Sowet döwründe oba ýerinde hemmeler diýen ýaly kolhozda işlärdi. Sebäbi kolhozda işlemeseň obadan mellek ýer bermezdiler. Kolhozda işleseň aýlyk zähmet haky ýokdy. Her günüňe 5 manatdan (rubldan) günlük zähmet hakyň ýazylýardy-da, ýylyň ahyrynda tutuş maşgalaň her bir agzasynyň girdejisi jemlenip bütewiligine paýlanýardy.

Her öýüň hökman tutaýmaly ýüpek gurçuk paýyndan alnan pileleriň bahasy, kolhozdan her maşgala hökmany bölünip berilýän sogan meýdan paýyndan alnan girdejiler, maşgalanyň ulularynyň öz brigadamyzda işläp gazanan günlük zähmet haklary, üzümçilik meýdanyndan alnan girdejiler, öýe agaç dökdürilip ýylboýy ýasalan ownukly-irili çelekleriň bahasy... garaz kolhozda bir gymyldan gymyldyň bolsa hemmesiniň haky jemlenip bir gezekde, ýylyň ahyrynda noýabr-dekabr aýlarynda berlerdi.

Onsoň millet arly ýyllap kolhozdan pul garasyny görmeýändigi sebäpli, maşgalalar çagalaryň her birine berilýän döwlet kömek pulunyň, mellekde ýetişdirilen gök ekini şäheriň bazarynda ýerläp alynýan puluň, hojalykda saklanýan towuklaryň ýumurtgasyny, sygyrlaryň süýdüni, gatyk-süzme, goýun-geçi, towşan etini satyp jemlenýän puluň hasabyna güzeran aýlardylar.

Erbedem däldi. Sebäbi maşgalalaryň gök-sök, miwe-siwesi, gawun-garpyzy, ýumurtgasy, süýdi-gatygy, eti özündendi. Gyşda çüýşä basylan duzly gök önümler, bal-mürepbeler, kompotlar, ýatagyňdaky uly malyň etinden gowurdak, jigirdek, ak ýag, çüýşä basylan duzly et ýaly önümler maşgalanyň günemasyna ýeterdi.

Dükandan alynmaly süýji-püýji, köke-söke, un-punam esasy gazançdan daşgary gazanylýan puldan satyn alnardy. Ol pullar diňe bir iýmite däl, goş-poş, eşik-peşige-de ýeterdi. Mysal üçin, ýadymda galany: geçen asyryň segseninji ýyllarynda her maşgalada azyndan ýedi-sekiz çaga bardy.

Käbir goňşularymyzda on, on bäş çaga-da bolardy. Onsoň birinji çaga bolanda 50, ikinjide 75, üçünjide 100 manat... mysal üçin on birinji çaga dünýä inende bolsa 250 manat möçberdä-hä bir gezeklik kömek puly (o mahallar: “pasobýa” diýilýärdi) berlerdi. Soňam çagaň sekiz ýaşyna ýetýänçä, olaryň her birine her aýda 12 manatmy 15 manatmy goldawşaýy berilýärdi.

 

***

 

Biz dokuz baş çaga bolup, ählimizem arasy 2-3 ýaş tapawutly basdaşdyk. Iň kiçi jigim ejemiň on ikinji çagasydy. Şol sebäpli geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ortasynda, ejemiň, körpe jigim bolanda, ilk-ä 275 manat alandygy, soňam her aý iki jigimdir meniň üçin, obamyzyň poçtolýonynyň kakamyň ýazylan gazet-žurnallary, oňa dostlarynyň dürli ülkelerden ýazan hatlary bilen bilelikde, 40-my 45 manatmy kömek puluny getirip gidýändigi ýadyma düşýär.

Deňeşdirmek üçin aýdylanda, kakam gurluşykçy inžener bolup, her aýda 120 manad-a aýlyk, 90 manadam maýyplyk üçin kömek puluny alardy. Sebäbi kakam on üç ýaşynda çölde çolukçylyk edýärkä, öýkenini öte sowukladyp, soňam şol keseli düzüwli bejerilmän, ömürlik dowamly (hroniçskiý) sökellik bolup galyp, uzagyndanam demgysma öwrülipdir. Şonuň üçinem onuň kyrk bäş ýaşyndan bäri II topar maýyplyk derejesi bardy. Pahyr şol keseli zerarlam 52 ýaşy dolup, ýaňy elli üçüne gidende ýogalypdy.

Ýöne kakam bende, urşy, açlygy başyndan geçirensoň, öz hojalygynam, inisiniň hojalygynam dikeltmek, başga obada ýaşaýan köp çagaly uýasynyň hojalygynam gözden salmazlyk üçin ýaşlykdan ýeke özi garaköseň bolup urnup geçensoň, özem kommunizme öte biçak ynanandygy sebäpli, öz aýlyk zähmet hakynam, döwlet hemaýat pulunam, biziň tutuş maşgala bolup gazanýan ýyllyk girdejimizem, gylyny gymyldatman, sberkassa (bank goýumyna) goýup gaýdardy. Diňe her ýyl kolhozdan ýyllyk girdeji (dohod) alnanda, kiçileriň-ä her birine gök üçlük manady, ortaklara gyzyl onlugy, ululara-da gök ýigrimbäşligi serpaý ýapardy. Arly ýyllap tutuş maşgala bolnup gazanylan girdejiniň galany bolsa başbitinligine gury sanlar görnüşinde sberknižka salnyp gaýdylardy.

Enemiň gyz jigisi Keýik daýzam pahyr, kakama beýdip, hemme gazanjyny sberkassa goýup oturman, jaýymyzy, hojalygymyzy düzetmegi, täze ulag edinmegi, öýe täze goş-golam alynmagy maslahat bererdi. Kakam pahyr: “Wah, düşüneňok-da, daýza jan! Şumat bir meniň içime girip-çykan bolaýsadyň, aňyňa ýeterdi welin, arman, arman, arman... Men bu mahal gazananymy sowup-sowrup ýörsem, bularam özbaşlaryny özleri çarap, hojalyk edinmek üçin meniň gören görgülerimi görmeli bolar-da. Şonuň üçinem, goý bular bir görenimizi görmesinler, gowy ýaşasynlar. Kösenmän, meniň toplan maýama, her haýsy il deňinde öýlensin, jaýly bolsun, ulag edinsin...” diýýän ahmyrly terzde zeýrenerdi. Keýik daýzama-da diýerdi: “Daýza jan, meniň ýeke özümiň gara başymda dokuz çagaň aladasy. Bularyň öýermelisini öýerip, durmuşa çykarmalysyny çykaryp, her birinem gününi görer ýaly okuwly-hünärli, öýli-işikli etmeli. Hemmesem indi ýetişmeli. Onsoň meniň-ä bar aladam ertirim. Nädip sowaýyn, munça gaýgy üstüme abanyp ýetip gelýärkä?!”.

Pahyr.

 

***

 

Hanha, şol kakam pahyryň, ejemiň, doganlarymyzyň... hemmämiz bolup, bäş ýaşymyzdan kolhoz işine äkidilip başlanyp, ejemize gijeden-gije sermenip gurçuk tutuşmaga, tut kesişip, ýaprak çineşmäge, uýalarymyza kolhozyň ýyladyşhanalarynda gök ekiniň şitilini ekişmäge, güýjümiz ýetmese-de gara güýzüň ýalazy meýdanlarynda, gabarasy göwrämize esse ýarymlyk, sogandan doly mähnet bedreleri ýerden süýräp daşamaga kömekleşe-kömekleşe, nijema ýyllap gazanylan pul, şol sberknižkalygyna-da köýdi gitdi. Men dünýä inmezimden kän öňem-ä kakam şol sberknižkasyna 1972-nji ýyldan bäri pul salyp gelýän ekeni. Diýmek, şol köýüp giden gury sanlar biziň tutuş maşgalamyzyň 21 ýyllyk daban azaby bolýar.

Soýuz ýykylanda-da kakamyň sberknižkasynda 60 müň manada golaý pul bar eken. Muny men kakam 1993-nji ýylda pahyr bolandan soň gördüm. Şol pulam  Soýuzyň bahalarynda arlap duran üç sany täpbe-täzeje “Wolga GAZ-24”-ň gara bazardaky bahasy. Ýadyma düşýär: bir köçe beýle ýanymyzdaky goňşymyzyň ogly şol ýyllarda kakasynyň beren 10 müň manadyna özüne kolhozdan berlen mellekde planowoý (dört otagly, birkysmy) jaý salnypdy.

Biziň maşgalamyza bolsa, şol 21 ýyllyk gara zähmetiň gazanjyndan bir gap otluçöp almaga-da pul nesip etmedi. Ilk-ä ýurt dargap, ol puluň hümmeti püçek boldy. 1993-nji ýylda sowet pulunyň 500 rubluny 1 täze manada çalşyldy. Şonda biziň ähli gazanjymyzyň bahasy 120 manada çöwrüldi. Şol ýyllaram hemme harydyň bahasy asmana uçup, bir gap otluçöpüň bahasy 1995-nji ýylda 250 manat boldy.

Heh.

Ine Durmuş Mizanynyň adalaty.

Tereziniň bir tarapynda-ha, bäş ýaşly çagalaryň, heniz doly bişibem ýetişmedik ýetginjek gyz-oglanlaryň, on dokuz ýaşdan kyrk ýaşa çenli haçan görseň göwreli, dokuz baş çagaň biş-düşüniň, syr-süpüriniň yzynda ser-sepil aýalyň, on üç ýaşly gögeleliginden bäri öýken keselli, kakasyz ýetim ösen maýybyň ýigrimi bir ýyllyk daban azaby. Gyşyň aýazy diýmän, tomsuň jöwzasy-epgegi, ýazy-güýzüň çapgyn ýeli, ýagyn-ýagmyry, çigregi diýmän, daňdan turlup, giç agşam öýe dolanylyp çekilen, bahasy mis köpüklerde ölçelýän gara zähmet.

 

***

 

Näme üçin mis köpük diýýän?

Sebäbi anyk bilýän. Owadandepedäki üzümçilik potradyndan ýygyp kolhoza tabşyrýan üzümimiziň 1 kg-synyň bahasy 2 köpükdi. Eger-de kolhozyň her gektar üzümden almaly meýilnamalaýyn möçberini dolup, artyk tabşyrsaň, onda üzümiň 1 kg-syny 12 köpükden alýardylar. Takyk ýadyma düşenok welin, şol ýyllaram üzümiň 1 gektaryndan tabşyrylmaly meýilnamalaýyn möçberem 8 tonnady öýdýän. Biz 6 sany bolup üzüm ýyganymyzda tüp yssyda irdenden agşama çenli her biri 400 kg-lyk, “buňkur (bunker)” diýilýän demir çeleklerden 10-11 sanysyny dolduryp, takmynan 4-4,5 tonna üzüm ýygýardyk. Onsoň meýilnamany dolmasaňam 1 tonna üzümiň bahasy 20 manat, dolsaň 120 manat bolýardy.

Ýöne bu zähmeti diňe ýygan üzümiň zähmetiniň bahasy bilen ölçemeli däl. Üzüm ýygmak pellehanasyna ýetýänçäň, üzüm ýylda iki gezek otalyp çykylýar, 1 gezek depilýär, 2 gezek çyrpylýar, gyşda bir gezek çybygy doly kesilýär. Suw tutmaly, dökün bermeli, özüne traktorçynyň ýanynda durup derman sepişmeli. Garaz, arly ýylda siňdiren zähmetiň hasabyny çyksaň hasyldan gazananyňam gündelik iş hakyňa bölseň, adatça kolhozda her işgäriň doly zähmet gününe ýazylýan 5 manadam çykmaýar.

Ýadyma düşüşine görä aýtsam, şol wagt 1 kg etiň bahasy, ýa bazarda, ýa dükanda, anyk huşumda däl: süňklisi 2 manat, jylkasy 3,5 manatdy öýdýän. 1 gap otluçöp 1 köpük, bir buhanka çörek 15-mi 16 köpükdi, ýöne obaň dükanynda bizden 20 köpük alyp her buhankadan 4 köpügimizi “iýerdiler”. Hiç kimem muňa sesini çykarmazdy.

Mekdebiň naharhanasynda 1 koržik kökesi 10 köpükdi. 1 çüýşe limonad 40 köpükdi. Ýöne çüýşesini yzyna tabşyrsaň, ýa 10 köpük gaýtargy berýärdiler, ýa-da 1 koržik köke. Başga bahalaram şoňa meňzeş deňeçerräkdi.

 

***

 

Bir guty “Yawa-100” çiliminiň bahasy 60 köpükdi. Onsoň bize-de mekdepde her gün sowunmaga 20 köpük berýärdiler. Bizem heniz 3-nji synpdakak, ýaňy 9 ýaşymyzda, oňa koržik ýa-da iki bolup goşup 1 çüýşe limonad alynman, 3 sany ýegre dostlar – köpüklerimizi jemläp, 1 guty “Yawa-100” alynýardyk. Onam okuwdan gaýdyşyn mekdebiň howlusynyň günbatar tarapyndaky täze mekdep binasynyň başy başlanyp taşlanan harabasynda tä düýbüni taňkyradýançak tütedýärdik.

Bu haraba Adam ata ýaradylanda şonuň bilen bir wagtda gurlup başlanandygyna garamazdan, men özümi bilipdirin bardy, bolupdy. Ahyrynam 2005-nji ýylda obamyza täze asfalt köçeler, lagym ulgamy çekilende, şol durşuna ýumrulyp aýrylypdy.

Onsoň şol harabada-da hemmeleriň gözüne güýdüşip gizlenerdik. Yzymyzdan ýagy kowalaýan ýaly howul-hara ahwalda, biri gutarmanka beýlekisini otlap, 20 dänelik bir guty çilimiň üç bolup derrew amanadyny tabşyrdardyk. Soňam üsti-başymyzdan, agzymyzdan aňkap duran çilimiň ysyny uçurmak gaýgydyr. Kellämizem tüssäni ibaly agzyňdan aňryk sorup bilmeseň-de, azda-kände öýkeniňe, ganyňa geçýän çilimiň ajysyndan, nikotiniň täsirinden ýaňa sämäp, gözüň öňünde dürli reňklije hyýaly çirkeýjikler erewde-berew gaýmalaşyp ýörendirler. Özem gidip barýansyň welin, aýagyňam basan ýeriňde goýulman, birhili birazajyk eýläk-beýläk süýşüp goýulýandyr. Elleriňem öz-özünden nähilidir birhili bolup kelemenläsi gelip durandyr. Muňa-da üçümizem biri-birimize seredişip jykyrdaşyp gülüşýändiris.

Onsoň çilimiň şol porsy ysy ýitýänçä öýe barmazlyk üçinem mekdebiň günorta-günbataryndaky gumaşak top meýdançasynda tozana bulaşyp, şol okuw eşigimiz bilen pökgi oýnaýardyk.

Myžžyk bolup derläp, derimiz egnimizde gurap, kirşene bulaşybam, sapaklarymyz günortan gutarýan bolsa, öýlän sagat 4-lere, 5-lere öýe köwlenersiň.

Ejeňem jigileriňe, öýüň biş-düşüne başagaý, şol wagt seni görende okuwdan gelmeli wagtyň gelmändigiň ýadyna düşer:

-Häli-şumada çenli nirä güm bolduň, ýer çekmän galan? Towuklaň, mallaň suwsuz gyryldy. Näme, jigileňňi taşlap, olara-da men seretmelimi indi?!-diýip kiçi dilden bärde jabjynar.

-Näm-aý maňa gygyrýaň-aý? Bar git-de, bedenterbiýeçiden sora-da: “Näme üçin bulary şumada çenli okuwda alyp galyp, top oýnatdyň?!” diýip. Men näm-aý?! Galasym gelip galýandyryn öýdýäňm-aý, şo taýda?! “Gal, Ataýyp!” diýse ala-böle bütin kylasdaşlaň arasyndan ýeke özüm: “Galjakga! Ejem öýde mallara suw bermeseň, gygyrýa!” diýeýinm-aý?!-diýip, senem dogabitdi nadaralygyňy edip, özüňde günä goýman, ylla bir gala alyp gelen mysaly, kakaň gahary gelendäkisine öýkünip ýüzjagazyňy bürüşdiren bolarsyň. Soňam eşigiňem doly çalyşman:

-Ilki bir, nahar bir berdä-how! Ajymdan öldüm! Ölesi ýok şo goýunlaň bilen towuklaňňam, ýene biraççyk ogluň nahar iýýänçä garaşanlarynda-da! Çagaňa nahar bermän, göni gygyryp başlaýaň-laý!-diýip, durşuň bilen bir tokga gara minnete öwrülip hüňürdärsiň.

 

***

 

...Ýöne, eýýäm gowy, ýokary hilli harytlar, daşary ýurtlaryň önümleri has gymmatdy. Mysal üçin, 1985-nji ýylda uly agama wengerleriňmi, ýugoslawlaryňmy jinsisini kakam, tanyş üsti bilen dükan müdiriniň (zawmagyň) ýanyna birki gezek gatnap 120 manada satyn alypdy.

Öýümiz üçin, 1984-nji ýylda, ondan öňem 7-8 ýyllap ulanylan, başga respublika işe ugradylyp, Aşgabatdan göçüp barýan serkerdäniň (ofiseriň) öýünde duran çeh garnituryny (şkaf, tekjeler, tumboçkalar) 700 manada satyn alypdyk. Onam gurnap bilmän goňşular, garyndaşlar, kakam bilen biz üýşüp, 4-5 günläp dagy iş edinipdik.

Ahyry bu pyglymyz puja çykandan soňam kakam öz tabynlygynda işleýän büzmeýinli bir rus awtoslesaryny öýümize getirip, şol garnitury şoňa gurdurypdy. Şol garnitur garry öýümizde – körpe jigimiň öýünde, tä 2025-nji ýyla çenli durdy. Soňam ol haraba dönen köne tamymyzy ýykyp, ýerine täze jaý salnanda, “söküp kümä atsaňam, giden ýer tutup ýatjak” diýlip, ony derdine ýaratjak kimdir birine başbitin berlip goýberildi.

Tanyş üsti bilen baryp, zawmaga ýa satyja gözhakyny berip satyn alanyňda ak-gara ekranly “Gorizont” telewizorynyň bahasy 120 manat.

Reňkli sowet telewizorynyňky 250 manat.

Tanşyň eýýäm ýöne-möne däl-de, ýa perişdeler ýa-da OBHSS-çi miliseler (Отдел по борьбе с хищениями социалистической собственности – Sosialistik emlägiň ogurlanmagyna garşy göreş bölümi) bolaýmasa, ýönekeý adamlara eger-eger satylmaýan daşary ýurtlaryň, hatda wenger, çeh, ýugoslaw reňkli telewizorlarynyň bahasy bolsa, gürleşip bilşiňe baglylykda 500 manatdan başlap 1000 manada çenli bahalanýardy.

Diýmek, şol döwürler kolhozçynyň bir günki zähmet hakyna näme düşjegini hasaplabermeli-dä.

 

***

 

Ine onsoň, ýokarda aýdan Durmuş adalatynyň terezisiniň bir tarapynda-ha şunça ýyllaryň dowamyndaky şu giden zähmet.

Beýleki tarapynda-da ýarty gap otluçöp...

Nädýär?

Noş bolýarmy?!

 

***

 

...Ikimüňünjilerden soňra bu zatlara aňym/bilimim ýetip, şol köne sberknižkany aldym-da, sowetleriň haýbatly Sberkassasynyň hukuk oruntutary diýlip yglan edilen döwlet täjirçilik bankyna baryp, arhiwlerini barlatdym. Anyklasam: bankda saklanmaly/goýulmaly goýumyň kesgitlenen iň pes möçberine ýetmeýändigi sebäpli, kakamyň şol goýumy öz-özünden ýatyrylypdyr.

Muňa-da şükür.

Onsoňam, bu ahwalat ýeke bir maşgalanyň başyna düşmedi. Uly iliň maňlaýyndan çykdy. Türkmen aga bolsa şunuň kibi halatlarda müňýyllyk durmuşy parasadyna daýanýar-da, aýdýar: “Il bilen gelen toýda baýram”...

© S.Ataýew. Ejem. Ýatlamalar we hekaýalar ýygyndysy. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.