Wakadan-wakanyñ ugruna gidip,
Men durar ýerinde, belki, durmadym,
Okyjym, soraga maý-da bermedim.
Eger ýalñyşmasam, bolsa pursadyñ
Ine, şu bolardy sorajak zadyñ:
«Hany Ogulnabat, hany Akmyrat?
Hany ol Öwezjik – ol ýeke zürýat?
Neneñ-niçik boldy olañ takdyry
Eziz gahrymanlar galdymy diri?»
~
Gyz bilen hoşlaşyp biziñ gahryman,
Gaýdypdy yzyna gaty şadyýan.
Howlukman bir özi çalaja ädip,
Şatlykly geljegiñ pikirin edip,
Hoş hyýallar bilen öýe ýetipdi,
Hiç zada güýmenmän, ýañy ýatypdy.
Şindi uklamandy ýumsa-da gözün,
Birden sallançakda duýdy ol özün.
Saýgara salym ýok näme bolanyn,
Özi-de bilmedi zöwwe galanyn.
~
Agdy koridora şakyrdap gapy,
Ýok eýýäm diwaryñ köçe tarapy.
Kerpiçler astynda galdy krowat,
Zyñdy köçä tarap özün Akmyrat.
Uruş wakalaryn saldy ýadyna,
Sezewar bolanda topuñ oduna,
Ýa duşman maý tapyp gökden çozanda,
Ilatly ýerleri oka düzende
Turardy üstünde bir apy-tupan,
Tozandan, tüsseden dolardy asman.
~
Bir hili aljyrap duran mahaly
Ýadyna düşdi-de goñşy aýaly,
Onuñ adyn tutup ençe gygyrdy,
Göz aýlap her ýana ep-esli durdy.
Ses-üýn ýok hiç ýerde, ýuwaş-ýuwaşdan,
Barha ýakynlaşyp garady daşdan.
Hanha, krowaty tamyñ töründe,
Garry görünmedi ýatýan ýerinde.
«Ol-da meniñ ýaly sypandyr, belki».
Göwne aram berip oýlandy ilki.
~
Ýene-de gygyrdy, ýene seretdi,
Jogap ýok, her ýana hereket etdi.
Görse öñ ýanynda ýatyr bir göwre,
Ýüzin ýykylypdyr ýazylyp ýere.
Üstüne kerpiç-de, gum-da gaçmandyr
Ýa-da ýara düşüp, ganyn saçmandyr.
Diýdi: «Ýürekdendir» – ýaýkap başyny,
Howlynyñ bir ýerne eltip läşini,
Köneden-küşülden bir zatlar tapdy,
Biçäre garrynyñ üstüne ýapdy.
~
Egninde eşik ýok, aýagynda gap,
Belet köçämizden ugrady ylgap.
Ýapykdy köçäniñ pyýada ýoly,
Kerpiçden, tagtadan, demirden doly.
Sojap dem alýardy, akýardy deri,
Şol gidip barşyna görüp käýeri:
«Görerim, görmezim boldy gümana,
Adam galarly däl baksañ her ýana.
Eger duran bolsak ýene bir sagat,
Belki, ikimiz-de galardyk sagat...».
~
Ynha, tut agajy, ýañy şu ýerde,
Arassa howada, abat şäherde
Söýgüli gyz bilen ýüzbe-ýüz durup,
Bir-birniñ ýesiri ýürekler urup,
Düzülen dutary ýada salypdy,
Hyýallar atlanyp, göge galypdy.
Häzir her belany salýardy ýada,
Üç-dört köçe galdy indi arada.
Ok dek ýüwürýärdi gorky astynda:
Diýerler: «Ýetimi düýäñ üstünde
~
Ýylan çakarmyşyn ýatanda bagty!» –
Ýatlap şu nakyly, gamlandy gaty.
Ýetdi ýatakhana, näderin bilmän,
Iki gat gözel jaý gözüne ilmän,
Ýaýdandy ep-esli, öñkiñ üstüne
Şaglap bir gara der indi dessine.
Endamy sandyrap, ýüregi jigläp,
Garañky içinde dört ýana ylgap.
Seretse, her tarap bütin gyk-da-bak,
Öñki belet ýerin tapyp bilenok.
~
Hasylap, hasylap zordan dem alýar,
Gözi töwerekde, durup diñ salýar.
Edil ýakynyndan şeýle ses geldi:
«Wah, özüm guraýyn, Öwez jan galdy!»
Durmady, at saldy, bardy şol demde,
Ynha, Ogulnabat içki geýimde,
Çöşlenen saçlary sallanyp durýar,
Aljyrap özüni her ýana urýar.
«Darykma! Darykma! Ol nireräkde?»
«Wah, barar ýaly däl! Galdy aşakda!»
~
Bagtyñ açyk bolsun, mähriban çaga!
Hossaryñ sen tarap indi aşaga.
Neneñ döremesin gyzda howatyr,
Bil ýaly pürsler keserip ýatyr.
Çagşaşyp her ýerde kerpiçler, daşlar,
Naýza dek çüýlerin gezäp agaçlar
Ýigdi ýöretmeýär, uzak saklaýar,
Käýere çak bilen özün oklaýar.
Gitdi ol durmady, aşaga gitdi,
Tozanyñ içinde gözden-de ýitdi.
~
Giñ jahan gyz üçin häzir örän dar,
Ne sabyr, ne takat, ne ynjalyk bar.
Göwresi galpyldap, bir ýerde durman,
Seredýär aşaga gözün aýyrman.
Geçdi ençe salym, gaýdyp gelmedi,
Gygyrdy gyssanyp, jogap bolmady.
Howpy-howatyry has artdy indi,
Bu wagt gara ýer ýene silkindi.
Dik galan diwarlar şakyrdap gitdi,
Turdy alatozan, güwläp ses etdi.
~
Galdy çañ astynda iki mähriban,
«Waý, balam Öwez jan!
Waý, Akmyrat jan!.».
Özün tutup bilmän zaryn ses etdi,
Gözýaşyñ bulagy alkyma ýetdi.
Ýene-de jogap ýok dady-perýada,
«Kerpiçler astynda ikisem ýa-da...»
Elhenç pikirleri getirýär göwne,
Beýleki tarapdan bir görse, ine,
Üst-başy gyzyl gan, aýagyn süýräp,
Çala süýşenekläp, kellesin yrap,
~
Göründi Akmyrat, golunda Öwez,
Topuldy olara diýmän birje söz,
Garsa gujaklady, çöküp dyzyna
Öpdi ikisinem yzly-yzyna.
Süpürdi ýüzünden ýigdiñ ganyny,
Gysdy gujagyna Öwez janyny.
Mañlaýa ýokardan kerpiç gaçsa-da,
Posly çüý aýakdan parran geçse-de,
Tikençe duýulman häzir bu ýara,
~
Ýigit meñzemeýär azary bara.
Garañkyñ içinde garadym daşdan,
Tutup biri-birin, ýuwaş-ýuwaşdan,
Kerpiçden-kerpije basyp üç göwre,
Çekildi şundan soñ gorkusyz ýere.
Ynha, şeýle bolýar, dostlar, her zaman
Eger bir-birine öwrenşse ynsan,
Çydamsyz agyrdyr aýralyk güni,
Häzir şu hakykat gynaýar meni.
Gijemi, gündizmi, tapawut etmän,
Hiç haýsy hiç haçan añymdan gitmän,
~
Jana-jan dost indi ençe ýyl bäri
Boldy gürrüñdeşim bularyñ bary.
Ýürek ynjasa-da, degse-da gaty,
Ahyr ýetip geldi hoşlaşyk wagty.
Hoş galyñ, hoş geziñ, üç mähribanym,
Gutardym siz hakda düzen dessanym.
Takatly okyjym, sen-de eliñ ber,
Käýindiren bolsam sakawlap eger.
Hiçden giç ýagşydyr, ýazgarmañ meni,
Geçersiñ günämi hoşlaşyk güni.
1945–1960
Aman.Kekilow.

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.