Siziň peýdaly güýmenjäňiz barmy?!...
Ýaňy-ýakynda bu giňişlikde bu barada gysgaça ýazypdym. Ynsan durmuşda özüne peýdaly güýmenje (hobby) tapynmaly. Güýmenjäň bolmagy, göze ilmeýän, ähmiýetsiz mesele ýaly bolup görünse-de, beýle däl. Adamyň ruhy saglygyndan başlap, onuň daş-töweregindäkiler bilen gatnaşyklaryna, işdäki (okuwdaky) netijeliligine, hal-ahwalyna çenli köp zada täsir ýetirýär. Garaz, sanasaň sogaby bar. Geliň, gysgaça ser salalyň.
Öz tejribämden käbir mysallar bilen aýdaýyn. Kiçiligimden bäri dowam edýän esasy iki güýmenjäm: kitap okamak; aýdym-saz diňlemek. Soň bu sanawa, dünýä ýurtlaryny gezelenç etmek; sport bilen meşgullanmak hem goşuldy. Haçan-da iş-alada, başagaýlyk bilen özümi aň taýdan ýadaw duýsam, 20-30 minut kitap okaýan welin, aňym durlanaýýar. Ýa-da, tukat, keýpsiz wagtym aýdym-saz diňleýän welin şähdim açylýar. Öz ruhy ahwalymyň güýmenjeden öňki we soňky ýagdaýynyň aratapawudyna göz ýetirdim.
Durmuşyň hysyrdysy ýetik. Durmuşyň aladaasyna gutarma ýok. Ynsanyň ruhy ahwaly bolsa, onuň durmuşyndaky wakalara görä yzygiderli üýtgäp durýar. Asyl-ha, ynsanyň özi hem fiziologiki hem-de aň taýdan yzygiderli özgerýär (bu aslynda has çuň, aýratyn makala ýazmaly tema). Menem ilki-ilkiler, boş wagtymy doldurmak niýeti bilen halaýan pişelerime gümrä boldum. Ilki-ilkiler özümem güýmenjäň asyl ähmiýetine düşünmeýärdim. Bu ýagdaý ençe ýyl dowam etdi.
Aradan birnäçe ýyl soň, halaýan güýmenjelerimiň meniň ruhy saglygyma, daş-töweregimdäki adamlar bilen gatnaşyklaryma, kadaly uklamagyma, dürs ýazuw ukybyma, aýtjak sözümi takyk, düşnükli aýtmaga ýardam berýändigine göz ýetirdim. Ana, şol pursatdan başlap, halaýan güýmenjelerim meniň üçin, edil suw, howa ýaly zada öwrüldi. Indi şol güýmenjelerimi saý-sebäp bilen bir-iki gün sypdyrsam, bir zadym kem ýaly bolaýýar.
Hazire çenli geçirlen birnäçe ylmy barlaglar güýmenjäň beýleki peýdalary bilen bir hatarda ynsanyň durmuşdan has gowy lezzet almaklygyna hem-de göwnüçökgünlik (depressiýa) alamatlaryny azaltmaga ýardam edýändigini görkezipdir. Käbir ylmy barlaglaryň netijeleri barada durup geçeliň.
Keýpi kök bolmaklyk we durmuşdan lezzet almaklyk
2023-nji ýylda on alty sany dürli ýurtlardan bolan ýaşy 65 we has ýokary bolan togsan üç müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirlen ylmy barlag, güýmenjäň göwniçökgünlik (depressiýa) alamatlaryny azaldyp, ynsanyň özüni has bagtly duýmagyna, durmuşdan has köp lezzet almagyna we özüni has sagdyn duýmagyna getirýändigini anyklanypdyr.
Uzaga çekýän ruhy sagdynlyk
Alty ýüz elli sekiz sany ýaş ýetginjegiň gatnaşmagynda geçirlen başga bir barlagda, aň işi bilen meşgullanmagyň has oňyn duýgylary ýüze çykaryp, ýaşlary özüni ruhy taýdan sagdyn duýmagyna eltipdir.
Işjeň güýmenjeler we hereket etmegiň peýdalary
Şeýle-de 2024-nji ýylda seljerlen 218 sany barlagyň netijesi, ýöremek, haýal depginde ylgamak, ýoga we sport zalda edilen maşklar göwnüçökgün adamlardaky göwniçökgünlik (depressiýa) alamatlaryny azaldypdyr.
Görşümiz ýaly, getirlen käbir ylmy işler hem, güýmenjäň biziň durmuşymyzda ähmiýetini görkezýär.
Halaýan güýmenjäm bilen meşgullanýan wagtym, kelläm durmuşyň adaty hysyrdylaryndan saplanyp, dynç alýaryn. Hezil edýän. Keýpim kök wagty bolsa, onuň gowy täsiri meniň daş-töweregimdäkilere-de (maşgala, işdeş, tanyş, goňşy, garyndaş) bildirýär. (Beýle diýdigim, güýmenjäme wagt tapmasam, edil neşäm ýetmän dällireýän gaharjaň adama öwrülýändirin öýdüp pikir etmäň).
Bu ýazgyny okap otyrkaňyz araňyzda, “Beýannama diýilýän kimem bolsa, durmuşdan habary ýok öýdýän. Meň eklenç-güzeran aladasyndan ýaňa hiç zada elim ýetenok. Sen welin maňa oňa güýmen, muňa güýmen” diýip igenýäniňizem bardyr. Aňýan. Biz adatça “wagtym ýok” diýip bahana tapmagy aňsat sypalga hasaplaýarys. Biz, azrak tijenip, bir-iki sany güýmenje tapynyp, endik etsek, durmuşyzam umuman has kadaly ýagdaýa geler.
Men özümden bilýärin. “Wagtym ýok” diýilýän söz ýalan, salgym, gaçybatalga, gowy bahana. Beýle diýmeklik meň pikirimçe ýaltalygyň alamaty. Menem bir mahallar, şu iki sözüň arkasyna bukulyp, aslynda öz ýaltalygym äşgär edýänligimi soň bilip galdym. Wagt bar. Islesek, täze güýmenjelerem tapynyp bolýar. Tijenmeli. Bolany.
Elbetde, ilki başda tä yzygiderli endige öwrülýänçä güýmenje tapynmak kyn düşýär. Öň edip öwrenişmedik pişäňi günde-günde etmeklik tutanýerlilik, erk talap edýär. Ine, şu birinji basgançakda köp adam başlap, taşlaýar. Köp adam, ikinji tapgyra – gündelik endige öwrülmegi – geçmegi başarman galýar. Siziň töweregiňizde şeýle adamlar bardyr: nämedir bir täze güýmenjä baş goşup, gysga wagt geçensoňan ony doly taşlaýan adamlar.
Size maslahatym, özüňize peýdaly, nepi degjek güýmenjeler tapynyň. Wagt örän tiz geçýär. Hem şu gün, hem-de geljekde ökünmez ýaly, mümkinçilik barka, ömrüňiz has peýdaly güýmenjeler bilen bezäň. Durmuşyň üznüksiz hysyrdylarynyň arasynda özüňiz üçin hem ýaşap ýetişiň. Soň, maňa sagbolsun aýdarsyňyz.
Başdaky soraga dolansak: siziň peýdaly güýmenjäňiz barmy?!...
"SERHOŞ EÝLEDI..."
Bu gezekki ýazgymy, zehinli özbek aýdymçysy Ulugbek Ýulçiýewiň “Mast ayladi” (“Serhoş eýledi”) atly aýdymynyň iki bendi bilen tamamlaýaryn. 2024-nji ýylda çykan bu aýdym, diňe bir Özbegistanda däl, eýsem tutuş Orta Aziýa sebitinde köp sanly diňleýjileriň halaýan meşhur, hit aýdymyna öwrüldi.
(Sözleri türkmen diline terjime eden: Beýannama)
Ýaňaklaryň gyp-gyzyl,
Dodaklaryň gyp-gyzyl,
Diwana boldum, waý dat!
Sen ynsap bilen sallan!
Serhoş eýledi, meni şaň etdi,
Meniň ýürejigmi,
Sen yşga saldyň...
Özbek dilindäki sözleri:
Yanoqlaring qip qizil
Dudoqlaring qip qizil
Jinni qilasan voydod
Sal insof qilib suzil
Mast ayladi sarmast ayladi
Mening yurakkinamga
Ishqni joylading...
"Mast ayladi" aýdymyny doly görnüşde ine şu aşakdaky çelgiden diňläp bilersiňiz:
https://www.youtube.com/watch?v=Xu3T6jM1uYw
Sag-salamat galyň.
* Bu makala ýazylanda, ine şu aşakdaky çeşmelerdäki maglumatlardan peýdalanyldy:
Mak, H.W. et al. (2023) ‘Hobby engagement and mental wellbeing among people aged 65 years and older in 16 countries’, Nature Medicine, 29, pp. 2233–2240.
Fancourt, D., Opher, S. and de Oliveira, C. (2020) ‘Fixed-effects analyses of time-varying associations between hobbies and depression in a longitudinal cohort study’, Psychotherapy and Psychosomatics, 89(2), pp. 111–113.
Conner, T.S., DeYoung, C.G. and Silvia, P.J. (2018) ‘Everyday creative activity as a path to flourishing’, The Journal of Positive Psychology, 13(2), pp. 181–189.
Fancourt, D. et al. (2021) ‘How leisure activities affect health’, The Lancet Psychiatry, 8(4), pp. 329–339.
Noetel, M. et al. (2024) ‘Effect of exercise for depression’, BMJ, 384, e075847.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň