Men saňa nirede, niçik duşdumkam?
Haýsy kelläm bilen düşdüm yzyňa?
Endik däl, ýakama ýapyşan humar,
Başda joşgun beren, soňuň gussaly.
Seni duýmak üçin jebirler çekdim,
Gijelem ukusyz geçdi elewräp.
Gündizlerde gözüm açyk kör gezdim,
Içimi gyjyklan ýetginjekligiň
Ellerin çapdym.
Soňra, seni alyp gaçdy dellikler.
Garaşmaga durdum,
Da:şa ekilen gül deý...
Gelsin diýip göwün törüm boşadyp,
Ýazda tämizledim, ýelejiretdim,
Açyp goýdum penjiresin, gapysyn.
Ýa meýillenmediň
ýa-da azaşdyň...
Belki-de, bir ömür senem lal açdyň?
"Gitjek ýerim-de ýok, men saňa geldim,
Ýat ýerleri küýsemegi bes edip"
Gelsene, şu jümläňi sowgat getir-de.
Ýaryň gujagyndan gözleýän ýalnym,
Tapdyrmady ýa tapmadym.
Sen deýin batanok kalbyma täsin.
Aňladym seň meni gabanýanlygyň...
Söýgi bilen gelip
Ýene söýgi bilen gitdiňmi menden?
Kämil gelmeseň-de bor,
Edil gelişiň deý ilki söýgimde.
Duýdansyz gel!
Duýduryp özüň.
Niýetim däl, diýdirmek:
"Şol oglan gowy ýazýa!"
Ilkiler dek özümizçe ýazaly,
Oturun seredip saňa
Poeziýa!
Jogabyň barmy?!
Edepli Gödek

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.