Täsin düýş eýeläp aldy hyýalym,
Geçmişe dönüpdir gelmedik günler.
Surat albomyn-da gizlenip goýlan,
Durmuşymdan ýaşalmadyk bölümler.
Maşgalamyň buýsanç doly keşpleri,
Ýerleşdirlen şol albomyň gatyna.
Ýeke-ýeke sahypasyn agdaryp,
Syn etdim, gelmeli ýyllaň çetine.
Entek tikinmedik köýnegim geýip,
Heniz tutulmadyk toýlar-da durdum.
(Bir suratda gapdalym-da ýylgyryp,
Duşmadyk söýgülim özüňem bardyň.)
Ýaşanyňa degýän şol senelerde,
Her kadr-da ýaňlanýardy gülkülem.
Duruşymda görünýärdi täze heň,
Ýüz- gözümem ýagtylypdyr öňküden.
Gördüm şonda, ganat baglan göwnümi,
Garşylajak takdyrymyň dürlerin.
Ýogsam, düýş perisi nireden bilsin,
Hemmeler-den
pynhan tutan syrlarym?!
***********
Uzuk Agamyradowna

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.