Gündelik ýazmaklyk dünýäde giňden ýaýran endikleriň biridir. Geçmişde meniň özüm hem birnäçe ýyllaryň dowamynda gündelik ýazypdym. Indi ol ýazgylar meniň üçin ýakymly ýatlama bolup galdy. Arasynda, açyp şol geçen günleri ýatlap, ýazgylarymy okaýaryn. Meniň pikirimçe, gündelik ýazmaklyk adam üçin peýdaly endikdir.

Bu makalany ýazmagymyň düýp sebäbi, kellämde dörän şu soraglar:

Gündelik ýazmaklyk endigi bilen ynsanyň özüne ýakyn hasaplaýan adamsy bilen dertleşmeginiň arasynda baglanşyk barmyka?!


Ýagny, ynsanyň jemgyýetde (köpçülikde) özüni ýalňyz duýmagy netijesinde, ol kimdir biri bilen dertleşmegiň ýerine, gündelik ýazmaga meýil edýärmikä?!...

Geliň, ilki bilen gündelik ýazmaklygyň döreýşine gysgaça ser salalyň.

Taryhy çeşmelerde, adamzadyň köp asyrlaryň dowamynda gündelige kybap ýazgylary ýazandygy bellenýär. Gündelik ýazmaklygy ilkinji bolup haýsy medeniýetiň (ýa-da ýurduň) oýlap tapandygy barada anyk maglumat ýok. Ýaponiýada Heian döwründe (794-1185) köşk emeldarlarynyň arasynda gündelik ýazmaklygyň (ýaponçasy - nikki) giňden ýaýrandygy bellärliklidir. Şeýle ýazgylar taryhyň dürli döwürlerinde hytaý, hindi, müsür, orta gündogar, günorta amerika medeniýetlerinde hem gabat gelýär.

Häzirki döwürde, gündelik ýazmaklyk, dünýäniň hemme ýurtlarynda ähli ýaşdaky adamlarynda arasynda giňden ýaýran endikleriň biridir. Elbetde, gündelik ýazmazlygyň hem esasan iki görnüşi bar: birinjisi, geçen wakalary gysgaça beýan etmeklik; ikinjisi bolsa, geçen wakalaryň özünde galdyran täsirlerini, olarda nähili netije çykaranlygy we geljekde şeýle ýagdaýda nähili hereket etjekdigini hem ýazga geçirmekdir.

Psihologiýa ylmy, durmuşda başymyzdan geçiren wakalarymyzy ýazmaça beýan etmekligiň ynsanyň ruhy saglygyna oňyn täsir ýetirýändigini ylmy subutnamalar bilen delillendirýär. 2023-nji ýylda dört müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirlen otuzdan gowrak ylmy barlagyň netijesine görä, wakalary ýazmaça beýan etmekligiň göwnüçökgünligi (depressiýa), gaýgylanma we stresi azaltmakda  kiçi, emma statistiki taýdan ähmiýetli peýdasynyň bardygyny anyklapdyr. Bu oňyn netije bada-bat däl-de, belli bir wagtdan soň ýüze çykypdyr.

Makalaň başyndaky soraga dolanalyň: gündelik ýazmaklyk ýalňyzlygyň ýa-da kimdir biri bilen derdiňi paýlaşmagynyň ýerine ýazgy etmegi saýlap almaklygyň alamatymyka?!

Gündelik ýazýan adamlaryň ne ýalňyzlygyny; ne-de olaryň özlerini jemgyýetden çetleşdirýändiklerini görkezýän ylmy subutnama ýokdur. Muňa garamazdan, geçirlen ylmy barlaglar ýalňyzlyk bilen kimdir biri bilen öz durmuşyň barada gürleşmegiň arasynda arabaglanşygyň bardygyny ýüze çykarypdyr.

Şahsyýet we Jemgyýetçilik Psihologiýasy žurnalynda (Journal of Personality and Social Psychology) çap edilen barlagyň netijesine görä, ýalňyzlygyň ynsanyň özüne ýakyn adamlar bilen has seýrek gürleşmeklik, şeýle-de ýalňyz adamlaryň beýleki adamlary bilen aragatnaşyk saklamakdaky tapawutlylyklar bilen baglanşyklydygyny anyklapdyr. Şeýle-de talyplarynyň gatnaşmagyndan geçirlen başga bir barlagda, 69 sany ýalňyz we 142 sany ýalňyz bolmadyk talyplaryň deň-duşlary we beýleki adamlar bilen has seýrek gürleşýändigini anyklanypdyr.

Bellemeli ýeri, gündelik ýazmaklyk hem-de başga adamlar bilen aragatnaşyk saklamaklyk birmeňzeş zat däldir. 165 sany talybyň gatnaşmagynda geçirlen bir barlagda, olaryň başdan geçirýän stresi barada gündelik ýazmagy, şeýle-de bu barada kimdir biri bilen gürrüňdeş bolmaklygy – olaryň stresini azaldypdyr. Gündelik ýazmagyň beýleki oňyn goşantlary şulardan ybaratdyr: göwnüçökgünligi (depressiýa) we şahslaryň arasyndaky duýgurlygy has peseldipdir.

Geçirlen ylmy barlaglardan görnüşine görä, gündelik ýazmaklyk adamlar bilen has ysnyşykly gatnaşyk gurmaga ýardam edip biler. Sebäbi, bu, ilkinji nobatda ýazýan adamyň (başga biri bilen dertleşmezden owal) öz başyndan geçirýän duýgylaryna has içgin düşünmäge ýardam edýär. Şeýle-de, gündelik ýazmaklyk, ýazýan adamyň öz kynçylyklaryny ýazgy etmeginiň onuň beýleki adamlar bilen dertleşmeginiň (gürleşmeginiň) öňüni almagyna hem sebäp bolup biler.

Netijede, gündelik ýazmaklyk – bu ýalňyzlygyň alamaty däldir. Onuň ähmiýeti, bu endigiň ynsanyň özüni alyp barmagyna ýetirýän täsiri bilen baglydyr. Gündelik ýazmaklyk, biziň ilkinji nobatda duýgylarymyza we öz ruhy dünýämize has gowy düşünmäge ýardam edýär.

Adamlar bilen ysnyşykly gatnaşykda bolmaklygyň adam üçin gündelik ýazmak bilen öwezini dolup bolmaýan birnäçe oňyn täsirleri bardyr. Olar, duýgudaşlyk, raýdaşlyk, ysnyşykly gatnaşyk, özüňi kimdir birine duýgy taýdan has ýakyn duýmaklyk.

Öz tejribäme esaslanyp, gündelik ýazmaklygyň peýdasynyň bardygyny arkaýyn aýdyp bilerin. Şeýle-de bolsa, ýokarda hem nygtap geçişim ýaly, durmuşda dertleşmäge tanyşlar, ýakyn dostlar-joralar gazanyň. Bu size, durmuşda köp babatda ýardam eder. Meniň özüm-ä daş-töweregimde dertleşmäge, gürleşmäge ýakyn, ynamdar adamlaryň barlygy üçin özümi bagtly duýýaryn. Şeýle adamlaryň maňa häzire çenli uly nepi degdi. Goý, sizi hem şeýle adamlar gurşap alsyn.

Sag-salamat galyň.

Bellik: şu makala ýazylanda aşakdaky çeşmeleriň maglumatlaryndan peýdalanyldy:

  1. Arntzen, S. (2015) ‘Heian literary diaries: from Tosa nikki to Sarashina nikki’, in Shirane, H., Suzuki, T. and Lurie, D. (eds.) The Cambridge History of Japanese Literature. Cambridge: Cambridge University Press, pp. 165–175.

  2. Guo, L. (2023) ‘The delayed, durable effect of expressive writing on depression, anxiety and stress: A meta-analytic review of studies with long-term follow-ups’, British Journal of Clinical Psychology, 62, pp. 272–297.

  3. Lumley, M.A., Tojek, T.M. and Macklem, D.J. (2007) ‘Written emotional disclosure: Testing whether social disclosure matters’, Journal of Social and Clinical Psychology, 26, pp. 362–384.

  4. Schwab, S.H., Scalise, J.J., Ginter, E.J. and Whipple, G. (1998) ‘Self-disclosure, loneliness and four interpersonal targets: Friend, group of friends, stranger, and group of strangers’, Psychological Reports, 82(3 Pt 2), pp. 1264–1266.

  5. Solano, C.H., Batten, P.G. and Parish, E.A. (1982) ‘Loneliness and patterns of self-disclosure’, Journal of Personality and Social Psychology, 43, pp. 524–531.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.