MEN.
Garaşmakdan surnugan,
Ýüregi howlugan
Bir ynsan — Mendim!
Ençe sapar urnubam,
Eltip bilmän gowluga,
Meni ýigrenen — Mendim!
Öz ýalnyna duwlanan,
Berk gaýaka ownugan,
Kalby sap — Mendim!
Seret, däde, ogluňa!
Düýşim ýordum oňluga,
Garany bogan — Mendim!
Aldym paýym ogurlap,
Ýadatdy-la dogry lap.
Biynsap — Mendim!
MENDIM —
Menligime bendi.
Men arassa ynsandym,
Soňra günälem söýdi!
****
SEN AGLAMA.
Diñlemegmi goýdum duýgularymy.
Gümledim sesini
Yşgymy bogup.
Ne döw çaldy aýnadaky özüm däl,
Gözüme görünýän kim
Del sudur bolup?
Günler meňzeşleşdi,
Aýlar sensizleşdi.
Terligin ýitirdi, höwäsim bitap,
Deñlemäm bar — "ölüm deñdir juwanlyk".
Günä tapdym sogaplarmy ýuwarlyk...
Okaýan zynany meñ üçin kitap.
Peltekledi hakykadyň nobaty.
Saňa özüm aklajakdym
Satyp goýberdim bagtyň üçin
ýokdur indi gurbatym.
Arzylanýan gelin bol, ýaglyjak daň,
Sen aglama,
Seň üçinem aglajak bar.
****
ÝEŇILEN SOWAL.
Dünýä maňa näme berdi?
Birje ýürek...
Dünýä menden näme aldy?
Iki ýürek...
Häý, keçpelek!
Ýeri, onsaň sözle-dä
neneň gözýaş içmejek..?
Gujak howruma göz diken
Bu galtaman dünýäde
Bir arym bar, almasam
Uzak durman günäden...
Saçym düşer — güýz mende-dä,
Göwnüm sowar — gyş mende.
Bahar sende,
Tomus sende,
Gel, aram tapaýyn, bu
Mähri terkimiş tende.
(Men bir ynjamyş bende.)
Dünýä saňa näme berdi?
Meni berdi senden asla göçmejek.
Dünýä senden näme aldy?
Meni aldy...
Ýüregiňden özge ýoly geçmejek...
Ýeri, onsaň sözle,
Sen nirede düşlejek..?
****
TÄZELENIŞMEKÇILIK.
Dünýä täzelenýär äwip durandyr,
Ynsandan ozdurýar ynsanyň nesli.
Yza baksam kän däl ýaly geçenim,
Ýaşym gaýtalaýar: "Boldy ep-esli!"
Ýaşym gaýtalaýar: "Boldy ep-esli!",
Büdrän daşyň aýyr indi ýodadan.
Kemçilikdir göwün görüp ýörmegem,
Çola çykjak, tanyşlardan ýadadym.
Çola çykjak, tanyşlardan ýadadym,
Belki yraklardan taparyn özüm.
Ýa bagta duşaryn täze mekanda,
Ýa gadryn bilerin çöregiň-duzuň.
Ýa gadryn bilerin çöregiň-duzuň,
Gidýärin Watana sazlap sagadym.
Ýaşlyk bar ýazygy göterýär diýip,
Bagyşlaň!
Her ösen ýelde galgadym.
Yşga düşünmezden aňtadym ýary,
Söýmek — duşuşukdan ybarat öýdüp.
Özümi terjime edip başladym,
Şowuna bolsa okalaryn söýlüp.
Şowuna bolsa okalaryn söýlüp,
Durmasam bor bezeg üçin tekjede.
Gorkdugym däl,
Gaçdygym däl,
Mertlik bu;
Biraz syrly geplejek...
Biraz syrly geplejek...
Goý, ony çözýänçäň garaşgyn maňa.
Gijeleriň täkliginden saplandym,
Ulaşdym daňa.
Ulaşdym daňa,
Pikirlerim ynjalyksyz däl şindi.
Söýgümiziň ömrün ölçerip ýörkäm,
Täleý gulagymda pursat ýygşyrdy...
Edepli Gödek.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň