On bäş ýyl öň Germaniýa gidemde, ýolda sataşan bir adamyň geýen gara reňkli ýeňsiz futbolkasyndaky şu ýazgy ünsümi çekipdi: “Good guys wear black” – gowy adamlar gara [reňkli geýim] geýýär. Egin-eşige gezek gelende, gara reňkli geýimler meniňem kiçilikden bäri iň halaýan reňkim. Egin-eşik garderobyma seretseň, gara reňk häzirem agdyklyk edýär. (Arasynda gelnim "sen diňe gara reňkli zat alýaň, geýimiň, köwşüň, kepkaň, şarfyň... hemmesi gara" diýip igenýärem). Dogry, gara reňkli geýim adatça ýas bilen baglanyşdyrylýar. Dünýäniň köp ýurtlarynda ýasda gara reňkli geýim, baş gaby geýilýär.

Meniň pikirimçe, gara reňkli egin-eşikler hem erkekleri hem-de zenanlary bezeýär. Elbetde, geýim dizaýnerleri, biçüwçiler has gowy düşündirerler. Meniň özüm-ä uly-kiçi, hemmelere azyndan üç-dört sany gara geýim geýmegi maslahat berýärin. Dogry, gara reňk günüň şöhlesini beýleki reňklerden has köp özüne çekýär. Biziň howa şertlerimizde, esasanam tomsuň yssy günlerinde gara reňk geýmek gowy pikir bolman biler.

Egin-eşikde “good guys wear black” şol günden bäri meniň sygaryma öwrüldi. Käte-käte tanyşlaryma-da özara gürrüňdeşlikde bu sözi ýatladýan.

Size-de maslahatym edil şeýle.

 


ÝALŇYZLYK, SOŇKY 30 ÝYLDA BARHA ARTÝAN ÝALŇYZLYK...

Amerikada çap edilýän "The Atlantic" žurnalynyň iň soňky (geçen hepde çykan) sanynda okan bir makalamda şeýleräk setirler bar: “Soňky otuz ýylyň dowamynda amerikalylaryň kart oýnamak; sport oýunlaryna tomaşa etmek; bara gitmek; meýletinçilik we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagynyň derejesi örän peselipdir. Mysal üçin, aýda azyndan bir gezek myhman kabul etmegiň derejesi 1995-nji ýyl bilen deňeşdirlende 20%; 1975-nji ýyl bilen deňeşdirlende bolsa 70% peselipdir.”

Makalada awtory munuň birnäçe sebäpleriniň bardygy aýdýar. Esasy sebäpleri hökmünde bolsa ine şulary getirýär: amerikalylaryň başagaýlygy has ýokarlanypdyr; hojalyklaryň aglaba böleginde azyndan iki adam işleýär; çaga ulatlak has köp wagt talap edip başlapdyr; özara dostluklar gowşapdyr.

Awtor şeýle-de iň esasy sebäp hökmünde bolsa, tehnologiýany agzaýar. Ýagny, tehnologiýaň mümkinçilikleri netijesinde amerikalylaryň öýde has köp wagt geçirmegi üçin amatly şertleri döredipdir: telefondan gepleşiklere, kinolara tomaşa etmek; sosial mediýa platformlary; podkastlar; dürli güýmenje mobil oýunlary; öýüňe nahar sargatmaklyk, we beýlekiler. Netijede, öň beýleki adamlar bilen edilen ähli güýmenjeler diýen ýaly, indi ýeke bolup etmäge şert döräpdir.

Meniň pikirimçe, adam ýeke, ýalňyz ýaşamak üçin ukyply däldir. “Ýekelik hudaýa ýagşy” diýlişi ýaly, adam maşgala, topar, köplük bolup ýaşamaga ukyplydyr. Ýokarky makalada agzalýan, jemgyýetde ýokarlanýan ýalňyzlyk diňe bir Amerika mahsus ýagdaý däldir. Bu Internetiň, sosial mediýa platformalaryň giňden ýaýran dünýädäki ähli ýurtlarynda bar bolan ýagdaýdyr. Belki derejesi tapawutly bolup biler.

Meniň pikirimçe, adam öz daş-töweregindäki ýakynlaryna, dostlaryna-joralaryna, olar bilen bolan gatbaşyklaryna gadyr goýmaly. Ol gatnaşyklary Internet bilen gelen zatlara pida etmeli däl. Soňky ýyllarda dünýäde artýan ruhy çökgünlik (depressiýa) we beýleki ruhy-psihi keselleriň barha köp ýüze çykmagynyň düýp sebäbi, ine şu tehnologiýa bilen jemgyýetdäki adam gatnaşyklaryň gowşap, adamlaryň barha ýalňyzlaşmagydyr.

 


“MEN BOLSA TÜMLÜGE GÖMÜLÝÄN...”

Bu gezekki ýazgymy, meniň halap diňleýän aýdymçylarymyň biri bolan, aramyzdan ir giden meşhur iňlis aýdymçysy Amy Winehouse-yň belli “Back to Black” aýdymynyň gaýtalama bendi bilen jemleýärin.

Aýdymyň sözlerine geçmezden öň size, Amy Winehouse-yň ýaşan ýerinde (London şäheriniň Camden etraby) bir diwara çekilen suratyny paýlaşýaryn. Amy Winehouse-a "Kemdeniň şa zenany" (Queen of Camden) hem diýilýärdi.

Diri wagty Amy Winehouse-yň janly sesini diňlemek maňa nesip edeni üçin özümi juda bagtly saýýan.

Awtoryň belligi: Amy Winehouse-yň ýaşan ýeriniň golaýynda ýerleşýän teatryň diwaryna çekilen suraty (London şäheriniň Camden etraby). Suratyň aşagyndaky "Emi perişde" (Angel Amy) ýazgysy ünsüňizi çekdimi?! [Suraty düşüren: makalaň awtory].

Amy Winehouse-yň “Back to Black” aýdymy 2006-njy ýylda çykdy we gysga wagtda aýdymça dünýä derejesinde uly meşhurlyk getirdi. Aradan 20 ýyl geçendigne garamazdan bu aýdym häzirem tutuş dünýäde millionlarça adam tarapyndan söýüp diňlenýar.

Ine şol aýdymynyň gaýtalama bendi (terjime eden - awtor):

Biz diňe dilden hoşlaşdyk,

Men ýüz gezek köýdüm.

Sen oňa dolanýaň,

Men bolsa tümlüge gömülýän...

 

Şol bendiň iňlis dilindäki sözleri:

We only said goodbye with words
I died a hundred times
You go back to her
And I go back to black...

 

Sag-salamat galyň.

Bellik: şu makala ýazylanda aşakdaky çeşmäniň maglumatlaryndan peýdalanyldy:

  • Thompson, D. (2026) ‘Why Americans Stopped Throwing Dinner Parties’, The Atlantic, 1 October.

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.