" Gyşda üşän güli ýazda gülledip bilmersiň "
Sen bir bagban bolmalydyň,
Öz bagyňa saldyň talaň.
Perýada dolupdyr öýüň,
Ody öçüp küli galan.
Ýigrençden gala gurupsyň,
Mähir ondan asgyn geldi.
Kör gazaby dost bilip sen,
Has kyn çemli, apalamak
Allanyň naçar bendesin?
Indi bir öýde iki ýat,
Ruhlar garpyşsa neýlesin?!
Ýegsan eder, bedeniňden
Kän agyrsa söýgüň a:ry.
Niçiksi tapdyň karary,
Barmy wyždanyň dellaly?
Biçäre ýatanam bolsaň,
Günälerden saklanardyň.
Müjerret ötenem bolsaň,
Erkekligiň hak bolardy.
*******.
Uzuk Agamyradowna

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.