GUTULGYSYZLYK

Şunça ýyl garaşdym.

Gözledim. Tapdym.

Ýüregme saldym-da, içinden ýapdym...

«Tapdym!» diýip, göge zyňan telpegim

Yzyna gaçýança ýitjegňi bilsem,

Zöhre ýyldyzym diýip guwanyp ýörkäm,

Ömrüzaýam bolup batjagňy bilsem,

Jarka urup ykbalymyň gapysyn,

Petlesin goparyp gitjegňi bilsem,

Kepderi deý egne gonan bagtymyň

Keýp edip ganatyn ütjegňi bilsem,

Enemden-atamdan, gizlän syrymy

Bazara çykaryp satjagňy bilsem,

Boz maral deý süýnüp giden söýgimiň

Yzyndan ok bolup ýetjegňi bilsem...

Şu zatlary bilen bolsam öňünden

– Geçip gidip bilermidim deňiňden?!

--_-_-_☆-_-_-_-_

SENSIZ

Baglar bar abraýyn dökdüler sensiz.

Bulutlar gar bolup çökdüler sensiz –

Sensiz öz-özüni asdy şagalaň.

Isle – ýer ýumrukla.

Isle – çabalan.

Ölseň – ýeriňkidiň, ölmeseň – meňki.

A ýeriň dört gezek üýtgedi reňki.

Süýndi ykmanda ýel dilini sallap.

Geçdi ýolagçy ýyl elini salgap.

Suwdan çykarylan balyga döndüm.

Dyza çökerilen şalyga döndüm.

Gijeler bir ýyllap gysgalmadylar.

Dostlar göwünligin gysganmadylar.

Bir semiz kalendar gutardy igläp.

Aglardan giç bu gün.

Gülerden irräk.

✍🏻Şiraly Nurmyradow