Gyjykla,

Gujakla,

Bagryňa bas meni!

Göreçleriňde gark bolaýyn,

Gurasyn diýip as meni.

Ýylgyr,

Yşk syçrasyn daşyna

"Söýgi sorujy" bolup çekeýin içe

Saja gaçan mesge ýaly eräýin

Hemem öpüjik bereýin

Goý, ýagtylsyn tüm köçe

Burnumyzy degirip,

Aýyrman bakyşlary

Ýuwaşjadan tans edeli

"Perfect"-i gaýtalap, ortasynda köçäniň

Näme bolsa şugün bolsun,

Bolmaz ahyr erteläp.

Däli diýenler däli diýsin,

Diňlemersem hijisin.

Bir ömür birje sapar,

Haýyş edip,

duruzaly sagady

Soň näçe tijäberse tijesin.

Şu pursatda ýaşaly.

Gel.

Gyjykla,

Gujakla,

Bagryňa bas meni.

Bolmasyn jinnek deý gorky.

Kim bilýär,

Belki, ilkinji bolar.

Belki-de soňky...

©Ylham GURBANALYÝEW

************************************************