Häzire çenli Gruziýa birnäçe gezek syýahat etdim. Her gezek baramda, şaýat bolýan zatlaryma edil birinji gezek gören ýaly hezil edýän. Bu ýazgymda Gruziýa eden syýahatlarym barada hem-de gruzin medeniýeti barada käbir täsin zatlary size ýetirmekçi.
Gruzinler umuman diýseň myhmansöýer, pespäl halk ekeni. Olar ilkinji nobatda, üzümden çakyr (wino) taýýarlamak däbiniň iň gadymy nusgasynyň özlerine degişlidigi bilen buýsanýarlar. Taryhçylar gruzin halkynyň sekiz müň ýyllyk geçmişi bolan wino taýýarlamak däbiniň bardygyny aýdýarlar.
Ýadymda. Bir gezek Tbilisiň aeroportynda pasport barlagyndan geçemde, Migrasiýaň işgäri, pasportyma möhür basyp, "Gruziýa hoş geldiňiz!" diýip, kiçiräk bir çüýşe çakyr hödür edipdi. Görüp otursam, meniň baran wagtym, tutuş bir aýyň dowamynda Gruziýa gelen ähli daşary ýurtly syýahatçylara Gruziýanyň Hökümeti, öz çakyryny (wino) mahabat etmek üçin, mugt sowgat berýär ekeni.
Bir gezekki gezelenjimde, Batumiden Tbilisa gelýärkäk, ýolugra Kutaisiden 20 minut uzaklykda ýerleşýän bir oba myhman bardym. Myhman ýer meniň ýanymdaky gruzin tanşymyň bir garyndaşy ekeni. Öý eýesi iki sany garryja är-aýal, maňa kemsiz myhmasöýerlik görkezdiler. Meni bir gije myhman aldylar. Meni öýüň töründe oturdyp, nahar stolyny mazaly bezediler. Hezzet-hormat edişlerini haladym. Häziki ýaly ýadymda, garryja aýal, öz eli bilen maňa biş-düş edip, hödür edipdi.
Gruzinlerde saçak başynda tamada diýilýän söz nobaty berýän adam bolýar ekeni. Tamada saçak başynda oturanlara gezekli-gezegne söz berýär ekeni; oturanlara gutlag arzuwyny (tost) aýtmaga nobat kesgitleýär ekeni. Tutuş agşamlygy, saçak başyndaky gürrüňi, şowhuny alyp barmaklyk tamada ynanylýar ekeni. Tamada gruzin medeniýetinde ähmiýetli iş ekeni. Her gezek üýşüp saçak başynda oturlanda adatça tejribeli, paýhasly adamy tamada edýär ekenler. Gruzin medeniýetde saçak başynda tamada saýlanmaklyk adam üçin uly hormatyň nyşany ekeni. (Bu wezipäni bir gezek maňa ynanypdylar.)
Bu aralykda gruzin dilinde, türkmen dilindäki birnäçe sözleriň bardygyny bilip, haýran galdym. Ýadymda galan, manydaş, meňzeş sözleri sanaýyn: supra, tamada, kuça (köçe), tuti – tu:t (agaç); jarima (jerime), bina, çaý, şakari (şeker), şorba (çorba); plawi (palaw), bazari (bazar), aýwani (eýwan); moedani – meýdan, meýdança.
Medeni babatdaky meňzeşlik diňe dil bilen çäkli däl ekeni. Gruzin aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň arasynda, bize tanyş tagamlaram köp ekeni: hinkali - manty; mtswadi – çişlik/kebap; plawi – palaw; halwa – halwa; çureki – çörek (nan); şorba – çorba.
Gruzinleriň “sulguni” diýilýän peýniriniň tagamyny juda haladym. Eger, Gruziýa ýoluňyz düşse, hökman sulguni peýnirini dadyp görüň. (Soň maňa sagbolsun aýdarsyňyz.)
Gruzinler aýdym-saza, tansa aýratyn sarpa goýýan halk ekeni. Biziň toýlarymyzda uly meşhurlyk gazanan lezginka ýaly kawkaz halklaryna mahsus tanslara gezek gelende, gruzinleriň ussatlygyna söz ýok. Bir gezek, Tbilisiň merkezindäki Galleria Tbilisi söwda merkeziniň ýerleşýän ýerindäki metro duralgasyndan Şota Rustaweli şaýolyna tarap çykyp barýarkam, ýoluň gyrasynda ýigrimi ýaşlaryndaky iki ýaş oglanyň çalýan gruzin sazyna, altmyş ýaşlaryndaky zenanyň milli gruzin tansyny (kartuli) ýerine ýetirip durandygny gördüm. Säginip, pensiýa ýaşyna golaýlan zenanyň ussatlyk bilen tans edişine tomaşa etdim. Ol zenan ýigrimi minut çemesi wagtlap yzyny üzmän tans etdi. (Boýnuma alýan, men ol zenandan takmynan ýigrimi ýaş kiçi, şonda-da durman ýigrimi minut depginli gruzin tansyny edip biljek däl).
Sözüm gury bolmaz ýaly, Gruziýanyň käbir ýerlerine binalaryň we ymaratlaryň suratlaryny hem-de gyzykly maglumatlary size ýetireýin.

“Gruziýanyň taryh ýazgysy” atly ymarat, Tbilisi şäheri. (suraty düşüren: Beýannama).
Bu ymarat Tbilisi şäherindäki belent depeleriň birinde gurlupdyr. Bu bina Gruziýanyň baý taryhyna bagyşlanypdyr. Ymaratyň ýerleşýän ýerinden Tbilisi şäheri edil eliň aýasynda ýaly görünýär. Ymaratda ýerleşdirlen sütünleriň beýikligi 30-35 metre barabardyr. (Şol sütünleriň arasyndan aýlanyp ýörkäm, özümiň aslynda nähili kinniwanjadygma-da göz ýetiripdim).

Sameba sobory (Keramatly üçleriň sobory), Tbilisi şäheri. (suraty düşüren: Beýannama).
Tbilisi şäherindäki bu sobor Gruziýanyň iň meşhur dini binalaryň biri hasaplanýar. Bu ýer Gruzin prowaslaw dini guramasynyň baş ybadathanasy hasaplanýar.
Tbilisidäki beýik depeleriň birinde gurlan bu sobor beýikligi bilen tapawutlanýar (87 metr). Bu sobory şäheriň ähli künjeginden diýen ýaly görmek mümkindir. Bir zada üns berdim, gruzinler juda dindar halk ekeni. Tbilisiniň ähli künjeginde ulyly-kiçili prowaslaw ybadathanalary, şeýle-de, dini guramalara ýardam üçin goýlan gutylar bar ekeni. Hatda, köçelerde ýerleşdirlen suw çeşmeleriň ýanynda-da, hristian ynanjynyň nyşany bolan haç goýlupdyr. Galyberse-de, gruzinlerde dini derejeleri, hristian dininiň taryhynda şahslaryň atlaryny dakmaklyk giňden ýaýrapdyr.

Üstüne küýze ýerleşdirlen "zapby" ("Zaporožets") maşyny, Tbilisi şäheri. (suraty düşüren: Beýannama).
Tbilisi şäheriniň merkezind ýerleşýän çakyr (wino) satýan dükanlaryň biriniň öňünde ýerleşdirlen Zaporožets (ZAZ) maşyny, özboluşly reňklenipdir we üstünde şerap taýýarlanýan küýze (gruzinçasy: kwewri) oturdylypdyr; (Bu aralykda, yzdaky zapbyň öňki aýnasyna çekilen surata üns berdiňizmi?! Suratdaky adamy tanadyňyzmy?!)

Bir binaň diwaryna çekilen surat, Tbilisi şäheri. (suraty düşüren: Beýannama).
Bu suratyň ölçegi takmynan şeýleräk: ini – 10 metr; beýikligi – 3 metr. Belarusly suratkeş Gleb Kaştanowyň çeken bu suraty, meşhur “Mimino” atly sowet kinosyndan bir keşp. Suratdaky (we kinodaky) baş gahryman (gürji kinoaktýory Wahtang Kikabidze) dostuna (ermeni kinoaktýory Frunzik Mkrtçýan) ýüzlenip, “Gel, barlap gör” diýýär. Tbiliside ulyly-kiçili birnäçe şuňa meňzeş diwara çekilen suratlary gördüm.

Çreli Abano hammamy, Tbilisi şäheri. (suraty düşüren: Beýannama).
19-njy asyrda gurlan bu hammam, Tbilisä gelýän jahankeşdeleriň (turist) iň köp surata düşürýän binalarynyň biridir. Bina, daşyndan seredeňde Özbegistandaky metjit-medrese binägärligine meňzeş edip gurlandyr. Bu bina hammam bolmak bilen, häzir hem köpçülige açykdyr. Fransuz ýazyjysy Aleksandr Dýuma, rus ýazyjylary Aleksandr Puşkin Tbilisidäki hammamlar barada ýakymly ýazgylary ýazypdyr. Şeýle-de Gruziýa meşhur rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň häli-şindi dynç alan ýerleriniň biri bolandygy okyjylara mälimdir.

Tbilisi şäheriniň taryhy ýerindäki bir köprä asylan müňlerçe “söýgi gulplary”. (Suraty düşüren: Beýannama).
Dünýäniň birnäçe şäherlerinde (Pariž, Rim, Nýu Ýork, Praga, Köln, Budapeşt, Moskwa, Kiýew, Seul, Tokio) şuňa meňzeş gulplary görmek mümkindir. Giňden ýaýran adata görä, ady ýa-da baş harpy ýazylan iç-içe geçirlen gulplar ýaş jübütleriň, aşyk-magşuklaryň arasynda baky söýgüň nyşany hasaplanýar.

Gadymy Mtsheta şäherinde ýerleşýän Jwari monastyry. (suraty düşüren: Beýannama).
Bu monastyr Gruziýanyň iň meşhur taryhy-dini yamaratlarynyň biridir. Gruziýada hristiýanlygynyň 4-nji asyrdan başlap, ine şu monastyrdan ýaýrandygy aýdylýar. Suratdaky monastyr XVII asyryň başlaryna gurlupdyr. Bu monastyr ÝUNESKO-ň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilipdir.

Mtsheta şäherindäki Swetishoweli sobory. (suraty düşüren: Beýannama).
Bu bina XI asyrda gurlupdyr. Soboryň gapdalynda daş döşelen köçäň ugrunda bolsa, görşüňiz ýaly, gruzinleriň milli el işlerini, milli nagyşly halylary, ýerli gök-önümleri, dürli spirtli içgileri (wino, çaça, konýak) satýan kiçiräk bazar gurlupdyr.

Gara deňziň kenar ýakasyndaky Batumi şäherinde oturdylan Ali we Nino heýkeli (Söýgi heýkeli hem diýilýär). (suraty düşüren: Beýannama).
Azerbaýjanly Gurban Seýit edebi adyny ulanan ýazyjy tarapyndan ýazylan “Ali we Nino” atly romanyň (ilkinji gezek 1937-nji ýylda Wenada çap edilýär) baş gahrymanlaryna bagyşlanan heýkel. Roman Birinji jahan urşy ýyllarynda azerbaýjanly musulman ýigit Ali bilen gruziýaly hristian gyz Ninoň arasyndaky söýgä bagyşlanypdyr.

Gara deňziň kenary, Batumi şäheri. (suraty düşüren: Beýannama)

Batumi şäheriniň merkezi köçeleriniň biri. (suraty düşüren: Beýannama).
Eger-de pensiýa çykyp, ýaşamaga ýer saýla diýseler, men säginmän Gruziýa diýerdim. Sebäbi, dagy, düzi, derýasy, deňzi, howasy, suwy, şeýle ajaýyp tebigaty we aram howasy bar. Gruzin halkynda giňden ýaýran şeýleräk anekdot bar: Hudaý, gezekli-gezegne ýerýüzündäki dürli halklara ýaşamaga ýer-ýurt paýlap beripdir. Dünýäniň ähli halklary özlerine ýurt paýlanansoň, iň ahyrynda gürjiler (gruzin) hudaýyň huzuryna baryp, “eý hudaýym, ýerýüzüniň ähli künjeklerini beýleki halklara paýladyň, bize ýaşamaga ýer-ýurt galmady” diýipdir. Hudaý gürjilere şeýle diýenmiş: “size, özüme aýryp gören ýerimi, ýaşamaga berýärin”.
Gruziýa diýlende, esasan iki zat biziň göz öňümüze gelýär: “Borjomi” mineral suwy; gruzin çaýy. Hawa, ikisem meşhur önüm. Galyberse-de, men Gruziýadaky dükanlarda, marketlerde Borjomiden başga-da birnäçe mineral suw brendleri gördüm. Meniň iň halaýan gruzin mineral suw brendim - Likani. Şeýle-de, bilşimiz ýaly, Gruziýada köp mukdarda çaý ösdürip ýetişdirilýär.
Ýene bir zada geň galdym. Gruziýada üç müňe golaý çakyr (wino) öndürýär ulyly-kiçili firma bar ekeni. Gruzinleriň özleri bolsa, hiç-haçan dükandan çakyr satyn almaýarlar. Biziň tomusda, gyş üçin niýetläp banka ýapyşymyz ýaly, gruzinlerem, öz içjek winosyny özleri öýde taýýarlap, gaplarda saklaýar ekeni. Gruzin bolup, dükandan çakyr alany, üýşüp urýar ekenler. (Ýok edil beýle däl, iň soňky sözlemi degşip ýazdym. Ýöne, edil urmasalaram, ýeňsesini sypap, “Berekella” diýmeýänlerini anyk aýdyp bilerin).
Size Gruziýa bilen bagly ýene bir täsin maglumaty ýetireýin: Gruziýa, tutuş Sowet Soýuzyndan limonad önümçiliginiň düýbi tutulan ýer hasaplanýar. Hut Gruziýada 1927-nji ýylda Sowet Soýuzyndaky ilkinji dürli tagamly limonad içgilerini öndürýän zawod gurlupdyr. Soň bolsa, bu önümçilik öňki soýuzyň beýleki ýurtlaryna-da ýaýrapdyr. Elbetde, “tarhun” we “dýuşes” (armyt) tagamly limonadlary, aramyzda megerem içip görmedik ýok bolsa gerek. (Özüm-ä juda halaýan). Gruziýada limonadyň onlarça görnüşleri öndürilýär ekeni. Gruziýada wagtym, dürli tagamly limonadlary içip hezil etdim.
“GÜRJINIŇ...”
Gruziýa (Gürjüstan) baradaky bu gezekki ýazgymy, “Saýatly Hemra” dessanyndan meşhur “Gürjiniň” atly türkmen halk aýdymynyň sözleri bilen jemleýärin. (Ýene bir bellik: gruzin zenanlary edil şu halk aýdymda taryp edilşi ýaly, hakykatdanam örän owadan ekeni.)
Bir salatyn boýlum sallanyp geçdi,
Gözümge sataşdy haly gürjiniň.
Aklymny apardy, bes, men neýlärem,
Hesreti janymda galdy, gürjiniň.
Örtügi ýaşyldyr, geýdigi ala,
Boýy selbä meňzär, kamaty dala,
Dişi düre meňzär, lebleri bala,
Haýp, türki däldir sen, gürjiniň.
Bakjasynda şeýda bilbil ötüşmez,
Ah urar men, nalam ýara ýetişmez,
Derdim köpdür, derman goluma düşmez,
Öter egremçeden bili, gürjiniň.
Hemra diýer, girem ýaryň bagyna,
Dolup içsem, pyýalasys sagyna,
Gezsem gapysynda, ýar otagyna,
Men bolsam hyzmatkär guly, gürjiniň.
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyň sözbaşysynda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Ýazgydaky suratlaryň ählisini düşüren - awtor. Bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň