Taryhçy alymlar adamzat siwilizasiýasy döräli bäri Ýeriň ýüzünde haýsy halkyň jellatçylyk sungatynyň iň ösen bolandygy hem-de iň aýylganç gynama, jebir-sütem bermek usulyny anyklamak boýunça ylmy derňew geçiripdirler.

Türkolog alym aýdypdyr:

-Iň ussat çaplugärler Gündogarda bolupdyr. Çarmyh, gypjakgapdy, dersgömmesi, peşehon, hamkelle ýaly edrenç ezýet bermek emelleri hut Gündogarda oýlanyp tapylypdyr.

-Ýok, siz öz nan iýýän ugruňyzy ýerde-gökde goýman hetdenaşa taryp etmek bilen bu geçirilýän ylmy seljermä iňňän tarapgöý çemeleşýärsiňiz,-diýip onuň aýdanyna wikingleriň taryhyny öwrenýän alym üzül-kesil garşy çykmaga alňasapdyr:-Hut irki orta asyr wikingleri umumadamzat jemgyýetçilik durmuşynyň biziň öwrenýän bu ugrumyzda deňsiz-taýsyz üstünlikleri gazanmagyň hötdesinden gelipdirler. Höküm edileni hut öz eli bilen garnyny ýaryp, içegelerini bagyň ýa-da sütüniň daşyna çolap aýlanmaga mejbur etmekden ybarat bolan “Seýil” jezasy ýa-da “Ganly bürgüt” jezasy bu jähetde amala aşyrylan, hiç haçan yzyndan ýetip bolmajak açyş dälmidir, eýsem-de bolsa?!

-Ýok, ýok, men siziň bilen hiç haçanam ylalaşyp biljek däl,-diýip gadymy hytaý medeniýeti boýunça nijema-nijema düýpli ylmy işleriň ýazary öz kärdeşleriniňkini başbitin inkär etmäge gyssanypdyr:-Bu öwrenilýän pudakda gadymy çynma-çynlylaryň öňüne adam geçse “tüf” ýüzüme! Geliň intellektual alymlarça boýun alalyň, aç-açanam aýdalyň! “Müňdilik”, “Dama-dama däli” ýaly jellatlyk tilsimleri, eýsem, bu çygyrdaky belent ussatlygyň miweleri dälmidir?

-Hiç haýsyňyzyňkam nädogry dälse däldir, elbetde, ýöne...-diýip bolşundanam bäşbeter köpbilmişsiremäge endikli eruditlerçe pikirini ahyrlaman köpmanyly süýkdüren ýene bir alym, sözüne Stanislawskiýniň pauzasynyňam iki esserägini beripdir-de, dowam edipdir:-Hemmäňiz beletsiňiz, men edebiýatyň ynsanyýetiň taryhyna ýetirýän täsirini öwrenmek bilen bagly ylmy derňewleri geçirýärin. Şu nukdaýnazardanam, bu ugurdaky ýeke-täk spesialistleriň biri hökmünde size anyk hem açyk aýdyp biljek! Hiç bir jelladyňam fantaziýasy, Jorj Orueliň öz müň dokguz ýüz segsende dördündäki Hakykat ministrliginde ulanylýan gynama usullaryna bäsdeş bolup bilmezler.

-Bilmediňiz,-diýip, häzirki zaman adamzat ösüş ýollarynyň taryhy ähmiýetini öwrenýän taryhşynas alym äwmän-alňasaman äýnejigini süpüren bolup oturyşyna, ham-hyýala ýesir bolup ýören kemterleriň arasyndaky tenha özi geljegi bilýän weliulla deý olara pynhan dabara bilen äňedipdir:-Dünýäde iň ýowuz sütem usuly, bir bendäni bir aýyň dowamynda uzakdan-uzak ofisde hiç ýere butnatman, hiç zada – ne smartfona, ne kompýuterdäki oýun-kino, kitaplara, ne jikgildeşilýän saýtlara, ne aýdym-saza – güýmenip wagt öldürmäge ýol bermän, günde sekiz sagat saklap, iň soňunda-da aýyň ahyrynda: “aýlyk zähmet haky” diýlip atlandyrylýan, ony uçursyz masgaralamakdan hem-de onuň üstünden çäksiz gülmekden ybarat bolan ujypsyzlygy onuň elektron kartyna geçiren bolmak ýaly elhenç gynamak bilen deňleşip bilmez...

Geň galaýmaly, bu alymyň aýdanlary bilen oturanlaryň hemmesi ylalaşypdyr.

 

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.