Google Photos-da ätiýaçlyk nusgasy döredilen suratlar we wideolar Google hasabyňyzda ýer tutýar. Gmail, Google Drive we Google Photos şol bir ýady ulanýar.
Üns beriň. Bu gollanmadaky ähli ädimleri, şol sanda üýtgedilen programmany gurnamagy we ulanmagy, öz töwekgelçiligiňiz bilen ýerine ýetirýärsiňiz. Google algoritmlerini täzelese, bu usul işlemegini bes edip biler. Ilki bir wideo bilen synap görüň.
Pixel?
Google 2016-njy ýylda ilkinji Pixel we Pixel XL smartfonlaryny tanyşdyrdy. Bu iki modelde Google Photos-a suratlary we wideolary asyl hilinde, mugt we çäksiz ýükläp bolýar. Şol enjamlardan ýüklenen media faýllar Google hasabyndaky ýadda ýer tutmaýar. Soňky Pixel modellerinde bolsa bu mümkiçilik aýryldy.
Aşakdaky usul hem Google Photos biziň telefonymyzy hem ilkinji Pixel hökmünde görkezýär.
Gerekli zatlar:
1) microG Core.apk — üýtgedilen Google Photos-da Google hasabyňyza girmek üçin
2) Google Photos.apk — üýtgedilen Google Photos-yň gurnama faýly
1. APK faýllaryny gurnaň
Telefonyňyzda
microG Core.apkfaýlyny açyň we Install düwmesine basyň.Android rugsat sorasa, Settings düwmesine basyň we APK faýlyny açan programma üçin Allow from this source sazlamasyny açyň. Soňra yzyna dolanyp, gurnamagy dowam etdiriň.
micro G gurnalandan soň,
Google Photos.apkfaýlyny açyň we Install düwmesine basyň.
2. GMS
Telefonyňyzda
microG coreprogrammasyny açyň
gms core apk

Öz Google hasabaňyza giriň

3. Google Photos
Telefonyňyzda
Google Photosprogrammasyny açyň
Google Photo Programma ähli rusgatlary beriň
Google Photo hasaba girmeklik zerurlygy ýok. Awtomatiki microG cored-a hasap ulanylýar.
Ýüklemek isleýän mediaňyzy saýlaň ýa-da awtomatiki ýüklemekligi sazlaň

google photo Ýüklenen faýly şol bir hasap bilen Google Photos saýtynda barlaň. Soňra Google One-da Google Photos-yň ulanýan ýadynyň artandygyny ýa-da artmandygyny barlaň.
Käte çagalykdan galan ýekeje surat tutuş bir güni ýadyňa salýar. Ýyllar geçensoň şol suratlary maşgalaň bilen bilelikde görmegiň lezzeti başga.
Telefon çalşanyňyzda-da şol suratlar ýitip gitmez ýaly, olaryň nusgasyny Google Photos-da saklap bilersiňiz. Iň gymmatly suratlaryňyzyň ýene bir nusgasyny kompýuterde ýa-da daşarky diskde saklap goýuň. Şeýdip, bir gün öz çagalyk suratlaryňyzy çagalaryňyza-da görkezip bilersiňiz.

Teswirler (11)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň