Bir dünýä gül-gunça bilen,

Bal-ýag, ýüpek parça bilen,

Meni söýýän ençe bilen

Bahar gelipdir gapyma.


Bir mylaýym heňi bilen,

Iň arassa demi bilen,

Hemmeden ir, hemmeden öň,

Säher gelipdir gapyma.


Şatlygym bar asman ýaly,

Aýagymda uçýan haly,

A men saýrak bilbil dälmi,

Äheň gelipdir gapyma.


Metrosynda adamy kän,

Müň ýyla kök uran mäkäm,

Ýöne, ýöne başagaý däl

Şäher gelipdir gapyma.


Aýdymlarma juda heňdeş,

Arzuwlaryma juda meňzeş,

Gujaklaýyn seni, gel-geç,

Mähir gelipdir gapyma.

@Suraý Babanyýazowa