1948-nji ýyl. Aşgabat.
Gijäniň bir mahaly ýer silkindi-de, birnäçe sekundyň içinde şäher toprak bilen deň boldy.
Şol gije hakda gürrüň kän. Olaryň birini men haçandyr bir ýerde okapdym. Belki ulularyň gürrüňinden eşidendirin, indi anygyny aýdyp biljek däl. Ýöne gürrüňiň özi welin, ýadymdan çykanok.
Bir eje ýumrulan jaýyň arasynda çagasyny görýär. Çaganyň üstünde agyr beton. Ony iki-üç pälwan bolup hem gozgap bolmaz.
Eje bolsa ýeke özi galdyrýar.
Çagasyny çekip çykarýar.
Soň, aýdyşlaryna görä, şol betony ýene bir gezek galdyryp görjek bolupdyrlar. Gymyldadybam bilmändirler.
Heh.
Ýöne türkmen ejesini tanaýan adam muňa beýle bir geň galmaz.
Çagasy gyzzyrma bolup ýatan gijesi daňa çenli kirpik kakman oturýan, çagasyna “tok” diýen goňşysy bilen ýedi ýyllap gepleşmeýän ejeleri haýsymyz görmedik?! Garaz, çagasy üçin ol ýeri-gögi bir eder.
Alymlar muňa öz dillerinde at hem goýupdyrlar: adam gaty gorkanda, gyssananda, bedeniň düýbünde ýatan gizlin güýç birden oýanýarmyş. Biziň halkymyz bolsa ony iki söz bilen düşündirýär: “Ene ýüregi”.
Zenanlardaky şol tebigy däl güýje Stiwen King hem öz ilkinji romanynda degip geçipdir. Ýöne onda güýç enäniň däl, gyzynyň içinden çykýar.
Özem çagany halas etmek üçin däl...
Ar almak üçin.
Ol gyzyň ady Kerri.
Ýakynda Prime Video-da (bizde Belet filmde) “Kerri” atly sekiz bölümli täze serial çykdy. Kingiň ilkinji romany. Serialy “Depedäki jaýyň arwahy”, “Aşerleriň öýüniň ýykylyşy” ýaly seriallary bilen tanalýan Maýk Flanagan düşüripdir. Maýk kiçijik romany sekiz bölümli uly hekaýa öwrüpdir.
Bu roman, aslynda, tas zir-zibil gabynda galmaly eken. 1970-nji ýyllarda King entek ýönekeýje mekdep mugallymy. Golýazmany halaman, zibile zyňýar. Ony gelni çykaryp, okap: “Dowam ediber” diýýär. 1974-nji ýylda çap edilen “Kerri” Kinge uly ýollara gapylary açýar.

Stiwen Kingiň "Kerri" kitabynyň daşy
Garaz, erkekler, gelniňiziň sözüni ýere goýmaň. Kim bilýär, siziň zibil gabyňyzda-da bir “Kerri” ýatandyr :-).
Romany öň hem birnäçe gezek ekrana geçiripdiler. Iň meşhury 1976-njy ýylda Brian de Palmanyň filmi. Kerrini Sissi Speýsek oýnapdy. 2013-nji ýylda düşürilen görnüşinde bolsa Hloýa Greýs Moretz oýnady.

Kerri 1976-njy ýyl
Bir gyzykly tarapy bar: Sissi mekdep gyzyny oýnanda eýýäm 26 ýaşynda eken. Hloýa bolsa ýaňy 15 ýaşynda.
Biziň obada 26 ýaşly gyz-a eýýäm iki çaga bilen, gaýynenesiniň gaşyna seredip ýören bolardy :-).
Flanagan Kingiň iň uly muşdaklarynyň biri. Öňem onuň «Jeraldyň oýny», «Doktor Uky», «Çakyň durmuşy» atly eserlerini ekrana geçiripdi.
Ýöne bu gezek ol tanyş hekaýany täzeden gürrüň berip oturmaýar. Onuň gözleýäni başga: şol betbagtçylygyň içinde bolan adamlara düşünmek. Kim günäkär? Kim pida? Kim ýöne tomaşaçy boldy?
Serial mekdepdäki ýangyndan aman galanlaryň gürrüňleri bilen başlanýar. Biri Kerrini “arwah” diýýär, beýlekisi “gahryman”. Hakykaty bolsa tomaşaçy özi, bölek-bölek pazllar ýaly ýygnamaly bolýar.
Ýer titremeden soň harabalyklary aýryşdyryp, astynda galan adamy gözleýän ýaly, tomaşaçy hem hakykaty gözleýär.
Wakalar gysgaça şeýle: Kerri ýyllar boýy ejesi bilen öýde gabalyp ýaşapdyr. Kakasy ýogalandan soň, ol ilkinji gezek mekdebe barýar. Mundan aňyrsyny aýdyp, görjeklere lezzetini gaçyrjak däl.
Serialyň esasy aýtjak bolýan zady näme?
Meniň pikirimçe, ýekeje sözlemiň içine sygýar: mekdepdäki masgaraçylyk, çagany erkin terbiýelemek we gysyp terbiýelemek.
Kingiň romany ýazylan döwürde masgaraçylyk mekdebiň diwarlarynyň içinde galýardy. Häzir bolsa ol birnäçe sekuntda müňlerçe telefona ýaýraýar. Serialda Kerriniň synpdaşlarynyň biri adyny gizläp, Instagramda CarrieRed diýen sahypa açýar we şol ýerde gybat ýaýradýar. Oňa her kim bir zat iberýär: surat, kimdir biriniň syry, şübhe, çaklama. Ol bolsa diňe haýsyny haçan çap etjegini saýlap oturýar.

Galanlaryň hemmesi bolsa bir wagtda hem tomaşaçy, hem pida, hem şärik.
Ýeri, size bu tanyş dälmi?
Biziň IMO, TikTok toparlarymyzda-da şeýle “habarçylar” az däl. Kimiň gyzy kim bilen görlüpdir, kimiň gelni nirä gidipdir... Türkmeniň “il agzy – ilgir” diýeni şu ekeni-dä. Diňe öň ilgir bir obany aýlanýan bolsa, indi tutuş dünýäni aýlanýar.
Flanaganyň ikinji aýdýan zady has agyr: ulularyň şowsuzlygy.
Serialdaky uly ýaşlylar ýetginjeklerden asla akylly däl. Jedelleşýärler, biri-biriniň başyny aýlaýarlar, öz bähbidine kowýarlar. Goldaw bolmaly adamlaryny bolsa unudýarlar. Bir ýerde Sýu Snell öz gürrüňini berip otyrka, diňleýänlere ýatladýar: “Olar ýöne çagady”.
Sebäbi mekdepdäki bu dawanyň aňyrsynda ulularyň günäsi aýdyň görünýär. Ata-eneler, mugallymlar çagalara arka bolmalydy, ýöne olar öz aladalary bilen bolup, muny başarmadylar. Edil Netflix-iň “Ýetginjeklik” («Adolescence») serialyndaky ýaly.
Indi aktýorlar.
Dogrusy, mahabat suratlaryny görenimde, Sammer H. Hauelli Kerri roluna asla göz öňüne getirip bilmedim. “Bu gyzjagaz kimi gorkuzjak bolýar?” diýipdim.
Ýalňyşypdyryn.
Bu rol üçin müňlerçe gyz synagdan geçipdir. Hauelli saýlamaklary welin, ýöne ýerden däl eken. Ilkinji bölümlerde onuň oýnaýan Kerrisi dünýä geň galyp, gözlerini giňden açyp seredýär. Her bir täze zat oňa täze, bagtly durmuşyň başlangyjy ýaly görünýär. Kapasadan ýaňy çykan guş ýaly, ol hemme zada höwesli, hemme kişä ynanýar.
Soň ol üýtgäp başlaýar.

Ýöne birden däl. Ýuwaş-ýuwaşdan. Saç düzümi, egin-eşigi, ýüzündäki zordan bildirýän hereketler... Görüp oturşyňa duýman galýarsyň. Bir bölümde garşyňda ýaňy mekdebe gelen çaga dur. Birnäçe bölümden soň bolsa, onuň gözüne seretmekden gorkýaň.
Hauell Kerriniň nähili çalt ulalmaly bolýandygyny görkezmeli.
Roluny başardy.
Samanta Sloýanyň oýnaýan Kerriniň ejesi Margaret bolsa serialyň iň çylşyrymly keşbi. Öňki filmlerde Kerriniň ejesi dine çümen, gorkunç bir aýaldy, ondan başga hiç bir häsiýeti görünmeýärdi. Sloýanyň oýnaýan Margareti hem gorkuzýar. Ýöne onuň gorkunçlygy başgaça.
Ol gyzyny daş dünýäniň ýamanlygyndan goramak isleýär. Ýöne goraýaryn diýip, gyzynyň her bir ädimini, her bir pikirini öz eline almak isleýär. Onuň gorag bilen gözegçiligiň arasyndaky çägi asla ýok. Ol özüni ýeke-täk dogry ýoly bilýän adam hasaplaýar, şonuň üçin hiç kimiň sözüne gulak asmaýar. Iň gorkunjy hem şu: ol bu zatlaryň hemmesini gyzyna bolan söýgüsi diýip pikir edýär.
“Men seniň gowulygyň üçin aýdýan” diýip, çagasynyň üstüne agyr beton bolup çökýän ejeler bizde-de ýok diýip bilmersiňiz.
Sloýan muny gygyryp, sesini gataltman oýnaýar. Hut şonuň üçinem gorkunç görünýär.

Öňki filmlerde Kris Hargensen diňe Kerrini kemsidýän “erbet gyzdy”. Bu gezek ony oýnaýan Elison Tornton ekranda has köp görünýär. Krisiň ýakyn dosty Sýu Snelli oýnaýan Siýena Agudong hem şeýle. Bu iki gyz indi diňe Kerriniň daşynda gezip ýören ikinji derejeli keşpler däl. Olaryň hem öz ýarasy, öz gorkusy bar.

Aýratyn hem Siýena Agudongy bellemek isleýärin: Sýunyň gürrüňleri serialda wyždanyň sesi ýaly eşidilýär.
Serialyň ahyryna golaý seredip otyrkaň, birhili şübhelenip başlaýarsyň. Flanagan Kingiň romanyndaky ýönekeý, ýüregiňe degýän tragediýadan sowulyp, ahyryny özüçe täzeden ýazýar.
Umytsyzlyga ýetirilen mekdep gyzynyň hekaýasy birden supergahrymanlar hakdaky fantastik filme öwrülip ugraýar.
Serialyň birinji ýarymynda inçelik bilen gurlan durmuş dramasy bolsa, garaşylmadyk öwrümleriň aşagynda galýar.
Görmegi dowam edýäň, ýöne öňki ýaly lezzet berenok.
Belki, Flanaganyň munuň üçin öz sebäbi bardyr. Ol serialy tutuş üç möwsüm dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Diýmek, döreden dünýäsini doly açyp görkezmäge entek wagty bar.
Serialy görüp bolanymdan soň, ýene şol 1948-nji ýyl ýadyma düşdi.
Ýumrulan jaýyň aşagynda galan çaga. Onuň üstündäki agyr betony ýeke özi galdyran eje.
Kerriniň ejesi bolsa munuň tersini etdi. Ýyllar boýy gyzynyň üstüne agyr ýük bolup çökdi.
Iki zenan. Iki güýç.
Biri çagasyny ölümden alyp çykdy. Beýlekisi ony diri gömdi.
Kerriniň içinde oýanan güýç hem şol agyrlygy – ejesiniň basyşyny, synpdaşlarynyň gülküsini, telefonlardaky gybaty – ýeke özi göterjek boldy.
Ýöne ýanynda ony goltugyndan tutup çykarjak hiç kim bolmady...
Görmekçi bolsaňyz, görmäne maslahat berýärin. 7,8/10 bal goýardym.

Teswirler (9)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...