1. “Siz nomeri ýalňyşdyňyz” diýip tanyş ses jogap berdi.

2. Gadyrly ýolagçylar, uçarmanlar topary siziň uçuşyňyzyň ýakymly geçmegini arzuw edýär we siziň bilen hoşlaşýar!

3. Gadyrly ýolagçylar! Bu uçarbelet! Size uçuşymyzyň kadaly dowam edýändigini habar berýärin! Bagyşlaň, araňyzda öň uçar dolandyryp göreniňiz ýokmy-aý?!

4.  Täzeje paraşýut satýaryn. Heniz açylmadyk. Daşky gaby biraz tegmilli.

5. Gijäniň bir wagty meni ýeke özi çagalar otagynda ýatan oglumyň sesi oýardy. Baryp görsem, ol gymyldap bilmän otyr. Meni gören badyna ol assaja pyşyrdady: “Kaka! Meniň krowadymyň aşagynda bir-ä bar!”. Men ony köşeşdirmek üçin dyzyma çöküp krowadyň aşagyna seretdim welin, ol ýerde ýatan öz oglumyň gözlerini tegeläp titreýändigini gördüm. Ol ýuwaşja pyşyrdady: “Kaka, meniň krowadymda bir-ä ýatyr!”...

5. Gije penjire kakyldy. Men daşarda ýagýan ýagşyň damjalarydyr öýdüp 14-nji gatdaky öýümiň aýnasyndan daşaryk seredenimde özüme garşy kimdir nätanyş biriniň seredýändigini gördüm...

6. 312-nji gün. Internet henizem işlemeýär...

 

Terjimesi üýtgedilip alyndy.

Çeşmesi: https://www.adme.ru/tvorchestvo-pisateli/pronzitelnye-rasskazy-iz-6-slov-750210/ © AdMe.ru

 

Meniň pikirimçe, gysgajyk hekaýalaryň 6-njysy häzirki zaman dünýäsiniň adamlarynyň iň aýylganç garabasmalarynyň (koşmarlarynyň) birini beýan edýär. Internet işlemeýär. Bu TRAGEDIÝA! Liriki gahryman 312 gün bäri her gününi, her minudyny sanap onuň işlemegine garaşýar... 

 

Uçarbeletli setir bolsa 1-nji gysgajyk hekaýa ýaly dürli röwüşde kabul etmäge mümkinçilik bermeýär. Ol birje setirden ybarat hekaýajygyň žanry tragikomediýa. Uçarbelet psihologsyran bolup, ilki ýolagçylary köşeşdiren bolýar, soňam bada-bat öz süňňüni eýelän aljyraňňylyga böwsüp çykmaga ýol berýär: “Araňyzda uçary dolandyryp göreniňiz barmy?” diýip.

 

Meniň pikirimç-ä bu “siz ýalňyşdyňyz” diýýän telefonly birje setirde gaty kän duýgy bermegiň hötdesinden gelnipdir. Eger-de jaňyna jogap berilýän magşuk bolsa, onda ol setirjigiň birhili äheňi bar. Eger-de dost bolsa onda başga hili. Eger-de mätäç bolsa ýene-de birhili. Eger-de ene-ata ýa-da perzent ýa-da dogan bolsa onda ýene-de başgaça... Garaz awtory kim bolsa-da güýçli oýlap tapypdyr.

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Birinji kitap. – Aşgabat, 2022. Golýazma hukugynda.