6.Mährigözel (durmuşa çykanyna 13 ýyl):

Şäherde dünýä inip, şäherde önüp-ösdüm. Maňlaýyma ýazylanydyr-da, bile okaýanym bilen halaşyp oba durmuşa çykyp geldim. Mähriban, alçak maşgala bolandyklary sebäpli derrewem gatyşyp-garyşyp ötägitdim. Öýmüzde gaýynatamdyr gaýynenemden daşgary garry gaýynatam – ýoldaşymyň atasy hem bardy.

Toýdan soň takmynan ikimi, üçmi hepde diýlende, daşda-içde arkaýynrak görnüp başlapdym. Bir günem öýde meniň bilen garry gaýnymdan özge adam ýokdy. Onsoň ol bende-de öňem ençeme gelin-gyz, agtyk-çowluk gören ýaşuly, daşarda nämedir bir zatlara dümtünip, hökgerilip, bir zada-ha bejerip otyrdy. Menem günortanlyk biş-düşe gümra, girip-çykyp ýördüm.

Segsene ýetip gelýän bendäniň tursa oturmasy, otursa-da turmasy hyllalla bolansoň, ol maňa haýyş etdi:

-Guzym, bar hany, maňa içerden gezzik getirip ber.

“Bor” diýip pertden-pert baş atdym-da, öýe garşy ýelk ýasadym. Düňk-düňk gidip barşyma-da pikir edýän: “Munuň bi: “gezzigi” nämekä, gyz?”. Ýigrimi bir ýaş ömrümde şu güne çenli dogup-döräp eşidip gören sözüm däl-ä. “Soraýyn” diýsemem, hojalykda diňe ikimiz. Ýeser ýeri, telefonymyňam puly tükenen. Ýogsa ýoldaşyma jaň edäýseňem boljak welin.

Garaz, dabanym bilen dars ýasap girdim içerik. Gözüm bilen aşhanany, beýleki otaglary gyzyl-dörjük edýän. Göwnüme bolmasa birdenkä, agyr-agyr supermarketlerdäki deý her harydyň ady bilen bahasy ýazylgy ýarlyjak ýelmenen nämedir bir zat gözüme iläýjek ýaly bolup dur.

“Ine gelin han, şü zad-a gezzikdir. Belläp goý!” diýen pormyda.

Ýöne, ýazgy nirden?

Çen-çak bilenem biler ýaly däl. Içeri uşak-düşek, maýda-çüýde öwseleden doly.

Äý onsoň: “elim bir boş barmaýyn-la” diýdim-de, aşhanadan oklawyny alaga-da haýdap gaýtdym, garry gaýnyma garşy. Eltdim-de, üstüne abanyp söm-saýak bolup durun. Elimde-de oklawy. Şony uzadýan.

Gaýnym görgüli bolsa, ýaşululara mahsus hyk-çoklap, oturan ýerinden ýüzüme bir äňetdi-de, oklawyny aldy. Soňam az-kem dymyp oturdy-da, diýdi:

-Hä-ä, guzym, bu edip oturan işim üçin oklawyňam gerekdigini bildiň-de, alyp geläýdiňmi? Berekella, gyzym. Şu çaga diýeniňem seniň ýaly üşüklije bolaýsa. Indi gyzym, bar derrewjik git-de, gezzigem bir getirip ber maňa. Eglenmänjik, gaty yssy düşmänkä bi işimi dynaly, mübtela edip goýmaly...

Ýene: “bor” diýip esgerlerçe kellämi silkdim-de, düňk-düňk gaýtdym içerik garşy.

Ber, habary.

Ýaňa-ha oklaw eltdiň.

Indi näme eltjek?!

Sübsemi?

Ýa elekmi?

Gara basga galdym-a.

Içerde kapasa düşen guş ýaly otagdan otaga pelesaň kakyp “gezzik” gözleýän-ä.

Ýöne gözlänim-ä ýagşy welin, “gezzik” nämekä?!

Içimdenem käýinýän: “Bi haram ölmüş ertekilerdä-hä: “Bar ýigit, näbelli ýurda öteýt-de bilmeýän zadyňy agtaryp tapyp getir” diýseler, gahrymanlar, derrewjik “az ýöräp, köp ýöräp” diýlenini tapyp getiräýýärler welin, men-ä iki ýaňa näçe ýortsam-da tapylaýanok o “gezzik” diýilýän haram ölmüş... Ýa menem “Ýuwaş gelindäki” ýaly ýanyna baryp, ellerimi kelläme eltip, penjämi hargulak pisint galgadaga-da: “Ata, o eşşek ataly “gezzigiň” näm-aý? Düşnüklije edip aýdyp bilmersiňm-aý?” diýip yşarat edäýsemmikäm?”.

Aljyraňňylygymdandyr-da, garry gaýnymyň alnynda sömelip, şu yşaraty edip durşum göz öňüme gelibem, öz pikirlerime özüm, gülesim gelmese-de zoraýakdan kikirdän bolýan.

Birdenem öz otagymyzdaky tekjämiziň tahyly güpbe ýadyma düşdi. Onda ýoldaşym atagzy bilen odur-budur gurallaryny goýýar. Güpürdäp bardym-da, tahylda näme bolsa bir gysym edip, atagzymy, açarmy, towlaňňyçmy, igemi... barysyny alyp gaýtdym.

Dükürdikläp garry gaýnymyň ýanyna gelşime-de, öz-özüme gahardanmy ýa sussum basylýanyndanmy: “Ine şularyň içinde-de şol haram ölmüş: “gezzik” diýýäniň bolmasa, meniňem adam bolmagydym-aý, ata!” diýip içimden hüňürdeýän.

Eltdim.

Garry gaýnym edip oturan işini goýdy-da, gysymymdaky açar-paçarlary howlukman, siňňitli gözden geçirdi. Soň çap-çal gaşlaryny bürüşdirip: “Hümm” etdi. Yzyndanam:

-Hä-ä, boldy-boldy, gyzym, sag bol! Eliň-gözüň dert görmesin. Goýaý ine şujagaz ýerde,-diýip gapdalyna yşarat etdi.

Süňňüm ýeňläp gitdi. Derrew goýdum-da, ýene-de bir düşnüksiz gümürtiklik tapmanka zut ökjäni göterdim, ýanyndan. Tä gaýynenem gelýänçä-de gözüne görünmedim.

Agşam ýoldaşym işden gelenden soň oňa gündizki wakany aýtsam, ýerde ýatyp, çabalanyp gülýär-ä. Görlüp oturylsa, atamyzyň köne adamlara mahsuslykda: “gezzik” diýýäni pyçak eken. Dürsje aýtsaňam: “gezlik” diýilýän eken. :-)

 

© S.Ataýew. Gelinler gürrüň berýär :-). Ýaş gelinleriň durmuşyndan 100 waka. Kyssajyklar toplumy. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.