GI DE MOPASSAN
GÖWHER MONJUK
I bölüm
Ol käte ykbalyň geň oýnunyň netijesinde döwlet gullukçylarynyň maşgalasynda dünýä inýän näzik, görmegeý we özüne çekiji gyzlaryň biridi. Onuň ne dowleti, ne-de geljegine bolan umydy bardy. Baý, ýokary jemgyýetde abraýly orny eýeleýän bir adamyň ony tanap, söýüp, özüne aýal edip almagy üçin hiç hili mümkinçiligi ýokdy. Şonuň üçin ol Halk magaryfy ministrliginde işleýän pes wezipeli bir gullukçynyň nikalaşmak baradaky teklibini kabul etdi.
Egin-eşik satyn almaga serişdesi bolmansoň, ol ýönekeý geýinýärdi. Emma özüni bagtsyz duýýardy. Sebäbi aýallar üçin jemgyýetde ne gatlak, ne-de nesil aýratynlygy bar. Olaryň gözelligi, näzikligi we özüne çekijiligi dogluşdan berilýän artykmaçlyklaryň hem-de maşgala abraýynyň ornuny tutýar. Aýallara mahsus inçelik, çeýe akyl we nepislik duýgusy halkyň arasyndan çykan gyzlary iň asylly zenanlar bilen deňleşdirýän ýeke-täk ölçegdir.
Ol hemişe diýen ýaly ejir çekýärdi. Sebäbi özüni nepis durmuş, iň ýokary derejeli rahatlyk we kaşaňlyk üçin dünýä inen ýaly duýýardy. Öýüniň garyplygy, ýalaňaç diwarlary, könelip çöken oturgyçlary, reňki solan perdeleri onuň kalbyny ezýärdi. Şol bir ýagdaýdaky başga bir aýalyň ünsüni çekmejek zatlar onuň üçin agyr jebir-jepa bolup görünýärdi.
Öý işlerini alyp barýan kiçijik breton aýalyny her gezek göreninde, onuň kalbynda ajy puşmanlyk we amala aşmajak arzuwlar oýanýardy.
Ol gündogar matalary bilen bezelen, içine gireniňde sessizligiň höküm sürýän kaşaň kabulhanalary arzuw edýärdi. Gadymy bürünçden ýasalan beýik şemdanyň ýagtysynda lowurdap duran otaglary, ýüpek jorap geýen, agras keşpli hyzmatkärleri göz öňüne getirýärdi. Ol hyzmatkärler ýyladyjy enjamlaryň ýakymly ýylylygynda ýumşak kürsülerde süýji uka gidýärdiler.
Ol gadymy nagyşly gymmatbaha matalar bilen örtülen giň zallary, üstünde bahasyna ýetip bolmajak bezegler goýlan nepis stollary arzuw edýärdi. Şeýle-de ol ýakymly atyr ysynyň ýaýran, kaşaň kabulhanalary göz öňüne getirýärdi. Şol ýerlerde sagat bäşde çaý başynda ýakyn dostlar — abraýly, şöhratly we görnükli erkekler kabul edilýärdi. Olaryň ünsüni özüne çekmek bolsa her bir zenanyň göwnüni göterýärdi.
Ol üç günläp ulanylan saçak ýazylan tegelek stoluň başynda adamsynyň garşysynda nahar iýmäge oturanda, adamsy çorba gabynyň gapagyny açyp, şatlyk bilen:
— Ine, kelem çorbasy! Mundan gowy zat bolup bilmez! — diýýärdi.
Şonda Matilda nepis naharlary, lowurdap duran kümüş gap-gaçlary, diwarlary bezäp duran gobelenleri arzuw edýärdi. Ol gobelenlerde gadymy gahrymanlar we jadyly tokaýyň jümmüşinde ýaşaýan erteki guşlary şekillendirilendi. Ol inçe farfor gaplarda hödürlenýän datly tagamlary, gulaga pyşyrdap aýdylýan hoş sözleri, syrly ýylgyryş bilen diňlenýän mylaýym gürrüňleri göz öňüne getirýärdi. Şol pursatda çarşaga dürbiniň gülgüne etinden ýa-da käkilik ganatyndan bir bölek alyp, nepis tagamlardan lezzet almak onuň üçin iň uly bagt bolup görünýärdi.
Matildanyň ne kaşaň köýnekleri, ne-de gymmatbaha şaý-sepleri bardy. Aslynda, onuň iň köp söýýän zady hem şolardy. Ol özüni hut şeýle durmuş üçin ýaradylan ýaly duýýardy. Ol adamlara ýarajak, özüne çekiji we jemgyýetde meşhur zenan bolmagy isleýärdi. Beýleki aýallaryň özüne göriplik etmegini arzuw edýärdi.
Käte ol monastyrda bile terbiýelenen baý jorasy, hanym Forestýeniň ýanyna myhmançylyga barýardy. Emma her gezek onuň öýünden dolanyp gelende, ýüregi şeýle bir ezilýärdi welin, mundan beýläk ol ýere hiç haçan barmazlyga özüne söz berýärdi. Ol günlerboýy öz ykbalyna gynanyp, özüni bagtsyz saýyp, tukatlykdan we umytsyzlykdan aglaýardy.
Bir gün agşam onuň adamsy öýe örän şadyýan halda geldi-de, aýalyna uly konwert uzatdy.
— Ine, al — diýdi ol. — Bu saňa sowgat.
Matilda konwerti howlukmaç açyp, içinden bir çakylyk hatyny çykardy. Onda şeýle diýlip ýazylypdy:
«Halk magaryfy ministri we hanym Žorž Ramponno jenap hem-de hanym Luazelleri 18-nji ýanwar, duşenbe güni ministrlikde geçiriljek agşama gatnaşmaga çagyrýarlar».
Adamsy aýalynyň begenerine garaşýardy. Emma Matilda begenmegiň deregine, nägilelik bilen çakylygy stoluň üstüne oklady.
— Munuň maňa nämä geregi bar, aýtsana?
— Näme üçin beýle diýýärsiň, ezizim? Men sen örän begener diýip pikir edipdim. Sen hiç ýere çykyp görenoksyň. Bu bolsa ajaýyp mümkinçilik ahyryn! Men bu çakylygy almak üçin köp zähmet çekdim. Ol ýere hemmeler gitmek isleýär, ýöne çakylyk hemmelere ýetmeýär. Pes wezipeli gullukçylara beýle çakylyklar kän bir berilmeýär. Sen ol ýerde ähli ýokary wezipeli adamlary görersiň.
Matilda adamsyna gaharly seredip, gaharyny saklap bilmän aýtdy:
— Men ol ýere näme geýip bararyn? Geýere köýnegim ýok ahyryn!
Adamsynyň beýle zadyň onuň kellesine gelmändigi görünýärdi. Ol birneme aljyrap:
— Näme üçin? Teatra baranyňda geýýän köýnegiň bar-a. Meniň pikirimçe, ol örän gowy — diýip, jogap berdi.
Şol wagt ol aýalynyň aglaýandygyny gördi-de, näme diýjegini bilmän dymdy. Onuň ýaňaklaryndan iki sany iri ýaş damjasy syrygyp, dodaklarynyň burçlaryna tarap süýşýärdi.
Ol aljyraňňylyk bilen:
— Saňa näme boldy? Näme üçin aglaýarsyň? — diýip sorady.
Matilda özüni ele almaga çalyşdy. Ol gynanjyny içinde basyp ýatyrdy-da, çygly ýaňaklaryny süpürip, asuda ses bilen jogap berdi:
— Hiç zat ýok. Diňe geýere laýyk köýnegim ýok. Şonuň üçin bu agşama baryp bilmerin. Çakylygy aýaly menden gowy geýinýän kärdeşleriň birine beräý.
Adamsy umytsyz halda ony köşeşdirmäge başlady:
— Diňle, Matilda. Ýene-de başga wagt geýip boljak, ýönekeýräk, edepli bir köýnek näçe pul tutar?
Matilda bir minut çemesi dymdy. Ol çykdajylary içinden hasaplaýardy. Şol bir wagtyň özünde, tygşytly adamsyny gorkuzman, onuň ýüzüni soldurman we haýyşyny kesgitli ret etdirmezden näçe pul sorap biljekdigini ölçerýärdi.
Ahyrsoňy ol biraz ikirjiňlenip:
— Takyk bilemok, ýöne meniň pikirimçe, dört ýüz frank ýeterlik bolar — diýdi.
Adamsynyň ýüzi birneme agardy. Sebäbi edil şol möçberdäki pul onuň tüpeň satyn almak üçin ýygnan serişdesidi. Ol tomusda dostlary bilen Nanteriň töweregine aw awlamaga gitmegi arzuw edýärdi. Dostlary her ýekşenbe güni şol ýere meýdan torgaýlaryny awlamaga gidýärdiler.
Muňa garamazdan, ol:
— Bolýar, saňa dört ýüz frank bereýin. Diňe köýnegiň owadan, baýramçylyk üçin gelşikli bolsun — diýdi.
---
Tans agşamynyň güni golaýlaşýardy. Hanym Luazel bolsa köýnegi eýýäm taýýar bolsa-da, özüne ýer tapmaýardy. Ol tukatdy, ynjalyksyzdy.
Bir gün agşam adamsy oňa:
— Diňle, saňa näme boldy? Soňky günlerde özüňi gaty geň alyp barýarsyň — diýdi.
Matilda:
— Meniň hiç zadymyň ýokdugyna gynanýaryn. Ne bir şaý-sepim, ne-de köýnegimi bezejek ýekeje daşym bar. Men ol ýerde garyp-gasaryň biri ýaly görünerin. Gowusy, asla gitmäýin — diýip jogap berdi.
Adamsy muňa garşy çykdy:
— Köýnegiňe janly güller dakynarsyň. Gyş paslynda bu hatda nepisligiň alamaty hasaplanýar. On frank berseň, iki-üç sany ajaýyp bägül alyp bilersiň.
Emma Matilda razylaşmady.
— Ýok, islämok... Baý aýallaryň arasynda garyp ýaly görünmek nähili kemsidiji!
Şonda adamsynyň kellesine bir pikir geldi.
— Sen nähili akmak ekeniň! Joraň hanym Forestýeniň ýanyna bar-da, ondan bir şaý-sep wagtlaýyn alyp durmagyny haýyş et. Siz biri-biriňize ýeterlik derejede ýakyn ahyryn.
Matilda begenjinden gygyryp goýberdi:
— Dogry aýdýaň! Men näme üçin muny öň pikir etmändirin?
Ertesi gün ol hanym Forestýeniň ýanyna gitdi we öz ýagdaýyny, başyna düşen kynçylygy gürrüň berdi.
Hanym Forestýe aýnaly şkafyň ýanyna bardy-da, içinden uly şaý-sep gutusyny çykardy. Ony Matildanyň öňünde açyp:
— Saňa haýsysy ýarasa, şony saýla, ezizim — diýdi.
Matilda ilki bilezikleri, soňra merjen monjuklary, ondan soň bolsa ajaýyp wenesiýa usulynda ýasalan, gymmatbaha daşlar bilen bezelen altyn haçy gördi.
Ol şaý-sepleri aýnanyň öňünde dakynyp görýärdi. Olary yzyna gaýtaryp bermäge dözmeýärdi, haýsysyny saýlajagyny bilmän ikirjiňlenýärdi. Ol gaýta-gaýta:
— Başga hiç zat ýokmy? — diýip soraýardy.
— Elbetde, bar. Gözläp gör. Seniň haýsysyny halajakdygyňy men nireden bileýin? — diýip, jorasy jogap berdi.
Birden Matildanyň gözi gara atlas gutynyň içindäki ajaýyp göwher monjuga düşdi. Onuň ýüregi güýçli islegden gürsüldäp urup başlady. Ol monjugy sandyraýan elleri bilen alyp, ýakasy beýik köýneginiň üstünden dakyndy-da, haýran galmak bilen aýnanyň öňünde doňup galdy.
Soňra ol ikirjiňlenip, çekinjeňlik bilen sorady:
— Maňa diňe şu monjugy berip durup bilersiňmi?
— Elbetde, berip bilerin.
Hanym Luazel jorasynyň boýnundan gujaklap, ony mähir bilen ogşady-da, gymmatly hazynasyny alyp, öýüne howlukdy.

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...