Geljegimiz gorkuly...
Türsksüpüklik..
Biziň Türkçeleşmegimiz - sowramennilikmi???
gysgaça aýtjak, men, bu ýaramazlaşma diňe maglumat ulgamynda (internet, çat, forum) köp duş gelýänmikäm diýsem, soňky döwür syn edýän welin, indi her aýak basjak ýeriňde, köçede, köpçülikde, jemgyýetçilik ýerlerinde-de (1 öydeligi hakynda-ha aýdybam oturjak däl) gabat gelmek bolya... Meselesiz!
1-2 sany seriyalyň täsiri diyip biljekdäl, gaty aňyna guýlupdyr, gaçypdyr içine käbirlerimiz..
Ýa çagalaň arasynda, ýa 2 sany jora duşuşsa (işe barsaň, işdede hal ahwal türkçe alyşmaly), türkçe gürleşýärler ?!
Dogry, 1 dil bilen 1 adam, 2 dil bilen 2 adam diýilýär, emma biziňki ol däl... Biziňki başga zat, näme zatdygymy menem bilemok, ýöne gowluga tarap däl!
Ýa muny döwrebaplyk, sowramennilik hasap edýäňizmi?
Kiçijik çagalardan başlap, mekdep okuwçylaryna çenli şeýle... Ulular olara görelde bolar diyýäs, hawa görelde bolyalar şol ýaramazlaşýan tarapymyzdan... Bir eje öz gyzy bilen şol sowremenniligiň täsiri astynda aralarynda türkçe gürleşýärler...
Bir dili öwrenip bolar (meselem meniň özümä şeýle ederdim) şol döwletiň medenýetini öwrenmek üçin, gündelik habarlardan habarly bolmak üçin, şol dildäki kitaplary gazet žurnallary agtarmak üçin, şol dildäki internet sahypalaryna girmek üçin.. Hemmämiz üçin iň peýdalysam şumyka diyyän, näm üçin ony ýoýup, ýola goyup beylekileri şoňa çekmek nämä gerek??
Onda siz, özge bir döwlete barsaňyz, özüňiziň türkmenligiňize utanyp türkmençede gürleşmän başlarsyňyz basym. Şol döwletiň diline, medenýetine uýgunlaşyp özüňiziň kimligiňizem unudarmykaňyz diýýän (iň gynanýan ýerimem şu ýeridä)
Çeşme: dostluk.ru
#gözegçi

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.