Atamyrat ATABAÝEW

Bir gün gelip: «Senden gideýin» diýdi,

Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.

«Men özgäni bagtly edeýin» diýdi,

Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.

 

Jogap berdim: «Bolýar gitseň, hoş onda»

Ötegçi şemaly saklanok baglar.

Gujagyndan güwläp gaýdan derýany

Goýbermän saklajak bolanok daglar.

Gitdi. Goý, özgäni bagtly etsin,

Ýeri, nätjek, köňül köşgüň bozulsa?!

Özi göwnäp gitse, goý, gitse gitsin,

Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!

Atamyrat ATABAÝEW