…Göz göze bakýar.
Bu wagt biri-biriniň garaçygyna dikilip, gapma-garşy duranlaryň ikisem adaty adam bolmagyny bes edipdir.
Sagda Grossmeýster.
Çepde Maestro.
Ortada-da çöpi dikilen küşt tagtasy.
Gapdalynda küşt sagady.
Daş-töwerekde bolsa tomaşaçylar.
Olaryň her bir hereketini sypdyrman synlaýarlar.
Demlerini alman diýen ýaly.
Dartgynlylykdan ýaňa kiriş kibi dartylyp.
Otyrlar.
Grossmeýster arkasynda gizlän ýumruklaryny çykarýar-da, garşydaşyna uzadýar:
-Saýla!-diýende, onuň sesi bildirer-bildirmez göwnüýetmezçilikli, gyryljak çykýar.
Maestro doňňara-daş bolup çiňerilip oturmasyny jinnek ýalam üýtgetmän, ýumruklaryň çepkisine assaja kakýar.
Grossmeýster aýasyny açýar.
Ak pyýada.
Diýmek, döwi Maestro başlamaly.
Bije çekildi.
Oýun başlanýar.
Grossmeýster, göýä: “Ol-a ilkinji göçümiň artykmaçlygyna eýe bolmak ekeni! Küşt tagtasynyň üstünde dikbaşaşaklygyna ýöreseňem, barybir, seni utjagyma şek-şübhe bolup bilmez!” diýýän terzde, ýaňsyly gülümsireýär-de, küşt tagtasynyň aklar tarapyny garşydaşyna öwürýär.
Aklar – Ýagtylyk!
Garalar – Tümlük!
Gowulyk bilen Erbetligiň müdimilik söweşi!
Soňra Grossmeýster, erniniň bir tarapyny has-da gyşardýar.
Sirkde çykyş edýän wäşilere öýkünip, kinaýa bilen baş egen kişi bolýar-da:
-Baş üstüne! Debutere (fr.debuter – birinji ädimi ätmek), Maestro!-diýýär.
Grossmeýster, bu hereketini erbet adam bolandygy ýa-da garşydaşyny ýaňsa almakdan lezzet alýandygy, ýa-da ony äsgermeýändigi üçin etmeýär.
“Eý ýaranlar, musulmanlar! Garpyşyga başlamasdan burun, bäsdeşiň gazabyny gyjyklap, onuň pikirlenmek ukybyny galpyldyjaňa (wibrowyzowa) goýup bilseň, ýeňşiň ýarym kilesini kisäňde bilgil!” diýip aýtmaýalarmy, “psiholog” diýlip atlandyrylýan warsakybazlar?!
Grossmeýsteriň şu hasap bilen eden bu hereketem tomaşaçylaryň göwnünden turýar.
Olar ýerli-ýerden kikirdeşýärler.
Emma, onuň garşydaşam “gandöküşikli” küşt jeňleriniň nijemesini başyndan geçire-geçire, birmahal, ýüreg-ä daşa, erkem demre dönüp giden “urşujy” bolara çemeli.
Grossmeýsteriň atan okuny “pys” geçirmekden ötri, özüniň ýaňsa alynmagyna dynnym ýalyjagam myzaýyk etmeýär.
Diňe tomaşaçylara tarap çala gözüni alardýar-da, olary dessine lam-jim bolmaga mejbur edýär.
Soňam misli, sowukganlylygyň rowaýaty nusgasy – ji-i-i-ým-gyzyllaryňam barypýatany bolan hindileriň serdary Montesuma bilen ýakyn garyndaşdygyny subut etmek isleýän dek, ýüzüni daşdan çapylana dönderýär.
Soň oýna başlaýar.
Göçýär.
Jyrk!
Jübüt küşt sagadynyň öztarap düwmesine basýar.
Onuň tarapyndaky sagadyň dili doňýar.
Grossmeýsteriň tarapyndaky işläp başlaýar.
Maestro çöpi öňe süýşüren badyna, “Pyýada, e4!” diýip, Grossmeýsteriň aňy, göze ilmez çaltlykda çot kakyp, hasaplap ugraýar.
Birinji göçüm-ä, “Ebedilik döw” adyna eýe bolan, 1851-nji ýylda Londonda geçirilen, aklarda Adolf Anderseniň, garalarda Lionel Kizeriskiýniň nusgawy oýnuny gaýtalaýar!
Şol bir wagtda-da, nusgalyk “Sisilian goragynyňam” ilkinji göçümi şeýle!
Hymm!!!
Näme?!
Bada-bat şa pidasy kombinasiýasyny gurnajak bolýarmyka?!
Hymh!
Tapdyň, munuň ýaly ebeteýsiz pirimjagaz bilen çoçgara çolaşdyrjak adamyňy?!
Näme, Maestro?! Bi, öňüňde oturan, ýaňy küşt gurnagyna gatnap başlan gögeledir öýdýärmiň?!
Onda, biz seniň emeliňe tilsim bilen jogap bereris-de, özüňe dare il gambetto (it. badak atmak) ederis!
-Ine saňa!-diýip, içki hümmüldisini biygtyýar daşyna çykaran Grossmeýster, gara pyýadany tagtanyň e5 öýjügine sürdi-de, garşydaşynyň çöpüniň öňüni bökdedi.
Jyrk!
Sagadyň düwmesine basdy.
Ýüzüniň şol bir durkuny üýtgewsiz saklaýan Maestro, äwmezlik bilen nobatdaky pyýadasyny “fe dörde” göçüm edende-de, Grossmeýster gambiti (pidany) kabul edip, f4 göçüm bilen garşydaşynyň gurbanlyk çöpüni aldy.
Şondan soň iki ussadyň arasyndaky oýun tizleşdi.
Olar göýä, yzlaryndan ýagy kowalaýan dek, edil adaty küşt oýnuny däl-de, blis-küşt oýnaýan mysaly, pikirlenmän diýen ýaly çalt-çaltdan göçmäge başladylar.
Jyrk!
Aklar göçýär.
Jyrk!
Garalar göçýär…
Diňe jüpsagadyň düwmeleriniň “jyrkyldysy” eşidilýär.
Onsoňam küşt tagtasynyň üstüne münäýjek bolşup, kä öňe, käte-de yza omzaklaşýan tomaşaçylaryň gözleri iki ýana elek-de-çelek…
Birdenem…
Nobatdaky göçümi eden Maestronyň ýüzi ýagtyldy.
Saçlaryny penjelemegiň bäri ýanynda zordan hyrçyny dişläp saklanan Grossmeýsteriň ýüzüne bolsa hazan ýeli urana döndi.
Gara-ört boldy.
Hüjüm etmeklige çakdanaşa kellesini gyzdyryp, goranmagy undandygy sebäpli, garşydaşynyň kümsüklik bilen gyradan pişik basyşyny edip gelen pili, häzirki duran ornunda birwagtyň özünde onuň piline-de, ruhlarynyň ikisine-de “kyhlamak” haýbatyny atýardy.
Haýsyny gaçyrsa-da, beýlekisi duşmana olja bolýar…
Nätmeli?!
Grossmeýster, göýä ygtyýarlygyndaky garaja çöpler, özüne bu başyna düşen musallatdan nädip aman-esen sypmagyň ýoluny salgy beräýjek ýaly, bükülip, küşt tagtasyna siňe-siňe seretdi.
Seda ýok.
Nätmekden Hudaý saklasyn welin, onda-da…
Nätmeli?!
Oýlan, kelle!
Ýagşyja oýlan, käşir bereýin!
Grossmeýster, misli şeýle edeni bilen, aljyran beýnisi has netijeli işläp başlaýjak ýaly, tüýi selçeňlän ýeňsesini hyruçly hyrdalady.
Ýeri, beýlekisini aman galdyrmak üçin haýsy çöpi, bu allaja lukma etmeli?!
Pilimi?!
Ýa-da ruhlaryň birinimi?!
Pili berseň-ä, onda ýene-de dört göçümden göz-görtele patyşaňy paýyrdadyp düňderýär-de, tagtyňy syndyrýar.
Ruhlaryň birini: “Nädip günüňi görseň, şeýdip gör!” diýip taşlap gaçsaňam…
Umuman, görlüp oturylsa ol özüne uçursyz bat berip, hetdenaşa dabara bilen “Grossmeýster” diýip nähak atlandyrýan eken.
“Ine halypa, ine şuňa-da nusgawy sugswang diýilýär” diýip ol içinden öz-özüne gyjalat berdi.
Nähili göçüm etseňem, ýagdaýyň has beter ýaramazlaşýar…
Grossmeýster, göýä: “Tomaşaçylaryň öňünde masgara etme! Az-maz eglişik edeňde, nä, ölýäňmi?!” diýýän terzde, naýynjar bakyş bilen garşydaşynyň ýüzüne delmuryp bakdy.
Pah-pah-pah!
Heýem bir, Maestro oňa rehim eýlejekmi?!
Gök ýakyn ondan.
Eddil ýöne, keşbini Bodrowyň “Mongolyndaky” gözenekde saklanýan Mongolyň ýüzüne dönderip, hatda gözünem gyrpman dikanlap otyr.
Bu sop-sowuk bakyş, Grossmeýsteri çuslanmaga mejbur etdi.
Özüniň nalajedeýinligine girre gahary gelen Grossmeýster: “Päheý-de welinim, diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy! Ýeri, nä baýtallap otyňň-aý?! Nä, ata-babalarymyz: “Ýykylsaň ýer göterer”, “Bir ýazykdan är ölmez”, “Ýeňilmeýen pälwan olmaz” diýipler, zynharlaplar ötmänmi?!” diýip, içinden öz-özüne gyjyt berdi-de, aýgyt bilen göçüm etdi.
Jyrk!
Garşydaşynyň ähli oý-pikirlerini ýüzünden okap oturan mysaly, Maestronyň dodaklary bildirer-bildirmez, syrlyja gülümsireýäne çalym etdi.
Olam göçdi…
Oýun uzak dowam etmedi.
Grossmeýsteriň çaklaýşy ýaly, dördünji göçümde patyşasy syndy.
Adamzat tohumyndan bolup, utulanda gülüp-oýnap şatlanýan barmy?!
Grossmeýsterem, birsellem bäş deşigini bir ýere üýşürip, tutuksy oturdy. Biraz şeýle halda oturandan soň, birdenkä ýüzi şöhlelendi.
Küşdüň başyndan turup gidibermän, henizem gülümsiräp özüni synlap oturan garşydaşyna umytly gözlerini göterip, inçejik tama bilen garady.
-Belki, ahmyryna oýnamaga mümkinçilik berersiň?!
Oýunçylaryň iňňän wajyp gepiniň arasyna goşulmaga ejap edipmi ýa-da çekinipmi, jyňklaryny çykarman, gezekli-gezegine olaryň ýüzlerine jiňkerilişip oturan tomaşaçylaram, Maestro garşy haýyş ediji nazar okladylar.
Täsir etmedi.
Asma gözenegiň yşlaryndan dünýäni synlaýan “Mongol”, şol bir asuda garaýşyny üýtgetmedi.
Birsalym dymyp oturdy.
Soňam dillendi.
-Indi, orta näme goýýaň?!
-“Ahmyryna” diýip aýtdyma-how!-diýip Grossmeýster, janykmaga synanyşdy.
Maestro oňa gep çagalatmaga maý bermedi. Ýene-de ýüzünde “Mongoly” emele getirdi-de:
-Gep gep bolar. Ilki, ulagyňy işledýäň-de bizi ejemlere düşürip gaýdýaň. Onsoň çagalar bilen öýe gelenimizden soň ahmyryna ýene-de bir döw oýnaýarys. Ýogsa, şertim şahyma etdigiň bolar!-diýdi.
Aýdylanlar, hälden bäri dil ýarmaga-da, gorsanmaga-da mümkinçilik bolman, içleri byjyk-byjykdan dolup giden tomaşaçylaryňam ýüregine jüňk boldy.
“Dogry aýdýaň-da, dogry aýtdyň, eje!” boluşmaga howlukdylar.
-Bäh, utsaňam, utulsaňam, şular-a mydama seň tarapyň-daý!-diýip çagalarydyr “Maestrosyna” ýasama nägilelik bilen bakýan “Grossmeýster”, hüňürdäp ýerinden turdy:-Ýeri, bolýa! “Oýunçy utulanyny bilse ýagşy” diýipdirler. Indiki gezek hatyrjem durarys-da! Onsoňam öňküler: “Bir ýenjileni iki ýenjilmedige çalyşýarlar” diýipdirler...
Ulagynyň açaryny barmagynda pyrlap, işikden çykyp barýarka-da, diňe özüne eşidiler ýaly, burnuna salyp hymyr-symyr edäge-de, içki pikirini daşyna çykardy:
-Dogry-da walla!
“Giderin-gitmersiň, äkitsene-äkitjekgä” diýşip, bolar-bolgusyz zatlar üçin çagalaň ýanynda ütmeleşip sene-mene edeniňen-ä, şunuň ýaly hemmeje zady küşdüň başynda, Alyň ala meýdanyna çykyp, mertlerçe çözeniň ýagşy dälmi nä?!
Utuldyňmy?!
Garagyň akan ýaly, atasy öýüne pelança günläp ýatymlyk gitmäge rugsat bermeg-ä beýle-de dursun, özüňjik, ulagyň bilen, elinjek düşüribem gaýdarsyň…
© S.Ataýew

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.