Her ýyl noýabrda, mellegimdäki aýaguja gidilýän ýodajyga ugurdaş ekilen 20 düýp hurmalarymyzyň miwesi süýjäp başladygy, guş janawerler muny bizden öň bilýärler.
Derrew çokup-çokup, ilk-ä içini köwleýärler.
Soňam diňe gury sapagy bilen göbeginiň gabygyny goýup gidäýýärler (Aslynda-ha gepleşik dilinde: “göbeginiň” diýmän “g...tüniň” diýýärler-le welin, näme üçindir medeniýetli geplejek ýazjak bolsaň, g...te “g...t” diýmeli dälmiş-de başga zat diýmelimiş. Elbetde g...te “g...t” diýmän, janly-jandarlaryň hemmesinde bolan ol pahyrjygyň adyny başga at bilen tutsaň, g...tem g...t bolmagyny bes edip, has asylzada bir zada öwrülýändir-dä :-( ).
Umuman, hurmamyzyň süýjänini guş çokýar.
Bizem ony: “bagyndan gowuja şirelensin” diýip, hurmanyň şeýlekinem aşa süýjüliginem az görüp, gara nebsimize haý diýip bilmän, gijiräk ýygýarys.
Onsoň çagalaram hurmalarymyzy guşlardan gabanýarlar.
Ýogsa ony satyp, ujypsyzam bolsa pul gazananymyz-a ýadyma düşenok.
Hemmesini ýygyp, plastmass çeleklere saýhallyja örýäris-de, uly otagyň aşagyndaky ýerzemine basýarys.
Dogan-garyndaş, goňşy-golam, dost-ýar, hersine, kä ýyl hasyl bol bolsa 10 sanydan, kemterräk bolsa 6-8 sanydan, “süýji zady täk etmeli dälmiş” diýlen ýagşy yryma eýerip, jübüt edip dadyrýarys.
Galanynam noýabryň aýagyndan tä mart-aprel aýyna çenli irdenem, günortanam, agşamam, her nahardan soň, özi ýumşap, özi süýjänini alyp, nesip edenden iýýäris.
Çagalar, onsoň hurmamyzy çokýan guşlary kowjak bolup dert-azara galýarlar.
Bir gün ogullarym hurma agaçlaryna konserwadan, süýt goýultmakdan boşan galaýy gaplarymydyr, suwdan boşan düpbelerimidir ýüpe düzüp, asyşdyryp ýörler.
Näme edýänlerine gören badyma düşünsem-de, soradym:
-Näme edýäňiz, oglum?
-Guş ürküzer ýaly asýas-laý.
-Degmäň,-diýdim:-Munça milliard iki aýaklyň, iň äpet gök läheňlerden (kitlerden) başlap, iň zerreje, miriad-miriad bakteriýalara çenli hemme janly jemendäniň ryzkyny berýän Alla, şu hurmalarda bu janawerleriňem nesibesini dünýe döredilmänkä ýerleşdirip goýandyr. Iýende, zaýalanda ýüzden birinem sarp etmez. Aýryň, kansyr (konserwa) kürüşgeleriňizi! Allaň beren zadyny Onuň özümiz bilen bileje ýaradan jandarlaryndan gysgananymyz bilenem, owal-a jübümize düşýän zat ýok. Bähbidimiz bolaýanda-da, bu gelşikli däl-ä. Sadaka edip, öýüňe myhman çagyryp, soňam gelenleriň birini beýlekisinden saýry tutup: “Seniň eşigiň horaşa! Özüňem igli, pormyňam pis! Şonuň üçin, me, şu bir jam saçakdan doly iýilmän yzyna çykan, agyzdan galan nahary al-da, ony öýüňe äkidinipjik, ýalňyzja oturdajyk iý! Törümdäki peşeneli-peşeneli myhmanlarym bilen bir saçagyň başynda üflisiňi aşyryp gäwüşäp oturyp, olaryň-a işdäsine tüýkürme! Meniňem ýyllarboýy toplap gelýänje abraýjagyzymy ýyrtyk köwşüň aşagyna salma!” diýen ýaly bir zat bolar, bi...
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (13)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň