Bu sahypa Teswirleriň siz barada haýsy maglumatlary ýygnaýandygyny, olary näme üçin ulanýandygyny we olary nähili dolandyryp biljekdigiňizi düşündirýär. Biz maglumatlaryňyzy satmaýarys.

1. Haýsy maglumatlary ýygnaýarys

Hasap maglumatlary. Agza bolanyňyzda: adyňyz, ulanyjy adyňyz, e-poçtaňyz we açar sözüňiz (açar söz diňe şifrlenen görnüşde saklanýar, ony hiç kim, hatda biz hem okap bilmeýäris). Google arkaly girseňiz, Google-dan adyňyzy, e-poçtaňyzy we suratyňyzy alýarys.

Profil maglumatlary. Islege görä goşýan zatlaryňyz: surat, örtük suraty, doglan gün, jyns, ýaşaýan ýer we salgylar.

Ýazgylaryňyz. Makalalar, pikirler, teswirler, halamalar, ýatda saklananlar, yzarlamalar we ýüklän suratlaryňyz we wideolaryňyz. Makalalar, pikirler we teswirler hemmä açyk.

Şahsy hatlar. Diňe söhbetdeşligiň agzalaryna görünýär. Hatlar hyzmaty işletmek üçin serwerlerimizde saklanýar.

Ulanyş maglumatlary.

  • Soňky gezek haçan onlaýn bolanyňyz («onlaýn» belligi üçin). Belli bir bal toplanyňyzdan soň muny sazlamalarda gizläp bilersiňiz.
  • Hasaba giren okyjylaryň makala okaýyşy: haýsy makalany açandygy, näçe wagt işjeň okandygy we nirä çenli okandygy. Ýazar muny diňe jemi san görnüşinde görýär, okyjylaryň atlary hiç haçan görkezilmeýär.
  • Telefon bildirişlerini açsaňyz, enjamyňyzyň bildiriş belgisi.

2. Maglumatlary näme üçin ulanýarys

  • Hasabyňyzy açmak, sizi tanamak we hasabyňyzy goramak.
  • Ýazgylaryňyzy görkezmek, bildirişleri we hatlary ibermek.
  • Ýazarlara öz makalalarynyň statistikasyny görkezmek.
  • Spam, aldaw we kadany bozýan ýazgylar bilen göreşmek (moderasiýa).
  • Saýty kämilleşdirmek we ýalňyşlyklary düzetmek.

3. Daşary hyzmatlar

Saýty işletmek üçin şu hyzmatlardan peýdalanýarys:

  • Google Analytics — haýsy sahypalaryň köp okalýandygyny, adamlaryň saýta nireden gelýändigini we esasy hereketleri (agza bolmak, ýazgy goşmak ýaly) umumy san görnüşinde görmek üçin. Muny brauzeriňizde mahabat/yzarlaýyş böwedijisi bilen öçürip bilersiňiz.
  • Sentry — saýtda ýalňyşlyk ýüze çyksa, onuň tehniki beýany bize gelýär. Oňa açar sözler, hatlar ýa-da ýazgy mazmuny goşulmaýar.
  • Firebase (Google) — telefon bildirişlerini ibermek üçin.
  • Cloudflare R2 — ýüklän suratlaryňyzy we wideolaryňyzy saklamak üçin.
  • Google — «Google bilen gir» saýlasaňyz.

4. Kukiler (cookies)

  • Giriş kukileri — hasabyňyzda galmagyňyz üçin zerur. Olarsyz hasaba girip bolmaýar.
  • Sazlamalar — meselem, gije/gündiz reňk tertibi.
  • Google Analytics kukileri — ýokarda beýan edilen statistika üçin.

5. Maglumatlaryňyzy dolandyrmak

  • Profiliňizi islän wagtyňyz üýtgedip bilersiňiz; e-poçtaňyzy gizläp bilersiňiz (onlaýn bolşuňyzy hem — belli bir bal toplanyňyzdan soň).
  • Islendik adamy bloklap ýa-da onuň bildirişlerini ýapyp bilersiňiz.
  • Hasabyňyzy pozup bilersiňiz (Sazlamalar sahypasynda). Şonda pikirleriňiz, makalalaryňyz, teswirleriňiz, halamalaryňyz we yzarlamalaryňyz pozulýar. Beýleki adamlara iberen hatlaryňyz olaryň söhbetdeşliginde «Pozulan ulanyjy» ady bilen galýar, sebäbi olar şol adamlaryň hem söhbetdeşligi.

6. Maglumatlary goramak we saklamak

Saýt bilen baglanyşyk şifrlenen (HTTPS). Açar sözler şifrlenen görnüşde saklanýar. Maglumatlar hasabyňyz bar wagty saklanýar; hasabyňyzy pozanyňyzda, ýokarda aýdylyşy ýaly pozulýar. Ätiýaçlyk nusgalarda olar belli bir wagt mundan beýläk hem bolup biler we soňra awtomatik pozulýar.

7. Bu syýasatyň üýtgemegi

Bu syýasaty täzeläp bileris. Möhüm üýtgeşmeler barada saýtda habar bereris. Ýokardaky sene soňky täzelenen wagtyny görkezýär.

8. Habarlaşmak

Maglumatlaryňyz barada soraglar üçin: teswirler.app@gmail.com. Şeýle hem Ulanyş şertlerine serediň.