçin?

Hiňňildikli ýatlamasyna gyýlypmy?

Ýa özüniň birdenkä, öz-özünden keç bolup giden täleýinemi?

...Hälki ýeňiljek bolup görnen gelin kürtesi bolsa şeýlebir agyr...

Şeýlebir agyr welin, naçaryň ejiz göwresini ýere sokup gelýär…

1995


© S.Ataýew