Dostlarymyň biri gürrüň berdi.

Onuň özünden dokuz ýaş uly uýasy orta mekdebi tamamlap, Azady adyndaky diller institutyna okuwa giripdir. Talyplygyň birinji ýylynyň gutaran tomsunda-da olaryň öýüne uýasynyň balkanly, lebaply, maryly, aşgabatly joralary bäş-üç gün ýatymlyk myhmançylyga gelipdirler.

1987-nji ýyl. Obalarda-ha baýak welin, hatda şäherlerde-de üýşüp ýatan sowadyjy ýok.

Oba ýerindä-hä tomus her kes daşarda gurlan, bütin maşgala bolup sygylýan up-uzyndan pessejik agaç sekilerde ýatylýandyr. Köp kişi çybyndyr aýakçydan kösense-de muňa kän ähmiýetem bermez. Azajyk zat bilenem bolsa tapdygyndan oňňut etmäge endikli bendeler, boýnalykdyrlar. Ynjygraklar sygyr-goýundyr düýe dersiniň gas-gaty gemresini köne taňňyra oklap, ýatmazdan öňünçä tüsse ederler. Olam çybyndyr-aýakçyny sähel-mähelem bolsa ürküzip, edil öňküsi ýaly olaryň agaýana üstüňe bosup ýatanlyk ahwalyndan çalamydar halas etse-de, tüssä boglup edýän haýryndan zyýany köp bolaýmasa.

Has janynyň gadryny bilýän çydamsyzraklar hasadan up-ullakan öý ýaly peşehana ediner. Bu-da janyň ujudyr. Gadym aýdymda: “ýar gujagy bu jennetdir” diýlişi ýaly, tomsuň serginden salkyn, dup-dury asmanly gijesinde peşehananyň gujagynda meýmiräp, eşretden ýaňa ymyzganyp barýarkaňam sowujak düşegiňde gymyljyrap, gozganjyrap, bulanjyrap ýatmagyňam lezzeti uçmahdyr-laý.

Umuman, dostumyň uýasynyň boýdaşlaryna-da tomusda öý yssy bolandygy sebäpli gijelerine daşarda düşek salyp beripdirler. Dostumyň ejesi-kakasam sadadan mähriban oba adamlary, “myhman sarpasy” diýip gyzynyň joralaryna öz peşehanalaryny bagyş kylypdyrlar-da, ejelerä-hä ownuk çagalar bilen daşarda, ýere ýazylan keçe-palasda, gemreden tüsse edip ýatypdyrlar. Kakalaram niçigsi yssy bolsa-da, ýaşajyk gyzjagazlary “utandyrmaýyn” diýen niýet bilendir-dä, içerde ýeke özi ýatýan eken.

Şol günler dostumyň daýzasynyň ogly – çykanam bularda myhmançylykda eken. Onsoň bularam, ýaňy dokuz ýaşy dolan oglanjyklar, bir gije çybyndyr tüsseden bukulyp, ikisi bir ýorganyň aşagynda ony depelerine çenli bürenip ýatyrmyşlar. Böwrekleri böküp duran ýaşajyk gyzlar bolsa – başlary birigen serçeler – jürküldeşip, özara hyşy-wyşy gybata gyzyp teý uklamaýarmyşlar. Bularam olaryň iki ädim bäri ýanynda ýatansoňlar, islese-islemeseler eňekleri jaňňyl-juňňul geçileriň pyşyr-pyşyr tükenmezek gybatyna şärik bolmaly bolýarmyşlar.

Onsoň dostumyň uýasynyň balkanly boýdaşy gürrüň berýärmiş:

-...atam uzagrakdan-a däl, ýakynrakdanam görseň, ýöriteläp üns beräýmeseň “oglanjykmyka” diýdirýän, müçesi beter kiçi, girdeneje göwreli, mydama taýpy eňek, köseleç, inçemik ýüzli kişidi. Aýylganç uruşdanam bir gözüni aldyryp, maýyp bolup dolanyp gelipdir eken. Soňam ol bende bütin ömrüne bir gözi çüýşegöz bolup gezdi. Şol ýasama gözem, megerem atamyň özüniň müçesiniň maýdalygy sebäpli, onuň kaddy-kamatyna, göz owasynyň göwrümine laýyklanyp ýasalanlygyndandyr-da, lop-logala ullakan bir zat däldi. “Gölegöz” diýilýän üzümiň dänesine barabar, togalajykdan kiçeňräkdi. Özem pahyr öz synasy bolmansoň elbetde hapalanýandyr, yslanýandyr-da, günüň dowamynda birki gezek dagy çüýşegözüni owasyndan çykaryp, ýuwup, arassaja esgi bilen süpürer ýörerdi. Öte çagaçyldy bende. Bizi dagy gören ýerinde esli hajyk-hujuk etmän golundan sypdyrmazdy.

Takmynan on ýaşymdakam atamyň şol çüýşegözi bilen bagly bir waka boldy. Bir gün öýde, atam-enem, kakam, doganlarymyň-a hemmesi işde, özümden üç ýaş kiçi oglan jigimi maňa galdyran ejemem garyndaşlaryň biriniň üýşmegine görünmäge gitdi. Meniňem şol wagtlar kitaba kellämi aldyryp, maý tapdygym elime ilen kitaby ürç edip okaýan döwrümdi.

Kitaplaryň hemmesem maňa gyzyklydy welin, has gyzyklyragy dagy elime düşäýdigi dünýäni unudýardym. Öýüň işinden, iýgi-içgiden ellibizar geçip, sahypalara başym bilen çümerdim. Şol günüň birki gün öň ýanynda-da bir ýerden-ä kakam Maýn Ridiň “Başsyz atly” diýen, daşy mustanga baş öwredýän sombreroly atlynyň suraty bilen bezelen kitabyny getiripdi. Onam ilk-ä ulular okap başladylar-da maňa ýetmedi. Hiç haýsy öýde ýokka okap göwün solpusyndan çykaýmasam, başga wagta-ha gezek-gezegine basga galyp okaýan agalarymdyr uýalarymyň penjesinden ony alyp biljek gümanam ýokdy.

Onsoň oglan jigimiň näme işläp ýörendigindenem habarsyz kitaby okap ýatyryn. Şol wagtam ol gözagyrysy ýaly bolup bir ýerden çykdy-da: “Gülendam, pampyza ber, süýji iýjek” diýdi. Menem okap ýatan sahypamdan ünsümem sowman: “Bar, tahylda bardyr, özüň al-da iýiber” diýip jabjynyp goýberdim. Bu-da gitdi.

Azajyk wagt geçip-geçmänkä-de ýüzüni piserdip yzyna geldi-de, başujumda çöküp, ýüzüme mölterilip otyr. Bäbeklikden enekesi özüm bolamsoňam o ýaşy uzamyşyň her bir bolan bolşuna ejem-kakamdanam beter men beled-ä.

“Nämetdiň, ýerçeken? Ine-gana kitap okamaga goýmadyň-la, gyz!” diýsem, ýüzüni turşardyp: “Atamyň gözüni ýuwutdym” diýýär-ä. Janym bokurdagyma geldi. Kitaby-beýlekini huşumdan uçuryp, tarsa ýerimden turdum-da oňa ýapyşdym: “Ýerçeken, göz bilen näme işiň bardy? Nädip ýuwutdyň?” diýip ony gyssap ugradym. Özümem oňa bir bolmasylyk bolaýarmyka diýip öler ýaly gorkýanam, aljyraýanam.

“Äý,” diýýär, ýaşy uzap galmyş: “süýji gözledim, tapmadym, birdenem tahylyň üstünde ýylpyldap dur welin, seretmän agzyma salyp goýberipdirin. Pampyzadyr öýdüp, sorjak boldumam welin, öz-özünden ýuwdulyp goýberiläýdi”.

“Merez edäýdi, ýerçeken, zäher edäýdi,” diýýän. Sögýän, gargynjyraýan. Urmaga-da gorkýan. Birden atamyň çüýşegözi onuň syr-sypatyna görä müjülräk gabaraly logalajadan ýylmanajyk bolsa-da, gaty, tokga zat, onuň içinde bir ýerine tegek bolup galaýmasyn diýip çekinýän. Agym tutýar. Howsaladan ýaňa ulilim bilen möňňürip aglaberesim gelýär.

Ýöne goňşy gelnejeleriň birini kömege çagyrmaga-da eýmenýän. Sebäbi haraý hantamaçylygynda çagyraýsam, onuň hökman bolan zady gylyny gyşartmana-ha däl, hatda üstüne ýene şonçaragyny goýubam ejeme elin şugullajakdygy bes-belli.

Onsoň: “Kellesini kitapgüýesi iýen, geçi! Ýene, suw ýaly jigiňe esewan bolmagyň öwezine kitap okap geçirensiň, senjagaz!” diýip, döwüş taýagyň meniň bedibagt gara başymda boljakdygy köre hasa.

Ulularyň birini delalata çagyrmanam, dagy nämetjegimi bilemok.

Birdenem, “iş jygba-jygda biter” diýleni, birdenkä jigimiň içi ýellense ejem bilen oňa wägirenine beýlekisine bakman, basyp-bogup, zor bilen şibit (ukrop) suwuny içirýänimiz ýadyma düşdi. Gyssanjyma şony içirsem dagy bahymrak içi ýöräp, onuň ýuwdan çüýşegözi öz-özünden çykaýmazmyka diýip umyt etdim.

Towsup iki bökenimde ýahdana ýetdim-de, şibit suwly çüýşejigi çykardym. Öň jigime ejem bilen birki çaý çemçe içirýän bolsak, bu gezek janhowluma: “köp bolsa az bolmaz-laý” diýäge-de, bir käsäni gyrpa-gyr doldurdym. “Iç şuny, jigim! Atamyň gözüni içiňden çykarmasak, ol gözsüz gezmeli bolar-da...” diýip, özüm-ä her gepim bogazyma dykyn, şol bolşuma-da zoraýakdan şelaýynsyrap jigime hajyk-hujuk edensiremäge gözgyny çytraşýan. Olam garaja gözjagazlaryny tegeläp, meniň bolşumdan şu pille oňlulykdan özge hemme zadyň gözüniň alnynda bolup geçýändigini aňjak bolýar.

Geň galaýmaly, Hudaý diýen ýerim, öň ejem ikimiz bu jögi zörlewüge islendik dermany, ha ol ajy bolsun, ha süýji bolsun, üçünji jahan urşuny turuzmagyň bäri ýanyndaky ummasyz “gyk-wak” bilen içirýän bolsak, bu sapar ol meniň bolup durşuma haýpy geldimi ýa äm-säm halda näme edýändigine doly düşünmänmi, jyňkyny çykarman käsäni başyna çekdi.

Boldy. Iş-ä bitdi.

Ýeri, indi şondan başga eliňden näme gelýär?

Jigim ikimiz takdyra ten berdik-de, daşaryk çykyp dalbaryň aşagyna geçip oturdyk. Oslagsyz çabga ezilen goşa gumrujyk deý ýanaşypjyk garaşyp otyrys. Ýaňky melhemiň ezeli niýetlenişi ýaly däl-de, meniň ähli özüm, tutuş durkum-düýrmegim, ummasyz çaga yhlasym bilen içimden sözsüz-pikirsiz, diňe sap-arassa duýgudan döredip perýatlaýan nalyşy-efgan islegime görä jigime täsir etmegine.

Birsalymdan soňam Ýaradan Perwerdigäriň özi men pahyr çaga dözmedimi nämemi, jigimiň içi, içegelerinde atlar ula goýberilen ýaly ala-güpürdi bolup ugrady. Ýene sabyr eýläp azsalym garaşdygam welin, ol ýüzüni boz-ýaz edip “meýdan edesiniň” gelýändigi hakynda hüňürdedi.

Gitdik aýaguja.

Tekizje, arassaja ýere geçirip “işini” bitirtdim.

“Boldum” edenden soňam onuň “goparan hokgasyny” çöp bilen dörjesem, ýok ekeni.

Çykmandyr.

Galdym-a gara gaýga.

Ejem gelýänçä “bir zat bolaýmabilseýdir” diýen howatyr bilen jigimiň ýüzüne seredip-seredip öldüm-ä. Ejem dolanandan soň oňa özüm aýtdym. Sebäbi men aýtmasamam jigim aýtjak. Aý, soň bir gopgun turandyr-a.

Meniň ejemden elheder alşym ýaly olam kakamdan çekinýär-ä. Kakamyňam bolan ýagdaýy eşitse ejemiň ýüzünden sypap goýmajagy ikuçsyz.

Onsoň ejem dökünjiräp-dörünjiräp bir ýerden içiňi sürýän duza meňzeş sürgitoz dermanyny tapdy. Mylaýym suwa garyp, jigime şondan içirdik.

Garaz, jigimiň gözi ýuwdanyna ýedi-sekiz sagat geçenden soň, atam, kakam dagy agşam öýe ýygnanýançalar, zoraýakdanam bolsa bu göz çykdy.

Ony ejem ikimiz ýüzümizi awyň sapy ýaly edip, aňkap duran ys-kokuna seňrigimizi ýygryşyp, kindiwanja kepjä mündürip alyp gaýtdyk-da, suwa tutup ýuwduk. Soň arassaja esgi bilen süpürip, öňküje ýerinde goýduk.

Jigime-de derrew, içi geçip durmaz ýaly içagyry derman berdik, ýeňilräk iýdirip-içirdik. Bolan zatlary kakamyza jedirdemezligi üçinem ony telewizoradyr oýna güýmän bolup, tizräk ýadyndan çykarar ýaly etmäge çytraşyp, ikimiz iki ýerden onuň daşynda, baý-baý bir kebelekländiris-ä. Garaz, eneli-gyz bolup adalatly temmiden gorkunjymyza garagol jigimiň “jenaýatynyň” üstüni hakyky “bokgömdülik” edip gömdük.

Atam pahyram hiç zatdan habarsyz, şol çüýşegözüni tä amanadyny tabşyrýança dakyndy.

Dogrusy, ejem ertesi gün, başga bir zady bahanalan bolup, şähere gitdi. Onuň bolanja birlän-ikilän dermanhanasyndan, bazar-dükanlaryndan şoňa meňzeş çüýşegözi gözläp, arly gün ýol söküp, selpeý-selpeý geldi. Soň-soňlaram maý tapsa, çüýşegözüň täzesini gözledi ýördi. Ýöne tapmady. Hemme ýerde satylyp duran zat däl-dä. Soň bilip otursagam, beýle zatlar her kim üçin ýörite sargyt edilip ýasalýan eken-dä...

...Şu ýerde boýdaşlarynyň öz hekaýatyny gutararyna zordanjyk çydan gyzlar, pyňkda-pyňk gülüşmäge başlapdyrlar.

Dostum bilen onuň çykanam, dokuz ýaşly bolsalaram, terbiýe gören, edeplije oglanjyklar. “Gep diňleýär” adyna galmazlyk üçin, hälden bärem gyz gybatyna gulak pakgardyp ýatandyklaryny bildirmezlige çalşyp, agyzlaryny elleri bilen pugta gysymlaýarmyşlar. Gülüp goýbermezlik üçin özlerine zor salmakdan ýaňa ýorganyň aşagynda biri-birine bakyşyp ýüzleri çym-gyzyl bolup gidipdir. Birdenem, elbetde süňňüne öte zor salanyndandyr-da, dostumyň çykany “GOÝYRRRRTTT!” edip, biygtyýar zoňtardan zarply sypdyranynam duýman galypdyr.

Şol müddetem dostumyň ejesini oýarmajak bolup pessaý pyňkyryşyp ýatan gyzlaryň biri:

-Hanha, ýene-de biri gyssanjyna göz çykardy öýdýän...-diýipdir. Onsoň gyzlaryň özler-ä özleri saklanyp bilmän ala-pakyrdy bolşup başlapdyrlar welin, uklap bilmän olary diňläp ýatan dostumyň ejesem düşeginde dikelipdir-de, gülüp ugrapdyr. Özem gülküsiniň arasynda:

-Häý, ulalyp-oňalman geçen geçiler diýsäni... Başyňyz birikse kikirdeşip, jikgildeşip uzak gije ýatmanjyklar geçersiňiz-le,-diýip käýinen bolýarmyş.

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.