— Bir gezek şeýle waka boldy. Türkmenistanda tanymal, baýry mugallym Ata Akbäbäýew Atamyrat Atabaýewi, Atajan Annaberdiýewi, Amannazar Aşyrowy, Annamuhammet Nutyýewi, meni myhmançylyga çagyrdy. Onça ýazyjy-şahyr ýygnanansoň, toýçulyk bolýar-da. Ýöne Atanyň ejesi bende birden keselläýipdir. Onsoň, şowhunsyzrak oturyp, iýip-içip mes bolup otyrys. Ata-da daş çykyp gelip, «Ejem gowulaşypdyr, aýdym-saz edäýeliň» diýip, Atajan Annaberdiniň eline akkordeony tutdurdy. Atajan örän uly lirik şahyr, örän ajaýyp göýende, örän ajaýyp aýdymçy. Özüniň hem onlarça aýdymy bar, ýöne käbir ýazyjylarymyz ýaly adynyň yzyna kompozitor diýip goýmany halamaýar...
Atajan aýdym aýtdy, köne aýdymlardan aýtdy. Daňyň öňýany Agamyrat Ýagmyrowyň meşhur «Ýene geldiňmi» aýdymyny aýdarman bolup, öňüniň kyssasyna başlady. Göroglynyň atyny iýdip Ýyldyz daglaryna barşyny suratlandyryp, buýra gara saçlaryndan derini seçelendirip, obraza girip, şeýle bir gürrüň berýär. Onuň burçak-burçak derleri gözleriniň ýaşy bilen birleşip, endamyndan şabrap akýar. Şahyr-da!.. Biziň içimizde-de gözünden ýaşyny dökmeýän ýok... «Nalaç galan Görogly birden gowagyň agzyna bakýar. Ol Agaýunus perini görüp, bozulyp, begenip şu aýdyma başlady» diýip, Atajan akkordeony iki ýolaýjak bolup, dessandaky «Ýene geldiňmi» aýdymy bir goýberdi weli, endam-janyň jümşüldeşip, oturar ýaly bolmady. Aýdym gutardy. Ýarym minut ýaly dym-dyrslyk boldy, birden Atanyň jaýynyň uzyn zalyndan bir agy başlady weli, saçymyz syh-syh boldy. Kellä ilki gelen pikir: Atanyň ejesi ýogalandyr!..
Soň görüp otursak, Atajanyň Göroglydan aýdym aýdyşyny diňlemek üçin, Atanyň aýaly, gelnejeleri, goňşy aýallar üýşüp, biziň meýlisimizi bozmajak bolup, uly zalda ses-selemsiz oturypdyrlar. Emma Atajanyň agy gatyşykly aýdymyna tap getirmän, görgüliler ýöne möňňürşäýen ekenler...
Görogluda hiç bir kitapda ýok gudrat bar!
Görogly barada oýlananyňda bir agyr yza gursagyňa iýiji ýaly bolup ýaýraýar.
Nobatguly REJEBOW

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň