Hemraýew agşamlyk naharyny iýip bolansoň ýatmakçy boldy, emma bolmady. Aňyrky otag goh-galmagal, çagalar ýassyk bilen biri-birini urup oýnap ýörler. Sagat dokuzyň ýarynda ýygnagada barmaly. Düýn Hemdem ata-eneler ýygnagy boljakdygy barada mekdepden hat alyp geldi.

Hemraýew ömründe ýygnaga baran adam däl. Emma pursady bolanda taýýarlanyp baryp çaga terbiýelemegi bilmeýän ýa-da bu işe sowuk-sala garaýan mugallymlary utandyrmakçy. Bu niýeti aýaly Sabirahana örän makul boldy.

— Aýt, utandyr. Çagalar mekdepde okap gaýta bibaş bolup barýalar. Sen öý-de ýok wagtlaryň dagyn bi Hemdemden ýaňa maňa dynçlyk ýok. Öňler urup ýeňerdim, indi uraýyn diýsem gaçyp, tamyň üstüne çykyp gidýä, tamda durup maňa dilini çykarýa.

Hemraýew elindäki depderine bir zatlar ýazdy.

— Hawa, ýene nämeler edýär?

— Ursam «Barybir agyranok» diýip jykyr-jykyr gülýä… Wi ýene-de, bir ýyldan bäri «eje» diýenini eşidemok, hemişe «Turandat» diýýä.

Hemraýew gülüp göýberdi. Bu lakamy Sabirahana geçen ýyl baýramda bir tanyşynyňka myhmançylyga baranlarynda özi dakyp hemmäni güldüripdi.

— «Turandat» diýýäm-ä? Ýöne muny ýygnak-da aýdyp bolmaz, sebäbi… Emma bir tarapdan aýtsaňam bolar, çagalar ulylaryň gepini gaýtalamaly däl.

— Elbet-de! Mekdepde şular ýaly zatlary öwretmeseler nämäni öwredýäler? Gury ylym-bilim bilen çaga terbiýelenýämi?

Hemraýew Sabirahanyň şikaýatlaryny, gazetlerde okan, adamlardan terbiýä degişli eşiden gürrüňlerini depderine ýazdy, depderini doldurdy, soňra olaryň hemmesinden netije çykardy:

— Men bir kagyza okamazdan gol goýsam, sen bir köýnegiň ýakasyny gyýşyk tikseň işe sowuk-sala garanymyz üçin jogap bermeli bolýas, nämüçin çaga terbiýesine sowuk-sala sereden mugallyma kanun ýok? Hany Hemdemi çagyr bäre!

Aňyrky otagdan, perleri çykyp, düýt-müýt bolan ýassygy göterip Hemdem çykdy.

— Otur bärde! Hawa, sen nämüçin köçe çagalaryna meňzäp garagollyk edýäň?

Hemdem ýassygy kürsä goýup, üstünde oturyp ejesine seretdi.

— Näm etdim?

— Men çagyrdym, maňa seret! Näme edeniňi bileňokmy? Nämüçin ejeň uranda… ýok, bulam bolýa. Nämüçin ejeňe «eje» diýmän… ýok, nämüçin tamda durup ejeňe… umuman, üçegiň üstünde ýörýämişiň, ýer göterenokmy? Mekdepde saňa şuny öwredýälermi? Hany depderleriň?

Hemdem ejesine seretdi:

— Haçan men üçekde ýöredim?

— Ýok, üçegi goý, maňa depderleriňi görkez! Bu ýyl okuw başlaly bäri näçe sany «bäş» baha aldyň?

— Ýekeje-de erbet baha almadym, ine…

Hemraýew depderleri gözden geçirip başlady.

— Bolýa, häzir görýäs, «dört», «üç», «üç» hany «bäş»? Orsçadan nämüçin «dört»?

— Bäşe okasamam mugallymym dört goýdy, bäşden dört gowy diýdi.

— Şeý diýsene! Indi sen ýalan gürläbem başladyňmy? Hany, bärräk gel, gözüme seret! Dört gowy diýdimi?

Hemdem ýalan gürlemegiň bular ýaly jezasyny ömründe birinji gezek görüşidi, çydap bilmedi, aglady.

— Maňa seret diýýän? Ýalan gürlemegi kim öwretdi saňa? Haýsy mugallymyň?

— Goý indi, indikide ýalan gürlemez. Waý, towa orsçadan nämüçin dört, orsça bela ýaly gepleýäne meňzeýärä!

Hemraýew Hemdemiň gulagyndan çekip özüne seretdirdi.

— Ýene ýalan gürlejekmi? Şundan soň ýalan gürleseň, bilip goý, men ejeň ýaly geçirimlilik etmerin! Şu ýalan sözüňden soň orsçadan dört alanyňada ynanamok. Hany, bolýa, meselem, çeýnegiň gapagyna orsça näme diýilýär? Gapyň tutawajyna näme diýilýär?

Hemdem ikisinem bilmedi, aglap aňyrky otaga girip gitdi.

Hemraýew depderini alyp bir zatlary öçürdi, ýene bir zatlar ýazyşdyrdy.

Hemraýew depderini jübisine salyp:

— Ýok — diýdi —Bu işe ünslije seretmeli. Şular ýaly bolansoň ýygnaga gowuja taýýarlanyp barmasaň bolmaz. Terbiýä degişli kitap köp, okamaly.

Sabirahan:

— Sagat sekiz boldy — diýdi.

Hemraýew pikire çümdi. Ýygnaga barsa elbet-de gürmeli bolar, gürlemejek bolsa barmagynyň manysy ýok. Söze çykanda näme barada gürlemeli, gepi nämeden başlamaly, nähili netije çykarmaly?

Hemraýew:

— Ýok, taýýarlyksyz barmagyň manysy ýok, Turandat— diýdi — Bu gezeklikje sen bar. Men indiki gezek gowuja taýýarlyk görüp barjak.

— Goýaweri! Ömrümde barmadyk ýerime nädip baraýyn? Men baranym bilen näme üýtgär?

— Peýda bolmasa, zyýanam ýog-a!

Är-aýal peýda-zyýan barada çekeleşip sagady dokuzyň ýary etdiler.

Hemdem aňyrky otagdan çykyp:

— Näme edip otyrsyňyz? Direktor gelsinler diýip tabşyrdy. Ertir haty bermediksiň diýip maňa käýär.

— Ejeň-ä gitmez, baranynyň peýdasam ýok. Menem indiki gezek barjak.

— Müdir sorasa şeý diýeýinmi?

— Nämüçin? Ullakan oglan bolup şuňa bahana tapaňokmy? Kakam işden giç geldi, ejemem ýaraman ýatyr diýgin.

Hemdem kakasyna uzak wagt seredip durdy. Ol ertir kakasynyň aýdyşy ýaly eder.


Abdylla KAHHAR

1940 ý.

Terjime eden: Saparmyrat Gürgençli

2020 ý.