Senden soň ekilen umutlarymyň,
Ynan, hiç birinden derek tapmadym.
Ýalňyzlygyň aýazynda galsam-da,
Men şonda-da senli arzuwlaryma
Palta urup, odun edip ýakmadym.
Kaýyl boldum yzda galan ýatlama,
Şonuň bilen gijelermi güýmedim.
Söýgimiziň "ýasy" güni geýilen,
Täze köwşem şat toýlara ýörmedi.
Ynha, ýene awgust bilen hoşlaşýan,
Salkyn howa, üşeýärler ýapraklar.
Ah, şu güýzem tizden gelip geçsedi,
Dar kalbym bir gyşda rahatlyk tapýar.
Dört pasylam gar syrygyp dursa-da,
Şeýle peýzaž irikdirmez birjigem.
Çünki meniň buzlap giden duýgulam,
Diňe "gyş" diýp edip bolýar terjime.
Edepli Gödek

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň