Ýagyş peseldi.

Üçegiň demrinde “şyt-pyt”, “şyt-şyt”, “pyt-pyt”...

Diňe özüne mälim ýagyş dilinde kimdir birine nämedir bir zat barada pynhan habar ýollaýan ýaly...

Kimekä?

Özem näme hakda?

“Bakylyk – bu,

suw...” diýýämikä ýa?

Tamynyň gapysy açyldy.

Jygyldysy dagy näteňet?

Ýaglamaly bolupdyr.

Ulusyna-da, ortanjysyna-da aýdanyna iküç gün-ä bolandyr.

“Äý ýo-laý, büler düzeljekgäller-laý! Diňe maňa gereg-ä şü tünek. Olar bolsa boýlaryny muň bilen boýdaş edip, bärde, kakasynyň külbesinde kireýine, wagtlaýyn ýaşaýalar-a...Häk...”.

Gahary geljek bolup başlady.

Ýagşam “şyt-pyt”, “şyt-şyt”, “pyt-pyt”...

“Seňki näm-aý, şumat?! Sluşaý, ýürege düşdüň-aý, sapsym bar-a...”.

Öýdäkisiniň tanyş çybşyldysy.

Gözüni göterdi.

Elinde çaklaňja ýorgança bilen galyňam desmal.

Içinden-ä...nemetdi...

Birhili ýylap gitdi.

Daşyndanam gatyrgandy (...syrady).

-Näme turduň? Ýatywermeli keniň-dä.

-Ýatamok-la hälem. Girip-çykanyňam eşidip ýatyrdym.

Gapdalyna geçip, desmaly ikisiniňem aşagyna ýazdy-da, oturdy. Ýorgançany onuň arkasyna ýapdy:

-Üşäýme birden. Kiçiň ynjalaryna garaşdym-la.

-Nähili?-diýip ol sorady.

-Hudaýa şükür, gyzgyn-a ýok. Burnuna-da ýatmanka damdyrdym. Düzüwli dem alyp bilmän “myşşyldab-a” ýatmaýar-diýdi-de, aýaly howany uzyn-uzyn ysgady. Soňam oň egnaşyr garanjaklap, aňyrsynda duran boş bulgury gördi:-Ýene kofe içdiňmi? Özüňem-ä: “şü ýaranog-ow maňa, ýüregimi sançdyrýa” diýip ýörsüň...

Aýalynyň äheňindäki çuňňur alada nämüçindir oň ýüregini gysdyrdy.

Ejesi ýadyna düşdi...

Gök gümmürdedi.

Ýagşam “şyt-pyt”, “şyt-şyt”, “pyt-pyt”...

“Näme diýjek bolýaňyz-aý war-a? Näme aýdasyňyz gelýän bolsa, adam ýaly adam dilinde aýdyň-da tükediň-dä-how! Wäpçe bizar etdiňiz-laý, war-a! Ýöne biriň-ä “gümmür-gümmür”, beýlekiňem “şyt-şyt”, “pyt-pyt”...”.

Bu gatyrganmaly oýlanma kellesine gelen dessine-de, ol birdenkä:

-Äý men ölerin-laý!-diýip, morta gepläp goýberdi.

Nämüçin beýtdi?

Özem düşünmedi.

Belki, kimdir biriniň, şumat şu ukusyz, ýalňyz gijede özüne ejesiniňki ýaly dözmezçilik etmegini küýsändir.

Ýa-da tokly osuran ýaly bar oýun eden bolşy şodur.

Ýogsa beýle çökder gepi dilinden sypdyrar ýaly neme-de däl-le welin, özi.

Hudaýa şükür, aýagy sodaja sorkuldap dursa-da, öňki günküler ýaly, yzasy bilen janyny alyp gelmeýär. Ýüregem käte bir sanjyp gitse-de, yzyny üzmän agyryp duranok. Ýagdaýam, ýagşy. Birki hepde mundan öňki ýaly halys eňkamy agyp barmaýar...

Onda nämüçin beý diýdi?

Hudaý bilsin...

Onýança gulagynyň eşidenine özem ynanmaýan ýaly aýaly birsellem doňňara-daş bolup oturdy-da, birdenem ýerinden turdy.

Sesini çykarman arkasyna geçdi.

Sesini çykarmanam onuň çiginlerini owkalap başlady.

Gök gümmürdedi.

Ýagşam “şyt-pyt”, “şyt-şyt”, “pyt-pyt”...

Gijäňem salkynlygy çigrege öwrüldi.

Towuklar biraz köşeşdi.

Ýyldyrym çakanok.

Birdenem ýagyrnysyna ýapylan ýorgança bir zat damyp ugrady.

“Pyt-pyt...”.

-Hiç zadam bolmaz...-diýende höwrüniň sesi nämüçindir aglamjyramaly çykdy.

Belki, göwnünedir.

Şumat nämüçin aglasyn-aý?!

Näme, ölüp ýatan bamy?

-Nämüçin?-diýip ýene-de morta dillendi.

-Sebäbi saňa birzat bolsa, biz üçinem hemme zat gutarýa...

...diýdi-de, aýaly sojap dem aldy.

Oturanam şeýtdi.

Gök gümmürdedi.

Gümmürdäbersin.

Gije dowam edýär.

Şo-da oňatlyk.

Kimdir biri oturanlaň gulagynyň agzynda, olara bahyllyk bilen myşlady...

 

© S.Ataýew. Garym-gatym dünýä. Eserler ýygyndysy VII jilt. – Aşgabat, 2022. Golýazma hukugynda.